sxahyr
02.01.2024 17:37
Awtory:KakajaNNazaroW.

Nesip-ýazgyt,çykalga ýok kysmatdan,
Şonuñ üçin,şükür edip ýaşalyñ,
Peýdasy ýok,bir-birege küsmekden,
Toý tutulsa,şatlyk goşup ýaşalyñ.

A:ra tow düşmesin,berkesin sylag,
Bolalyñ biz,birek-birege direg,
Goşandymyz bolsun,bolmasyn hile,
Owadan günleri,i:şip ýaşalyñ.

Saýlanmasyn munda,beýiklik peslik,
Pälimizde,bolmasyn a:şa meslik,
Nebislik däl,artsyn bizde jebislik,
Ähli böwetlerden,a:şyp ýaşalyñ.

Ýerliginde berilsin,öwüt sapak,
Namysymyz nah däl,bolsun berk ýüpek,
Arzuw-maksatlara,doganda şapak,
Düwünli geljegi,çöşüp ýaşalyñ,
Süýji sözler aýdyp,joşup ýaşalyñ.
20
51
sxahyr
11.11.2023 22:54

Salam Ahlinize Mahribanlam!!


Soragym şeýle

Özüm Balkandan.

Balkanabatdaky uly baýdagymyzyñ agramy näçe?

Paýtagtymyzdaky Uly Baýdagymyzyñ agramy nâçe?

10
101
sxahyr
16.08.2023 01:34

Ejize ganymlyk,bilseñ akmaklyk,

Añyrbaş günädir,töhmet ýapmaklyk,

Hakyñ halamaýan,işlerin etseñ,

Kyn bor,jemgyýetde,ornuñ tapmaklyk.



Göwniñizden turar diyip umyt etyan!!!



21
77
sxahyr
13.08.2023 18:35

"Durmuş şeýle"diýlip,ejiz pesleriñ,

Üstlerinden,gülseler biz gülmâliñ,

Hat-da arka durup,ýykylan çagy,

Ýykanlara garşy,sessiz g:almalyñ.


Göwniñizden turandyr diýip umyt etýân.

Söz ýa-da dyngy belgi ýalñyşlygym bolsa bagyşlâñ..

Janyñyz sag bolsun!!

28
106
sxahyr
11.08.2023 16:13

Ilki bilen sözüm,Kelamdan başlap,

Kelamyñam başyn, Salamdan!!

Salam mähriban adamlar,agzalar,okyjylar hem-de adminler..

Ynha bu gun sizin bilen "Molla we Serhoş"atly rowaýatymy,yagny goşgymyñ 1-nji bölümini paýlaşmakçy.Gowninizden turar diyip umyt etyan.Janynyz sag bolsun.Menden daşlaşmañ..Ynam sizden,netije bizden!!Sagboluñ!!

Bu goşgym 3 bölümden ybarat!!!


" Molla we Serhoş"

Molla barmyş bir ýerde,5 wagtly namazly,

Serhoş barmyş bir ýerde,içgi bilen bagtly,

Ezraýyla jan almak,örân hezil gyzykly,

Ezraýyla jan almak,buýruk gelse nadersiñ.


Ezraýyl tiz wagtda,derrew ýere inipdir,

Öz borjuny ýerinde,dogry berjaý kylypdyr,

Molla bilen Serhoşyñ,şirin janyn alypdyr,

Ol adamlar a:hyrda,gözin açsa nadersiñ.


Gözlerini açsalar,daş töwerek tümlikde,

İkisi hem otyrlar,hal ýagdaýy gamlykda,

Ses gelenmiş tümlikden,Molla Serhoş howlukma,

İkisi hem tisginip,gygyrsalar nadersiñ.


Gorkup aljyrap durlar,bir birine nâtanyş,

Bir-birege has ýakyn,göýâ ara bir garyş,

Erbet yeri bolsa hem, göýa gözleri körmüş,

Bir-biregi görmezden,gürleşseler nadersiñ.


Ilki gürlâp başlapdyr,maña Molla diýerler,

Maşgalam bar,çagam bar,halal çörek iýerler,

Âhli ýerde tañrymyzyñ,barlygyny duýarlar,

Perzendimiñ eline,Kurhan bersem nadersiñ.


Molla bolup namazym,wagtynda dogry kyldym,

Öwliýadyr metjide,köp gatnap sogap aldym,

Janym sagdy birdenkâ,men dünýeden ýogaldym,

Jaýym jennetdir meniñ,anyk bilsem nâdersiñ.


Okan bolsañyz eger-de söz ýalñyşym bolsa ýa-da dyngy belgi ýalñyşym bolsa bagysxlañ!!!

Kom garaşýan!!!

2nji bölümi indiki post nobatymda goýaryn..

25
194
sxahyr
10.08.2023 09:02

Salam!

Mahribanlam!.Bu gunki paylasxan gosxgim bir dostumyn hayysxdy boyuncxa yazdm.Adyny gecxirmegimi islemedi.Halarsynyz diyip umyt etyan!!

Menden dasxlasxman Ynam sizden netije bizden.Janynyz sag bolsun..

"SYR"

Eý allahym,diñle arzy halymy,

Syrymy açypdym,ýakyn dostuma,

Dost diýenim,bilmedi öz parzyny,

Pikirlenman çykdy,meniñ kastyma.


Dost diýenim,duşman boldy öñimde,

Gizleýân syrymy,paç etdi halka,

Badak urdy meniñ,göni ýolumda,

Dostlugy çalyşdy,mal bilen mülke.


Gawanmadym,gysganmadym barymy,

Kiçilikden,bile oýnan dostumdan,

Menden gizlin,aldy söýen ýarymy,

Iki bolup,depeledi üstümden.


Men otyryn,başym aşak zyndanda,

Geçmişim sapakdyr,maña ömirlik,

Syryñy paýlaşma,ýakyna yada,

Durmuşym barmasyn,size öwrülip.


Sxeyle durmusx ya-da sxuna menzesx durmusx kimde boldy?

Kom bellap gecxin Mahribanlam!!!Sagbolun!!!!

22
249
sxahyr
09.08.2023 10:36

Ilki bilen Ählinize Salam.

Ilkinji gezek ýazylyp durun bu programa.Ilkinji postumy halarsynyz diyip umyt etyan.

Bilyanizmi:

-Kagyz pullan kastyum koynek we ş.m zatlary ýasap internet ulgamynda satlyga goýan bolyarlar..Sxolardan esaslanip yazan gosxgim:


Ýazan şygrym bilen,çekeýin ùnsi,

Ynsan kòp jahanda,deñsinden deñsi,

Şygyr üsti bilen,aýdaýyn gowsy,

Bu nähili ýagdaý,neneñsi durmuş.


Owadan ýasapsyñ,kastýumdyr kòynek,

Kim bolsañda senä,ýòne bir aýnak,

Wyždanyñ kör bolsa,dakaý sen äýnek,

Bu nähili ýagdaý,neneñsi durmuş.


Şol ýasalan,kagyz üçin bir mätäç,

Gijesin gündizläp,işläp der dökýär,

Tupoý bir aýnagyñ,ýasan zadyny,

Dok gezýänler alyp,açarna dakýar.


Eý Kakajan,sen niçeme aýtsañam,

Dokuñ açdan,habary ýok bolmazam,

Bu ýagdaýa,Pyragy hem dillenmiş,

Biz aýtsak hiç,düşünmezem bilmezem.

35
204