sxahyr
11.08.2023 16:13

Ilki bilen sözüm,Kelamdan başlap,

Kelamyñam başyn, Salamdan!!

Salam mähriban adamlar,agzalar,okyjylar hem-de adminler..

Ynha bu gun sizin bilen "Molla we Serhoş"atly rowaýatymy,yagny goşgymyñ 1-nji bölümini paýlaşmakçy.Gowninizden turar diyip umyt etyan.Janynyz sag bolsun.Menden daşlaşmañ..Ynam sizden,netije bizden!!Sagboluñ!!

Bu goşgym 3 bölümden ybarat!!!


" Molla we Serhoş"

Molla barmyş bir ýerde,5 wagtly namazly,

Serhoş barmyş bir ýerde,içgi bilen bagtly,

Ezraýyla jan almak,örân hezil gyzykly,

Ezraýyla jan almak,buýruk gelse nadersiñ.


Ezraýyl tiz wagtda,derrew ýere inipdir,

Öz borjuny ýerinde,dogry berjaý kylypdyr,

Molla bilen Serhoşyñ,şirin janyn alypdyr,

Ol adamlar a:hyrda,gözin açsa nadersiñ.


Gözlerini açsalar,daş töwerek tümlikde,

İkisi hem otyrlar,hal ýagdaýy gamlykda,

Ses gelenmiş tümlikden,Molla Serhoş howlukma,

İkisi hem tisginip,gygyrsalar nadersiñ.


Gorkup aljyrap durlar,bir birine nâtanyş,

Bir-birege has ýakyn,göýâ ara bir garyş,

Erbet yeri bolsa hem, göýa gözleri körmüş,

Bir-biregi görmezden,gürleşseler nadersiñ.


Ilki gürlâp başlapdyr,maña Molla diýerler,

Maşgalam bar,çagam bar,halal çörek iýerler,

Âhli ýerde tañrymyzyñ,barlygyny duýarlar,

Perzendimiñ eline,Kurhan bersem nadersiñ.


Molla bolup namazym,wagtynda dogry kyldym,

Öwliýadyr metjide,köp gatnap sogap aldym,

Janym sagdy birdenkâ,men dünýeden ýogaldym,

Jaýym jennetdir meniñ,anyk bilsem nâdersiñ.


Okan bolsañyz eger-de söz ýalñyşym bolsa ýa-da dyngy belgi ýalñyşym bolsa bagysxlañ!!!

Kom garaşýan!!!

2nji bölümi indiki post nobatymda goýaryn..

25
194
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.