Ussa we gelin
Bir wagtlar ussaçylykdan kemal tapan bir adam bolupdyr. Ol öz şägirtleri bilen owadan-owadan jaýlary gurupdyrlar. Onuň at owazasy uzaklara ýetipdir. Bir güni ussa uzak bir ýerden iş teklibi gelipdir. Ussa bu teklibi kabul edip, ýanyna 2 sany şägirtlerini hem alyp ýola düşüpdir. Ahy olar barmaly ýere barande, iş teklip eden hojaýyn olaryň öňünden çykypdyr. Hojaýyn olar bilen saglyk amanlyk soraşandan soň, gurlup gutarylmadyk öýi görkezip -\" ine ussa aga şu öýi gurmaly, aňyrdaky iki gatly jaýda bolsa ýaşarsyňyz. Birinde dynç alarsyňyz, beýlekisinde bolsa naharlanarsyňyz. Meniň gelnim her gün şu ýerde size nahar bişirer.Men köplenç bu ýerde bolamok. Iş bilen şäherde bolýan. Men sizden habar tutup duraryn\" diýipdir. Ussa hem razylaşyp gurluşyga başlapdyrlar. Ol güni gelin gelmändir. Ertesi güni şol ýere gelin gelipdir. Nahar-şoruň ugruna çykyp, ussalara wagtynda nahary bişiripdir. Şeýdip işläp ýören günleriniň birinde ussa suwsapdyrda suw içmek üçin şol jaýa barypdyr. jaýda gelin nahar edip oturan eken. Ussa geline suw içmäge gelendigini ýaňzydypdyr. Gelin bolsa ussa \" Sowan çaý bar ussa aga, suw içmäň \" diýip oňa çaý uzadypdyr. Ussa çaýy içip gitmekçi bolanda gelin oňa biraz dynç almagy teklip edipdir. Ussa bolsa\" biz dynç alsak işi kim eder\" diýip ugramakçy bolanda, gelin şarpa onuň elinden tutupdyrda : \"nirä gyssanýaň janym, biraz göwnümizi açsak bolmazy\" diýipdir. Ussa muňa haýran bolupdyr. Elini silkip gitmekçi bolupdyr, emma ony bir zat saklapdyr. (ol zat bolsa erkeklik nebsidi). Şeýlelikde boljak iş bolupdyr. Ussa nebsini gandyrandan soň eşiklerini geýipdirde ýene işleri bilen boluberipdir. Şeýlelikde ussa we şägirtleri işi dynypdyr. Hojaýyn bolsa hasaplaşmak üçin şäherden gelipdir. Hojaýyn ussany agşam ara öz öýüne nahara çagyrypdyr. iki şägirdi bolsa araky iki gatly jaýda naharlanypdyr. Hojaýyn ussa bilen naharlanyp bolandan soňra ussa ýüzlenip :\"Tüweleme ussa aga, jaýyň kemini goýmansyňyz, indi onuň hakyny aýdaýyň diýipdir. Şol wagty gelin ara goşulupdyrda :\"Ezizim, hajaty ýok. men ussa bilen hasaplaşdym. Ony razy etdim\" diýipdir. Hojaýyn bolsa şeýlimi diýen terzde ussaň ýüzüne garapdyr. Ussa bolsa äm-säm bolup näme diýjegini bilmän :\" ä ä owwa owwa, hasaplaşdyk\" diýip oňaýypdyr. (ol gelin bilen arasynda bolan zadyň üstüniň açylmagyndan heder edýärdi ahbetin) Soňra bolsa ussa öz bolýan ýerlerne dolanypdyr. Şägirtleri inda haklaryny soranda bolsa:\" oglanlar, hojaýyn bu gün pul getirmändir, ertir hökman berer \"diýipdir. Ertesi ussa öýne baryp şägirtleriniň hakyny öýünden alyp gaýdypdyrda, şägirtlerine beripdir. Soňra olar öýli öýüne gaýdypdyrlar. Elbetde gelin bilen ussaň arasyndaky syry hiç kim bilmändir. Emma arada ýene bir syr ýatyrdy. Ol gelin hojaýynyň gelni däldi. Ol bir köçede ýatyp-turup ýören zynakär, fahşa bir aýaldy. hojaýyn hem şäherde işlänokdy. olar dilleşip ussany çeňňegine düşüripdiler....