tm_girl
10.05.2024 00:20
YSMANAK BARADA MAGLUMATLAR.

✅️Bu ýaprak görnüşli ter gök oty 10 sany iň peýdaly azyk önümleriniň hataryna girýär.

✅️Italiýalylar toksinleri we agyr metallaryň duzlaryny endamdan daşary çykarmaga ukyplydygy üçin ysmanagy “sübse” diýip, atlandyrýarlar hem-de ony 2-nji naharlarynyň ählisine diýen ýaly goşýarlar. Ýewropa ýurtlarynda restoranlaryň menýusynda “florentçe” diýen ýazgy bilen bellenen tagamlara hiç kim parhsyz seretmeýär. Çünki bu lezzetli tagama ysmanak garylýar. Biziň ýurdumyzda we beýleki Orta Aziýa döwletlerinde ysmanak iň köp iýilýän ter gök otlaryň biri bolup durýar.

✅️Fransuz zenanlary ysmanagy ter görnüşinde iýmegi halaýarlar hem-de onuň sykylyp alnan şiresini ýüzüne çalýarlar. Hakykatdanam, bu ösümlik derini arassalaýar, terlendirýär, çyglandyrýar, ýüzdäki ýygyrtlary aýyrýar, deriniň gasyn artmagynyň öňüni alýar.

✅️Adamyň saglygyny goramakda ysmanagyň örän uly hyzmaty bardyr. Mysal üçin, ol howply çişleriň ösüşini bökdeýär. Çikagodaky medisina merkeziniň alymlary her gün ysmanak iýýän adamlaryň juda ýatkeşdigini, çalt pikir ýöretmäge, tiz netijä gelmäge ukyplydygyny, akyl zähmeti bilen uzak wagtlap işjeň meşgullanyp bilýändigini anykladylar. Bu ajaýyp ot syryň gapdaly bilen iýlende, nerw ulgamynyň aktiwliligi ýokarlanýar. Syr onuň nerw öýjüklerini goramak başarnygy iki esse ýokarlandyrýar.

✅️Köp ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň ysmanagy “bagt, saglyk, akyl önümi” diýip atlandyrmagy hem tötänden däl. Onuň düzüminde köp mukdarda peýdaly nutriýentler saklanylýar.
21
60
ideallider
10 May 2024
Papaý marýagyň söýýän iýmiti👍
gulia_maksatmyradowna
10 May 2024
@tm_girl, ol şäbil dälmi turşumtyjak tagamly🤔. Ysmanaga turşumtyk dällir
ATOMIC
10 May 2024
Bökjekleýä oýnaýa,
Gök otjagaz çeýneýä.
olia
10 May 2024
Ee ysmanagy nadip bishirman iyip bolya🤦🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.