sxahyr
02.01.2024 17:37
Awtory:KakajaNNazaroW.

Nesip-ýazgyt,çykalga ýok kysmatdan,
Şonuñ üçin,şükür edip ýaşalyñ,
Peýdasy ýok,bir-birege küsmekden,
Toý tutulsa,şatlyk goşup ýaşalyñ.

A:ra tow düşmesin,berkesin sylag,
Bolalyñ biz,birek-birege direg,
Goşandymyz bolsun,bolmasyn hile,
Owadan günleri,i:şip ýaşalyñ.

Saýlanmasyn munda,beýiklik peslik,
Pälimizde,bolmasyn a:şa meslik,
Nebislik däl,artsyn bizde jebislik,
Ähli böwetlerden,a:şyp ýaşalyñ.

Ýerliginde berilsin,öwüt sapak,
Namysymyz nah däl,bolsun berk ýüpek,
Arzuw-maksatlara,doganda şapak,
Düwünli geljegi,çöşüp ýaşalyñ,
Süýji sözler aýdyp,joşup ýaşalyñ.
20
51
sxahyr
2 Yanwar 2024
@mawy, mumkin
manolya
2 Yanwar 2024
@sxahyr, ýatdan çykmaz ýaly edäỳdiňä hoooo soragyňdan soň 😂😂
sxahyr
2 Yanwar 2024
Yatkesligin yokary eken mlds
manolya
2 Yanwar 2024
Oho bamyňaý senem 😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.