towşanjyk
05.03.2023 10:54
Mahmal sähram sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.

Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.

Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.

Ona ýetsemem çaga,
Ondan ötsemem çaga.
Wagtym ýok ulalmaga,
Sen bir diýip jahanda.

Ellä ýetmän eje jan,
Gözüň ýumlan mahalda,
Özüm aldap kän gezdim,
Barsyň diýip jahanda.

Ýogsam boýun alypdym,
Hemme zady bilipdim.
... A men Dünýä gelipdim,
Sen bar diýip jahanda.
8
82
towşanjyk
5 Mart 2023
Myhman Myhman,hawa
Myhman Myhman
5 Mart 2023
Berdinazar şahyryñ goşgulary nirede bolsa-da gymmatyny ýitirenoklaý
towşanjyk
5 Mart 2023
Imissyou,minnetdar😊
towşanjyk
5 Mart 2023
nesip bolsa bir gosgy goymakcy gaty gowy gosgy halarsynyz dp umyt edyan
towşanjyk
5 Mart 2023
haladynyzmy bu gosgy Berdinazar Hudaynazaowyn gosgysy
tkm _aýdymçy _ýigit98
5 Mart 2023
Gowy goşgy malades 👍👍👍👍👍 towşanjyk ,
Alladyn
5 Mart 2023
👏👏👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.