tm_girl
11.05.2024 15:02
DÜNÝÄ DÖWLETLERINIÑ NAHARLARY BARADA GYSGAJYK MAGLUMAT.
Her bir döwletiň özüne mahsus milli naharlary bolýar. Türkmen naharlary diýenimizde ilki bilen dograma, palaw, unaş…göz öňümize gelýän bolsa, dünýä ýurtlarynyň hem özlerine mahsus naharlary bar.
🍝Italýan naharlary: Italýan naharlarynda iň köp bilinýän naharlary makaron naharlarydyr. Makaronlar görnüşlerine görä dürli-dürlüdir:penne, maccherony, spaghetti, linguine, fusilli, lazanya…
🍕Italýan naharlary diýenimizde ilki bilen dünýäniň her bir ýerine ýaýran pizzalary göz öňümizde janlanar. Dünýäniň her bir ýerinde pizza tagamlylygy bilen her bir adamy haýran galdyrýar.
🥩Fransuz naharlary:Italýan naharlary ýaly dünýäniň her bir ýerine ýaýran meşhur döwletleriň biridir. Taýýarlanmasy wagt alsa-da et önümlerinden taýýarlanan iýmitler, süýjülikler, çorbalary bilen üns çekýär.
🍱Ýapon naharlary: Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýapon naharlary diýenimizde “Tofu”, “noodle” “suşi” naharlary göz öňüne gelýär. Ýapon naharlarynyň esasy ulanylýan önümi tüwüdir.
🫑Hindi naharlary: Din we köpçülik tarapynda ýurduň içinde hem uly tapawutlyk görkezýän Hindistan döwleti naharlarynyň dürli görnüşleri bilen mälimdir. Wagtyň geçmegi bilen iňlis, fransuz medeniýetinden täsirlenen hindi naharlarynyň pomidor, ýeralma, bulgar bilen taýýarlanan görnüşleri-de ulanylyp, nahar görnüşleri artypdyr.
🦞Hytaý naharlary: Iýmek, pişirmek, dürli görnüşli haýwanlaryň etinden peýdalanýan aýratynlyklary bilen tapawutlanýan hytaý naharlary ulanylýan iýmit görnüşleri bilen dünýäniň iň baý döwletidir.
23
93
tm_girl
10.05.2024 00:20
YSMANAK BARADA MAGLUMATLAR.
✅️Bu ýaprak görnüşli ter gök oty 10 sany iň peýdaly azyk önümleriniň hataryna girýär.
✅️Italiýalylar toksinleri we agyr metallaryň duzlaryny endamdan daşary çykarmaga ukyplydygy üçin ysmanagy “sübse” diýip, atlandyrýarlar hem-de ony 2-nji naharlarynyň ählisine diýen ýaly goşýarlar. Ýewropa ýurtlarynda restoranlaryň menýusynda “florentçe” diýen ýazgy bilen bellenen tagamlara hiç kim parhsyz seretmeýär. Çünki bu lezzetli tagama ysmanak garylýar. Biziň ýurdumyzda we beýleki Orta Aziýa döwletlerinde ysmanak iň köp iýilýän ter gök otlaryň biri bolup durýar.
✅️Fransuz zenanlary ysmanagy ter görnüşinde iýmegi halaýarlar hem-de onuň sykylyp alnan şiresini ýüzüne çalýarlar. Hakykatdanam, bu ösümlik derini arassalaýar, terlendirýär, çyglandyrýar, ýüzdäki ýygyrtlary aýyrýar, deriniň gasyn artmagynyň öňüni alýar.
✅️Adamyň saglygyny goramakda ysmanagyň örän uly hyzmaty bardyr. Mysal üçin, ol howply çişleriň ösüşini bökdeýär. Çikagodaky medisina merkeziniň alymlary her gün ysmanak iýýän adamlaryň juda ýatkeşdigini, çalt pikir ýöretmäge, tiz netijä gelmäge ukyplydygyny, akyl zähmeti bilen uzak wagtlap işjeň meşgullanyp bilýändigini anykladylar. Bu ajaýyp ot syryň gapdaly bilen iýlende, nerw ulgamynyň aktiwliligi ýokarlanýar. Syr onuň nerw öýjüklerini goramak başarnygy iki esse ýokarlandyrýar.
✅️Köp ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň ysmanagy “bagt, saglyk, akyl önümi” diýip atlandyrmagy hem tötänden däl. Onuň düzüminde köp mukdarda peýdaly nutriýentler saklanylýar.
21
60
tm_girl
15.04.2024 17:42
DOÑDURMA NÄDIP DÖREDI?
🍦Doňdurmany kim oýlap tapandygy barada takyk maglumatlar ýok. Emma resminamalaýyn subutnamalaryň barlygy sebäpli, bu önüm häzirki döwürden has öň barlygy mälimdir. Gadymy döwürlerde bu aýratyn tagam hasaplanyp, diňe girdejisi ýokary bolan adamlar ony alyp bilýär eken.
🍦Arheologlaryň, taryhçylaryň we alymlaryň maglumatlaryna we görkezmelerine görä, bu süýjilik, häzirki görnüşinde bolmasa-da, şoňa meňzeş önümi 5000 ýyl ozal mälim bolandygy subut edilýär. Gadymy hytaýlylar miweleri buz bilen garyp we oňa süýt goşup, imperator we onuň töweregindäki adamlar üçin saçaga äberipdirler. Gadymy Gresiýada we Gadymy Rimde yssy howada islenýän iýmitlere öwrülen dürli önümleri doňdurmak üçin ýörite buzluklary hem oýlap tapypdyrlar. Aleksandr Makedonskiniň döwründe onuň hyzmatynda dag eňňitlerinden ýörite gar magdançylary(üpjünçi) bardy – çalt ylgaýanlar gary eremegine ýol bermän eltmeli bolýan ekenler. Gippokratyň özi doňdurylan miweleriň aýratyn gymmatly häsiýetlere eýe bolýandygyna we olaryň peýdalydygy barada hem aýdyp geçendigi bellidir.
🍦Bu önümiň taýýarlanylyşy Ýewropa döwletlerine getiren syýahatçy Marko Polanyň kömegi bilen tanyşandygy çak edilýär. Emma bu süýjilik diňe baý we tanymal adamlara üçin elýeter bolupdyr, sebäbi onuň taýýarlanylyşy gizlinlikde saklanýardy.
🍦XVIII asyryň ahyrynda doňdurma Amerika hem gelip ýetdi. Ol ýerde çaltlyk bilen çagalaryň we ulularyň söýgüsini gazandy. Doňdurma ýasamak sungaty Amerikada başlandy. Şonuň üçin doňdurma bölek haryt däl-de, köpçülikleýin we elýeterli isleg bildirilýän harytlaryna öwrüldi.
🍦Häzirki wagtda doňdurma önümleriniň taýýarlanylyşynyň görnüşi köp. Olaryň içinden iň meşhurlary henizem nusgawy tagamlar – wanil doňdurmasy we şokolad doňdurmasy hasap edilýär. Ondan başga-da täze tagamlar we goşmaçalar(goşundylar) gaty meşhur: hoz, köke, miwe önümleriniň goşulmagy.
🍦Her ýylyň 10-njy iýunynda Bütindünýä doňdurma güni hem bellenip geçilýär.
26
311