tmyigit76
01.10.2023 07:16

Diňe maňa gerekmi?


(kamaz sürýänçiniň söýgülisine düzen aýdymyndan) (degişme ähiňinde)


Seniň ugruňda gezdim,

Tanyş baryny gördüm,

Görsem diýip seni,

Ýoluňda Kamazda durdym


Dur diýdim durmadyň,

Sür diýdim sürmediň.

Bir kamaz gum berdim,

Gummy almadyň.


Gelsene jana seredäý maňa,

Kamazym satyp toý etjek saňa.

Söýginiň odundan ýana-ýana,

Aý sürsanaý, diňe maňa gerekmi şunýaly aýdymalaý...

37
219
tmyigit76
30.09.2023 00:17

Meşhur Peleniň hakyky ady



◉ 29 ýaşyndaka 1000-nji pökgüsini derwezä girizen dünýäniň iň meşhur türgenlerinin biri bolan braziliýaIy rowaýaty futbolçy Peläni köpler tanaýar. Yöne bu futbol ussadynyň Pele adynyň onun çyn ady däldigini bilyänler welin, köp bolmasa gerek. Hakyky ady "Edson Arantis du Nasimentu" bolan Pelä 11 ýaşynda futbola ýañy başlan wagtlary deň-duşlary tarapyndan dakylan bu at soňlugy bilen bütin dünýä tarapyndan

ulanylypdyr. Ýeri gelende bellesek, Pelänin özi bu lakamyndan hoşal däl eken. Bu barada nemes gazetleriniň birine beren söhbetdeşliginde Edson Arantis du Nasimentu portugal dilinde hiç hili many anlatmaýan, hälki bir heniz gürläp bilmeýän bäbejikleriň çykarýan seslerine çalym edyän bu lakamy dakandyklary sebäpli ilkibaşlarda deň-duşlary bilen gaharlanyşan ýerleriniň hem bolandygyny aýdypdyr. Bu at soňlugy bilen bütin dünýä tarapyndan

ulanylypdyr. Ýeri gelende bellesek, Pelänin özi bu lakamyndan hoşal däl eken. Bu barada nemes gazetleriniň birine beren söhbetdeşliginde Edson Arantis du Nasimentu portugal dilinde hiç hili many anlatmaýan, hälki bir heniz gürläp bilmeýän bäbejikleriň çykarýan seslerine çalym edyän bu lakamy dakandyklary sebäpli ilkibaşlarda deň-duşlary bilen gaharlanyşan ýerleriniň hem bolandygyny aýdypdyr.

36
122
tmyigit76
29.09.2023 08:30

ALBERT EÝNŞTEÝN barada gyzykly maglumatlar.


XX asyryn beýik fizigi. Ol giňişlik we wagt barada täze taglymaty ýörite görälik nazaryýetini döretdi. Ilkinji bolup foton we kwantlar diýip at alan düşünjäni hem-de fotoelektrik hadysasyny ylma girizdi. Ol Germaniýanyn Ulme şäherinde 1879-njy ýylda gullukçynyn maşgalasynda dünyä inýär. 14 ýaşynda onuň maşgalasy Şweýsariýa göçüp

gidýär. 1900-nji ýylda politehnikumy tamamlap, şol ýerde mugallym bolup on ýyl işleyär we köp ylmy işleri ýerine ýetiryär. Soňra Pragada uniwersitetde kafedra müdiri bolup işleyär. Ýene-de ony Germaniýa işe çagyrýarlar. Ol Berlin uniwersitetinde mugallym, soñra direktor bolup zähmet çekyär. 1921-nji ýylda fotoelektrik hadysasyny açany üçin oña Nobel baýragy berilyär. Geljekki alymyň çagalyk döwrüne dolanyp gelsek, Albert öz deň-duşlaryna garanyňda, has giç gepläpdir. Mekdepde okaýan döwürleri sapaklaryna pes ýetişipdir. Ylgamakda, towusmakda, käbir oýunlary oýnamakda beýlekileriň yzlaryna eýerip bilmänsoň, oglanjyklar oña «lellim» diyip at dakypdyrlar.


✓Mýunhenin gimnaziyasynda okaýarka, mugallymy ony ýerinden turzup: «Eýnşteýn, senden hiç wagt idili zat çykmaz» diyipdir. Sýurihdäki federal ýokary politehniki uçilişşede fizikadan okadýan professor hem: «Sende erkde, jepakeşlik-de bar, arman zehin ýok» diýip, oňa bolan garaýşyny aýan edipdir. Beýik alym özüni hiç wagt hem beýlekilerden ýokarda goýmandyr. Ol 26 ýaşyndaka bäş hepdäniň içinde görälik nazaryýeti (otnositellik teoriýasy) baradaky ilkinji ylmy işinin parçalaryny ýazypdyr. Aradan birnäçe ýyl geçenden soň azat Ispaniýanyn dostluk komitetiniň gaznasy üçin serişde toplaýarkalar Eynşteýnden şol golýazmanyň puluny söweşijilere sowgat bermegi haýyş edýärler. Ol düşen puly ispaniýalylara bermek kararyna gelýär we 1944-nji yylda Waşingtondaky kongresiň kitaphanasy 30 sahypalyk şol golýazmany 6 million dollara satyn alypdyr.


✓Günlerde bir gün Eýnşteýnin 9 ýaşly ogly ondan:

-Kaka, sen nädip şeýle meşhur bolup bildiň?- diýip sorapdyr.

Eýnşteýn oňa:

-Görýäňmi, haçan-da köp tomzak şaryň

üst yüzünden süýşende (süyrenende) ol özünin geçen ýolunyň gyşarýandygyny bilmeyär. Maňa bolsa geçilen ýoluň şeýledigini görmek bagty miýesser etdi - diýip jogap beripdir.

Meşhur alymyň bu sözlerinde islendik bilimiň döremek özboluşlylygy şöhlelenýär. Ol täze bilim çeşmesiniň tejribe bolýandygyndan ybaratdyr.


✓Özüniñ ýiti dili bilen dünýäde tanalýan Bernard Şou atly alym bilen tanyşan mahaly:

Siz sekiz, bary-ýogy sekiz adam! - diýýär

Eýnşteýn aýdylan sözleriň manysyna düşünmändigini oňa aýan edýär. Bernard Şou barmaklaryny büküp, beýik alymlaryň atlaryny sanap başlaýar.

Pifagor, Ptolemeý, Aristotel, Kopernik,

Galileý, Kepler, Nýuton we Eýnşteýn.


✓Eýnşteýnin kärdeşlerinin biri professoryň öz öýünde işleýşini şeýle suratlandyrýar:

«Ol sag eli bilen hat yazyp oturyşyna çep eli bilen körpe ogly Eduardy saklaýardy. Hol, anyrrakda oýnap oturan uly ogly Albertiň beryän soraglaryny-da jogapsyz galdyranokdy».

Alym ömürboýy pul diýlen zada parhsyz garapdyr. Rokfelleriň gaznasyndan 15 mün dollara çek berenlerinde, ony kitaplaryň birinin içine salypdyr we ulanmagy ýadyndan çykarypdyr. Teatra barmagy halamandyr. Köp okapdyr.

Şekspire, Geýnä, Şillere, Tolstoya sarpa goýupdyr. Dostoýewskiniň eserlerini gaýtalap-gaýtalap okap, ondan lezzet alýan ekeni. Meýdana çykyp,

guşlaryň owazyny dinlemegi halapdyr.

Ondan: «Siziň kartotekaňyz barmy?» diýip soranlarynda maňlaýyny, «Siziň laboratoriýańyz barmy?» diýip soranlarynda bolsa, awtoruçkasyny görkezipdir. O1 1955-nji ýylda 76 ýaşynyň içinde aradan çykýar.


✓Alym hemişe ölümden gorkmaýandygyny nygtap: «Kagyzlarymy tertibe salar yaly, maña ölmezden ozal azajyk wagt berilse bolýar» diýip dileg edipdir. Albert Eýnşteýn ýagty jahan bilen hoşlaşmaly pursat gelende, ýanynda oturanlara ýüzlenip ýuwaşjadan: "Men öz etmeli işlerimi bitirdim» diýip pyşyrdapdyr.



❝Adamy nähili jogap berşinden däl, nähili sorag berşindenem tanap bolar.❞

A. Eýnşteýn

44
188
tmyigit76
28.09.2023 10:08

Uky adamzat durmuşynda örän möhüm orny eýeleýar.Yöne muňa garamazdan, biziň uky hakynda bilýän zatlarymyz az bolup çykýar. Eger-de, anyk maglumatlara salgylansak:

✓Adam durmuşynyň 3-den 2 bölegini uklap geçirýän eken.

✓Geçirilen barlaglaryňi netijesinde alymlar tehnologiýa bagly bolan adamlaryň 71 göteriminiň telefonlaryny ýanyndan aýyrman uklayandyklaryny subut etdiler.

✓Iş wagtynda gysgajyk arakesmelerde uklamak adamyň yatkeşligini gowulandyrýar. Alymlar bu ukynyň 20-30 minutdan köp bolmaly däldigini hem nygtayarlar.

✓Iň soñky barlaglaryň netijesinde 55 ýaşdan geçen adamlaryň uka gidenlerinde diňe reňksiz düýş görýändikleri anyklanyldy. Munuň sebabi şol ýaşdan geçen adamlaryň çaga

wagtlary diňe reňiksiz telewizorlara tomaşa edendikleri bilen düşündirilyä.

✓Uklanylan wagty sag tarapa bakyp ýatmak adam saglygyna uly täsirini yetirýär. Çep tarapyňa bakyp ýatmak, yürek damarlarynyň gysylmagyna getirýär.

✓Adamlaryň ortaça 40 göterimi rahat uklamakda kynçylyk çekýär we günüň dowamynda 7 sagatdan hem az uklaýar.

✓Ene-atalarynyň ýanynda uklap ýetişen çagalar köpçülige çalt öwrenişip bilýän adamlar bolup ýetişýärler.

✓Gije rahat uklamak ýürek - damar keseline duçar bolmagyň ep-esli derejede öňüni alýar. Haýsydyr bir meseleden dogry netije çykaryp bilmek, ýatkeşlik, adamlar bilen gatnaşmak..bu-

laryň ählisi gereginden az uklanylanda erbet netije berip bilýär.

32
91
tmyigit76
27.09.2023 14:55

Manylyja suratlar

33
89
tmyigit76
24.09.2023 13:55

Bir medresäniň müderisi talyplaryna ders berip, öyüne gaýdanda, ýolboýy aglap gaýdyan ekeni. Bir gezek ondan bu

ýagdaýyň sebäbiņi sorapdyrlar.


Şonda ol:

-Talyplarymy gynanym üçin ýolda gynanyp aglap gelýän. Öwrenýän zatlaryna akyl yetirmekleri üçin gynamaly boldum. Şu günem bir talypdan: «Ylym

Öwrenmek kynmy ýa-da arkan bilen dagdan daş daşamak kyn?»diýip sorasam, «Dagdan arkaň bilen daş daşamak kyn» diýip jogap berdi. Onsoń ylym öwrenmegiň ondanam kyndygyny bilmegi üçin dagdan arkaladyp daş daşatdym. Şeyle-dä, talyplaryň kämil ylym adamlary bolmaklary üçin olary her

synaglara salmaly bolýan diýipdir.


-Gynaman öwredeniňde bolanokmy?


-Yeñil öwrenilen ylym ýatdan tiz çykýar-da. Onsoń olara berýän azarym sebäpli ýüregime düşýän agramy özüm ýekelikde aglap gowzadýan.

36
81
tmyigit76
16.09.2023 09:44

Saç name üçin düşýär (degişme)


Türkmen alymlary adamyň saçynyň näme üçin düşýändigini anykladylar. Olaryň aýtmagyna görä adamyň saçy düşüp soňam ösmeýän eken.

33
219
tmyigit76
30.08.2023 17:26
Ýeriň şekili (degişme)

Bir güni geografiýa mugallym (M) egzamin alyp otyrmyş. Egzaminada goňşusynyň ogly girýä. Mugallymam goňşusynyň ogluna kömek etmekçi bolupdyrda:" seret, Amanow (A), saňa ýekeje sorag berjek. Jogabyny bilseň göni egzaminiň 5-lik" diýipdir. Amanow hem razylaşypdyr. M:" Sorag şeýle Amanow, ýeriň şekili nähili". A:" hmmm dört burç" Mugallymyň gahary gelipdir.Ýöne bildirmandir. M:" Gowja oýlanyş Amanow, Aýlanma şekildäki, top oýnaýaňyza gözegňe getir, aýlanma şekildäki ýer şarynyň şekili nähili" A:" hmmm üç burç" Mugallymyň halys gahary gelip :" çyk klasdan, ikilikçi samsyk, şojagaş soragam bilmediň, çyk ýok bol"- diýip, klasdan kowupdur. Amanow hem:" Bolýa mugallym, birje ýer şary üçin şunçamy, goňşy arada gowy dälä, ýer togalakdyr, entek görşeris" diýýämiş. (gahary gelse kelle işleýädä ☺️)
56
272
tmyigit76
29.08.2023 09:02

Pişigiň çagasyna näme diýilýär?


iki hili atlandyrylýar

( bu degişme däl)

29
232
tmyigit76
26.08.2023 00:07
Ussa we gelin

Bir wagtlar ussaçylykdan kemal tapan bir adam bolupdyr. Ol öz şägirtleri bilen owadan-owadan jaýlary gurupdyrlar. Onuň at owazasy uzaklara ýetipdir. Bir güni ussa uzak bir ýerden iş teklibi gelipdir. Ussa bu teklibi kabul edip, ýanyna 2 sany şägirtlerini hem alyp ýola düşüpdir. Ahy olar barmaly ýere barande, iş teklip eden hojaýyn olaryň öňünden çykypdyr. Hojaýyn olar bilen saglyk amanlyk soraşandan soň, gurlup gutarylmadyk öýi görkezip -\" ine ussa aga şu öýi gurmaly, aňyrdaky iki gatly jaýda bolsa ýaşarsyňyz. Birinde dynç alarsyňyz, beýlekisinde bolsa naharlanarsyňyz. Meniň gelnim her gün şu ýerde size nahar bişirer.Men köplenç bu ýerde bolamok. Iş bilen şäherde bolýan. Men sizden habar tutup duraryn\" diýipdir. Ussa hem razylaşyp gurluşyga başlapdyrlar. Ol güni gelin gelmändir. Ertesi güni şol ýere gelin gelipdir. Nahar-şoruň ugruna çykyp, ussalara wagtynda nahary bişiripdir. Şeýdip işläp ýören günleriniň birinde ussa suwsapdyrda suw içmek üçin şol jaýa barypdyr. jaýda gelin nahar edip oturan eken. Ussa geline suw içmäge gelendigini ýaňzydypdyr. Gelin bolsa ussa \" Sowan çaý bar ussa aga, suw içmäň \" diýip oňa çaý uzadypdyr. Ussa çaýy içip gitmekçi bolanda gelin oňa biraz dynç almagy teklip edipdir. Ussa bolsa\" biz dynç alsak işi kim eder\" diýip ugramakçy bolanda, gelin şarpa onuň elinden tutupdyrda : \"nirä gyssanýaň janym, biraz göwnümizi açsak bolmazy\" diýipdir. Ussa muňa haýran bolupdyr. Elini silkip gitmekçi bolupdyr, emma ony bir zat saklapdyr. (ol zat bolsa erkeklik nebsidi). Şeýlelikde boljak iş bolupdyr. Ussa nebsini gandyrandan soň eşiklerini geýipdirde ýene işleri bilen boluberipdir. Şeýlelikde ussa we şägirtleri işi dynypdyr. Hojaýyn bolsa hasaplaşmak üçin şäherden gelipdir. Hojaýyn ussany agşam ara öz öýüne nahara çagyrypdyr. iki şägirdi bolsa araky iki gatly jaýda naharlanypdyr. Hojaýyn ussa bilen naharlanyp bolandan soňra ussa ýüzlenip :\"Tüweleme ussa aga, jaýyň kemini goýmansyňyz, indi onuň hakyny aýdaýyň diýipdir. Şol wagty gelin ara goşulupdyrda :\"Ezizim, hajaty ýok. men ussa bilen hasaplaşdym. Ony razy etdim\" diýipdir. Hojaýyn bolsa şeýlimi diýen terzde ussaň ýüzüne garapdyr. Ussa bolsa äm-säm bolup näme diýjegini bilmän :\" ä ä owwa owwa, hasaplaşdyk\" diýip oňaýypdyr. (ol gelin bilen arasynda bolan zadyň üstüniň açylmagyndan heder edýärdi ahbetin) Soňra bolsa ussa öz bolýan ýerlerne dolanypdyr. Şägirtleri inda haklaryny soranda bolsa:\" oglanlar, hojaýyn bu gün pul getirmändir, ertir hökman berer \"diýipdir. Ertesi ussa öýne baryp şägirtleriniň hakyny öýünden alyp gaýdypdyrda, şägirtlerine beripdir. Soňra olar öýli öýüne gaýdypdyrlar. Elbetde gelin bilen ussaň arasyndaky syry hiç kim bilmändir. Emma arada ýene bir syr ýatyrdy. Ol gelin hojaýynyň gelni däldi. Ol bir köçede ýatyp-turup ýören zynakär, fahşa bir aýaldy. hojaýyn hem şäherde işlänokdy. olar dilleşip ussany çeňňegine düşüripdiler....
37
258