Uky adamzat durmuşynda örän möhüm orny eýeleýar.Yöne muňa garamazdan, biziň uky hakynda bilýän zatlarymyz az bolup çykýar. Eger-de, anyk maglumatlara salgylansak:
✓Adam durmuşynyň 3-den 2 bölegini uklap geçirýän eken.
✓Geçirilen barlaglaryňi netijesinde alymlar tehnologiýa bagly bolan adamlaryň 71 göteriminiň telefonlaryny ýanyndan aýyrman uklayandyklaryny subut etdiler.
✓Iş wagtynda gysgajyk arakesmelerde uklamak adamyň yatkeşligini gowulandyrýar. Alymlar bu ukynyň 20-30 minutdan köp bolmaly däldigini hem nygtayarlar.
✓Iň soñky barlaglaryň netijesinde 55 ýaşdan geçen adamlaryň uka gidenlerinde diňe reňksiz düýş görýändikleri anyklanyldy. Munuň sebabi şol ýaşdan geçen adamlaryň çaga
wagtlary diňe reňiksiz telewizorlara tomaşa edendikleri bilen düşündirilyä.
✓Uklanylan wagty sag tarapa bakyp ýatmak adam saglygyna uly täsirini yetirýär. Çep tarapyňa bakyp ýatmak, yürek damarlarynyň gysylmagyna getirýär.
✓Adamlaryň ortaça 40 göterimi rahat uklamakda kynçylyk çekýär we günüň dowamynda 7 sagatdan hem az uklaýar.
✓Ene-atalarynyň ýanynda uklap ýetişen çagalar köpçülige çalt öwrenişip bilýän adamlar bolup ýetişýärler.
✓Gije rahat uklamak ýürek - damar keseline duçar bolmagyň ep-esli derejede öňüni alýar. Haýsydyr bir meseleden dogry netije çykaryp bilmek, ýatkeşlik, adamlar bilen gatnaşmak..bu-
laryň ählisi gereginden az uklanylanda erbet netije berip bilýär.