timm
10.03.2024 22:41
Kadyr Alla bize enaýat etmiş,
Gabr içinde bize ýardyr bu roza.
Külli günälere keffarat etmiş,
Syrat üzre medetkärdir bu roza.

Tutgul muny sydky-yhlasyň bile,
Dowzah içre külli azapdan ýuwla,
Kabul etse zekat, salatyň bile,
Ol kyýn öýlerde ýardyr bu roza.

Hem hoşsurat zyba bolup görüne,
Perwa kylar mömin guluň görine,
Delalat eýleýip ahyr kärine,
Aýşy-eşret hem rahatdyr bu roza.

Eger berseň roza, pitre edasyn,
Magşarda görer sen rahat saýasyn,
Terk eýleseň tutawergil kazasyn,
Behişt içre murgzardyr bu roza.

Parz eýledi bize Kadyry-Jepbar,
Kim terk etse bolar bidin-u betkär,
Ataşy-dowzaha bolar giriftar,
Efgaly-huplara ýardyr bu roza.

Adam ogly gapyl olma tutawer,
Toba eýläp ýaman ýoldan gaýdawer,
Tä ölinçäň Hak gullugyn edewer,
Tutanlarga köp rahatdyr bu roza.

Magtymguly terk eýleme edasyn,
Terk eýleseň tutawergin kazasyn,
Manysyna ýetip, bilseň mazasyn,
Ajap pişe, ajap kärdir bu roza.
30
47
manolya
10 Mart 2024
Soňky bendi meň postymda bolmaly )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.