Biri öwüt berdi agras bol diýip,
Agras boldum bilmän agraslyk çägin.
Biri diýdi beýdip dommarlyp ýörme,
Gülüp-oýnap gezjek ýetginjek çagyñ.
Gezdim däli derýa bolup bowsunyp,
Bu bolşumam halamady käbiri,
Gulagyma çabyş çakdy ogrynça,
Il-gün näme diýer bolşuñ nähili?
Biri diydi öz hakyña kaýyl bol,
Birem diýdi aç ölersiñ beýitseñ.
Biri diýdi pulyñ guly bolmagyn,
Biri diýdi pulyñ bilen beýik sen.
Garaz bir zat diýse özümden özge,
Sözlerine ynanyp gamak deý gaýdym.
Adamlygna sarpa goýup kämahal,
Çem gelen kişini ýaşulym saýdym.
Bu gün ýürek diýýär bu bolşuñ gülkünç,
Öz ykbalyñ öziñ edin ahyry.
Men bu dünýä gudrat bolup inmedim,
Menem çig süýt emen adam ahyry.
✍️Muhammetmyrat Kömekow