DOÑDURMA NÄDIP DÖREDI?
🍦Doňdurmany kim oýlap tapandygy barada takyk maglumatlar ýok. Emma resminamalaýyn subutnamalaryň barlygy sebäpli, bu önüm häzirki döwürden has öň barlygy mälimdir. Gadymy döwürlerde bu aýratyn tagam hasaplanyp, diňe girdejisi ýokary bolan adamlar ony alyp bilýär eken.
🍦Arheologlaryň, taryhçylaryň we alymlaryň maglumatlaryna we görkezmelerine görä, bu süýjilik, häzirki görnüşinde bolmasa-da, şoňa meňzeş önümi 5000 ýyl ozal mälim bolandygy subut edilýär. Gadymy hytaýlylar miweleri buz bilen garyp we oňa süýt goşup, imperator we onuň töweregindäki adamlar üçin saçaga äberipdirler. Gadymy Gresiýada we Gadymy Rimde yssy howada islenýän iýmitlere öwrülen dürli önümleri doňdurmak üçin ýörite buzluklary hem oýlap tapypdyrlar. Aleksandr Makedonskiniň döwründe onuň hyzmatynda dag eňňitlerinden ýörite gar magdançylary(üpjünçi) bardy – çalt ylgaýanlar gary eremegine ýol bermän eltmeli bolýan ekenler. Gippokratyň özi doňdurylan miweleriň aýratyn gymmatly häsiýetlere eýe bolýandygyna we olaryň peýdalydygy barada hem aýdyp geçendigi bellidir.
🍦Bu önümiň taýýarlanylyşy Ýewropa döwletlerine getiren syýahatçy Marko Polanyň kömegi bilen tanyşandygy çak edilýär. Emma bu süýjilik diňe baý we tanymal adamlara üçin elýeter bolupdyr, sebäbi onuň taýýarlanylyşy gizlinlikde saklanýardy.
🍦XVIII asyryň ahyrynda doňdurma Amerika hem gelip ýetdi. Ol ýerde çaltlyk bilen çagalaryň we ulularyň söýgüsini gazandy. Doňdurma ýasamak sungaty Amerikada başlandy. Şonuň üçin doňdurma bölek haryt däl-de, köpçülikleýin we elýeterli isleg bildirilýän harytlaryna öwrüldi.
🍦Häzirki wagtda doňdurma önümleriniň taýýarlanylyşynyň görnüşi köp. Olaryň içinden iň meşhurlary henizem nusgawy tagamlar – wanil doňdurmasy we şokolad doňdurmasy hasap edilýär. Ondan başga-da täze tagamlar we goşmaçalar(goşundylar) gaty meşhur: hoz, köke, miwe önümleriniň goşulmagy.
🍦Her ýylyň 10-njy iýunynda Bütindünýä doňdurma güni hem bellenip geçilýär.