timm
12.03.2024 04:46
Biri öwüt berdi agras bol diýip,
Agras boldum bilmän agraslyk çägin.
Biri diýdi beýdip dommarlyp ýörme,
Gülüp-oýnap gezjek ýetginjek çagyñ.

Gezdim däli derýa bolup bowsunyp,
Bu bolşumam halamady käbiri,
Gulagyma çabyş çakdy ogrynça,
Il-gün näme diýer bolşuñ nähili?

Biri diydi öz hakyña kaýyl bol,
Birem diýdi aç ölersiñ beýitseñ.
Biri diýdi pulyñ guly bolmagyn,
Biri diýdi pulyñ bilen beýik sen.

Garaz bir zat diýse özümden özge,
Sözlerine ynanyp gamak deý gaýdym.
Adamlygna sarpa goýup kämahal,
Çem gelen kişini ýaşulym saýdym.

Bu gün ýürek diýýär bu bolşuñ gülkünç,
Öz ykbalyñ öziñ edin ahyry.
Men bu dünýä gudrat bolup inmedim,
Menem çig süýt emen adam ahyry.

✍️Muhammetmyrat Kömekow
34
184
timm
10.03.2024 22:41
Kadyr Alla bize enaýat etmiş,
Gabr içinde bize ýardyr bu roza.
Külli günälere keffarat etmiş,
Syrat üzre medetkärdir bu roza.

Tutgul muny sydky-yhlasyň bile,
Dowzah içre külli azapdan ýuwla,
Kabul etse zekat, salatyň bile,
Ol kyýn öýlerde ýardyr bu roza.

Hem hoşsurat zyba bolup görüne,
Perwa kylar mömin guluň görine,
Delalat eýleýip ahyr kärine,
Aýşy-eşret hem rahatdyr bu roza.

Eger berseň roza, pitre edasyn,
Magşarda görer sen rahat saýasyn,
Terk eýleseň tutawergil kazasyn,
Behişt içre murgzardyr bu roza.

Parz eýledi bize Kadyry-Jepbar,
Kim terk etse bolar bidin-u betkär,
Ataşy-dowzaha bolar giriftar,
Efgaly-huplara ýardyr bu roza.

Adam ogly gapyl olma tutawer,
Toba eýläp ýaman ýoldan gaýdawer,
Tä ölinçäň Hak gullugyn edewer,
Tutanlarga köp rahatdyr bu roza.

Magtymguly terk eýleme edasyn,
Terk eýleseň tutawergin kazasyn,
Manysyna ýetip, bilseň mazasyn,
Ajap pişe, ajap kärdir bu roza.
30
47
timm
10.03.2024 19:46
***

Şol gözele duşanymda şu gezek:

Sözüm diñle - diýdim.

Sözlegin - diýdi.

Diýdim: - Gülüm, beýle örteme uzak.

-Gülüñi daşrakdan gözlegin - diýdi.

Diýdim: - Sen görküsiñ ähli gülleriñ.

-Sen nämeler diýýäñ, goý, oglan - diýdi.

Diýdim: - Sagym sagýan akja gollaryň...

-Diýjegiñi açygrak diý, oglan - diýdi.

-Sen meni söýermiñ, perizat - diýdim.

Gyz ýaýkap başyny: - Söýmerin - diýdi.
Bu ýöne bir söýgi däl, bu bir ot - diýdim,
Gyz çytyp gaşyny - Köýmerin - diýdi.

Diýdim: - Ýürek joşýar misli bir derýa,
Gyz oýnap saçyny: - Ýüzmerin - diýdi. Diýdim: - Bar umydym inçelip barýa,
Gyz dişläp dilini: -Üzmerin - diýdi.

@Halyl Kulyýew
33
121
timm
07.03.2024 18:52
Dünýä ýazy getirendir zenanlar,
Güller açar siz ýylgyran wagtyñyz.
Siziñ waspyñyza ýetmez beýanlar,
Gutly bolsun sekizinji martyñyz!
✍️🏼Sanazar Hydyrow -
20
51
timm
06.03.2024 22:58
Seni söyüp ölmesemde durmuşda,
Sönmejek ataşa düşdüm yşkyňda!!!
Bilseň bu söýgüden utuldym başda,
Soňlanmajak derde duşdym yşkyňda!!!

Her bir sözüň deň gelerdi müň mаnа,
Giňligiňi meňzederdim asmana,
Bu söýgümi deňäp bilmen ummаna,
Emma derýa kimin daşdym yşkyňda!!!

Dideleňden gözläp söýgüň manysyn,
Ahyr tapdym, dilleň jogap sorasyn,
Seň söýgüňden soldum, güldeý guradym,
Ýe-ne bägül kimin açdym yşkyňda!!!

Täleý maňlaýyma ýazmandyr seni,
Beýle bagta laýyk görmändir meni,
Şol nabat dodakdan öpmedim welin,
Gözleň girdabyna gaşdym yşkyňda!!!

Jebirmidiň, jepamydyň bilmedim,
Ýa-da zowky sapamydyň bilmedim,
Sansyz derde goýduň, ýaýnap gülmedim,
Ýöne ganat baglap uçdym yşkyňda!!!

Gaçmadym hiç haçan, dözdüm derdiňe
Ähli gam-gussaňy aldym gerdene,
Gel şu köňlüm birje açyp görsene,
Ençe kynçylykdan geçdim yşkyňda!!!

Dönmändim, dönemok, dönmenem senden,
Seni durkum bilen söýýärin çyndan.
Geçen günlermizi unudyp bilmen,
Baky ýatlamagy seçdim yşkyňda!!!

Hiç pikir etmändim menden gitjegiň,
Ejeň söýgümizi pula satjagyn,
Kän ýalbardym, meniň bilen gaçmadyň,
Ýalňyz ýandym, ýalňyz öçdüm yşkyňda!!!

Bagtly bol nirde bolsaň elmydam,
Söýerin ölýänçäm, tutaryn wadam,
Bu ýürek seniňki unutma sadam,
päk söýgüň şerabyn içdim yşgyňda!!!
Soňsuz ýalňyşlygy seçdim yşkyňda!!!

Atajan Gylyjow
28
93
timm
12.02.2024 14:32
Küýkem bolsa, mydam ýalňyz başyny,
Mümkin boldugyça dik tutup gezdi.
Çagaka kän gülüpdiler üstünden,
Içýakgyç gülküden ini bez-bezdi.

Soň kän gyzlar ondan ýüzüni sowdy,
Ýeňlesleri nakys gülüp, gaş kykdy.
Oglanyň maksady söýgüsi bilen
Görülmedik menzillere aşmakdy.

Düşnüksiz üm bilen,
Yşarat bilen,
Ýadyna saldylar küýküligini.
Şol sebäpli oglan ýuwdandyr telim,
Şir gözýaşa garyp tüýküligini.

Synasynyň az-kem ýetmezi üçin,
Gaharjaň hem dymma bolýar küýküler.
Eger kimdir biri gyýa seretse,
Paýyş söger ýa ýüzüne tüýkürer.

Gyzlar,
şol oglanyň kalbyna garaň,
Şonda söýmek üçin bolmaz päsgel-de.
Arman çekýär söýgüsine şäriksiz,
Agyr düşýär duýgularna bäs gelme.

Emma, kalby ýagty, niýeti düzüw,
Duýgulary çeşme ýaly kireňsiz.
Bagty çüwer ony söýen gözeliň,
Çüwmez diýip, pikir etmäň birem siz.

#Çary Ýegenmyradow
42
107
timm
30.01.2024 10:15
1. Köşkler, şübhesiz, sypaýçylyk we edep-terbiýäniň höküm sürýän ýerlerdir; Eger beýle bolmadyk bolsa, adam öldürilýän harabalyklara öwrülerdi. Indi ýylgyryp, biri-birini gujaklaýanlar, edep-terbiýesi päsgel bermese, biri-birini masgaralap, pyçaklardylar.
#Lord Chesterfield, 1694-1773

2.Guzularyň ýyrtyjy guşlary halamazlygynyň geň bir tarapy yokdur;
Şeýle-de bolsa, bu guzulary alyp gaçýan iri ýyrtyjy guşlara garşy çykmaga hiç hili sebäp bolmaz. Guzular öz aralarynda pyşyrdaşanlarynda: "Bu ýyrtyjy guşlar erbet, şonuň üçin bize ýyrtyjy guşlara garşy gelýän zatlaryň hemmesiniň gowudygyny aýtmaga hukuk bermezmi?" diýýärler. Munuň ýaly pikirde aslynda hiç hili ýalňyşlyk ýok, ýöne ýyrtyjy guşlar haýran galmak bilen seredip: "Bu gowy guzulara garşy aýdara zadymyz ýok; aslynda biz olary söýýäris, hiç bir zadyň tagamy ýumşak guzyňkyça ýok" diýerler.
#Fridrih Nitşe, 1844-1900

3.Adamlar baradaky maksadyna ýetmegiň ýeke-täk ýoly güýç we mekirlikdir. Söýgi hem işleýär diýýärler; Emma bu günüň şöhle saçmagyna garaşýan ýaly, ýöne durmuşyň her bir pursata zerurlygy bar.
#Annohan fon Gýote, 1749-1832

4.Okçy tarapyndan atylan ok, bir adamy doly öldürip biler ýa-da öldürip bilmez.
Şeýle-de bolsa, akylly adam tarapyndan döredilen bir meýilnama hatda ýatgydaky bäbekleri hem öldürip biler.
#Kautlýa, hindi filosofy, B.C. 111-nji asyr

5.Adamyň beýleki bir adamy aldamagy üçin akyl-paýhasyny haýsy gurallar, haýsy hileler, sungatyň naçe görnüşi bilen, haýsy pudagy ulanyp ýitileşdirip biljegini we şu görnüş emeller bilen ýer ýüzüniň has bir ajaýyp görnüşe gelip biljekdigi hakynda oýlandym
#Francesco Vettori, Machiavelli'nin Yaşdaşy we dosty, XV I. Asyryň başlary

6.Ýörelgeler ýokdyr. Diňe wakalar bardyr. Gowy ýa-da ýaramaz diýen zat ýokdur, diňe şertler bardyr. Beýik adam beýlekilere ýol görkezmek üçin wakalar bilen şertleri kabul eder. Eger-de ýörelgeler we berk kanunlar bolan bolsady, ýurtlar olary biziň köýnek çalyşyryşymyz ýaly çalşyrmazdylar we bir adamyň tutuş bir ýurtdan akylly bolmagyna garaşylmaz.
#Honore de Balzac, 1799-1850

7.Elmydama ak ýürekli bolmana çalyşýan ynsan, bir giden betniýetli adamlaryň arasynda weýran bolmaga hükümlidir. Bu sebäp bilen häkimiýet gurmak isleýän şazada gowy bolmazlygy öwrenmeli, we mätäçligine bagly ýagdaýda bu bilimini ulanmaly ýa-da ulanmakdan gaça durmalydyr.
#Şazada, Niccolo Machiavelli, 1469-1527

●Robert Green-iň "Güýç gazanmagyň 48 kanuny" atly kitabyndan
32
225
timm
24.01.2024 23:58
Siz ýaşap ýören bagtly durmuşyňyzyň gadyr-gymmaty hakda pikir edip gördüňizmi?
Ýatara-turara jaýyň, demiňi-dynjyňy alara öýüň, ojagyňda gaýnap duran naharly gazanyň, öýüňde ýorgan-düşegiň, egniňde bir-laý egin-eşigiň bar bolsa, onda sen baýsyň.
Kisäňde geregiňi alara puluň, sandygyňda günüňi aýlara gazanjyň bar bolsa we şonuň ujundan hem gyssagly günüň üçin az-owlak süýşürip bilýän bolsaň, onda sen baýlaryň birisiň.
Bu gün irden sag-aman ören bolsaňyz, siz uly nygmata eýesiňiz. Öý-iliňiz abadan, ýurduňyz asuda bolsa, uruş tüssesi gözüňizi awatmadyk, pitne gowgasy ýüregiňizi ajatmadyk bolsa, garaňky zyn-danlarda tenhalyk tagamyny datmadyk bolsaňyz, onda siz bagtlysyňyz.
Mekdeplerde ine-gana bilim alýan bolsaňyz, metjitlerde arkaýyn namaz okaýan bolsaňyz, ýolda-yzda her kesden arkaýyn gezýän bolsaňyz, nähak daralma gorkusy ýok bolsa, onda siz bagtlysyňyz.
Ene-atalaryňyz, çagalaryňyz, maşgalaňyz bilen bir ojakdan agzy-bir örýän bolsaňyz, onda siz Biribaryň ýalkan bendeleriniň birisiňiz.
Ýürekden ýylgyryp bilýän bolsaňyz, nygmata şükür edýän bolsaňyz, diýmek, siz tapylgysyz nygmatyň başynda otyrsyňyz.
Dünýäde millionlarça adam, bu ýagdaýy islese-de, başaryp bilýän däldir.
Siz ýene-de köp zatlar hakda oýlanyp, näderejede uly bagtlydygyňyza göz ýetirip bilersiňiz.
Eger şu ýazgylary okan we oňa düşünen bolsaňyz, onda siz «oka-mak we düşünmek» diýen iki sany uly nygmata eýesiňiz. Eger siz şu ýazgylary okan bolsaňyz, onda dünýädäki okap-ýazyp bilmeýän adamlardan bagtlydygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň!
37
62
timm
24.01.2024 11:26
Edara ýolbaşçylarynyň biri töweregindäkilerde özüniň juda ge-rekli we ähmiýetli adamdygy hakdaky pikiri oýarmak isleýän eken.
Her gezek kimdir biri gapyny kakanda, dessine telefonyny eline alyp, özüni biri bilen gürleşýän kysmy alyp barypdyr. Gapydan giren ada-ma bolsa: «Geliň, geçiň, oturyň. Ýöne bir minutjyk tagapyl ediň, 421 men şu wagt bir möhüm meseläniň çözgüdini tapjak bolup otyryn» diýer ekeni. Soňra bolsa telefona dowam edip: «Hä, hawa... ýaňky aýdyşym ýaly ýerine ýetirseňiz, hökman netijeli bolar.. elbetde..
bolýar, habarlaşyp duruň» diýer ekeni. Bu gezek hem şu ýerine çenli hut şeýle bolupdyr. Ol telefon trubkasyny goýupdyr-da: «Aýdyberiň, näme mesele bilen geldiňiz?» diýip, täze gelen adamdan sorapdyr. Ol adam elindäki gurallary görkezip: «Hojaýyn, men siziň işlemän duran telefonuňyzy bejermäge gelipdim..» diýip jogap beripdir.
Ýasama häsiýet haçandyr bir wagt sepini bildirýär. Şonuň üçin adamlara ýa-da ýagdaýlara görä öwsüp ýörmän, öz bolşumyz ýaly görnübereliň.

"Hallalyk kyssalary"
28
109
timm
23.01.2024 17:12

Türkmenlerde meselem gelin alnanda ya ogul gyzyn rakyplysy bolsun diýýärler. Şol ýerdäki \"rakyp\" sözi näme manyny añlatýar?

34
659