sweetify
25.07.2023 14:07

Adamlar iň köp nämä gyzyklanýalar?🤔meselem; siz...

18
182
sweetify
24.07.2023 17:52

Atsyz mowzuk


*Her bir erkek oglan öz gyz jigisini hemmäñ sylamagyny isleýä. Her bir erkek oglan öz Ejesini hemmäñ sylamagyny isleÿä. Hemme gyz maşgala käbiriniñ gyz jigisidir ÿada Käbiriniñ Ejesidir. Gyz maşgalany hökmän sylamany başarmaly oglanlar!


*Türkmen aýdymçylarynyň aýdymlaryndan netije çykarsañ, Türkmen gyzlaryň 90%-i biwepa.


*Bet maşynym bar diyip batly sürme adamlaryñ egninde göterýän agaç maşynynda gözüñi açarsyñ.


*Maña ynanmaýan adama men hiç wagt hakykady ynandyryp bilmerin, ýöne maña ynanýan adama men hiç wagt ýalan sözlemen!


*Burnundan ary çakan pyşdyl şeýle diýýämiş:

-Wah, içigaragalmyş! Ýene-de bu gije daşarda ýatmaly boljagow.


*Pulum az bolanda men oturyp pikirlenýärdim, ylgap gazanç etmäge gidemokdym. Dünýäde iň gymmatly zat - ideýadyr.


*«Çyraçy» bilen «Çäreçiniň» tapawudy näme-kä?

Onuñ tapawudy şeýle dost:

- Biri edenini edýär, beylekisi hem et diýilenini edýär!


*"Näme bar näme ýok" diýdiler. Rebbim bar derdim ýok diýdim.


*Başlyk işçisine jañ edýär:

- Alo nirde sen? Sagadyñ näçe bolanyny bilýäñmi?

- (Işçisi hem uklap ýatan ýerinde) Ine başlyk ýolda men.

- Wai sen nädip ýolda bolýañ? Men seniñ damaşny telefonyña jañ edip duruna.

- Wiýý başlyk, Gyssanyp damaşny telefonam alyp gaýdypdyryn.


*Ependi ogluna käýinýär:

- Oglum, seniň ýaşyňda Napoleon öz mekdebinde iň gowy okaýan çaga bolupdyr, sen bolsa diňe ikilik almagy bilýäň.

Kaka:

- A seniň ýaşyňda Napoleon Fransiýanyň karoly bolupdyr.



19
117
sweetify
23.07.2023 12:33

Siz nähili düşünýärsiňiz?❔

15
91
sweetify
22.07.2023 12:57

Türkmenistanda iň halaýan aýdymçyň ýa da bagşyň ?

.....

Meňzeş jogap berenler bolarmyka❔🤓🔥

25
760
sweetify
21.07.2023 08:23

!!!


Bir mugallym:

«Şeýle bir synag aldym.Nädäýersiň, okuwçylaryň bary ikilik aldy!» diýip magtanypdyr.

Ýene bir mugallym:

«Okamadylar welin, menem her synpyň deň ýarysyny synagdan ýykdym!» diýip paňlapdyr.

Başga bir dersiň mugallymy:

«Men bolsa ýarysyndanam köpüsini düňderdim. Indem tomusda okuwa gatnatjak-da, kösäp-kösäp, täzeden synag aljak!» diýip diline bat beripdir.

Olaryň bu gürrüňlerini eşiden tam süpüriji bolsa:

«Men-ä häzire çenli «näsagym öldi» diýip begenip ýören lukman, «müşderim tussag edildi» diýip öwnüp ýören aklawçy görmedim» diýipdir-de, otagy birlaý arassalap ötägidipdir.




Ýekeje sözlem bilen "nokat" goýdy👌✔️

18
266
sweetify
20.07.2023 00:06

Aýal doganlar hakynda (değişme)😅





Ýatdan çykar bar ýadawlyk şo bada,

Boşar çäýnek bary, saklanmaz kada,

Sagadyň dilleri hiç düşmez ýada,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Gürrüň gyzar, jaňyň sesidiňlenmez,

Näçe aýtsaň diýjek zatlaň soňlanmaz,

Ýalyk nirde, topby nirde geňlenmez,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Ýagyş ýagsyn, suw-sil alsyn daşyňy

Işiň bolmaz galdyrmarsyň başyňy,

Gybat bilen sowadarsyň aşyňy,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Çagalar mekirdir, biz bolsa sada,

,,Zat alyp ber,,diýip düşerler oda,

Sen bolsa şo badaberersiň wada,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Gep bilen aýlanyp ýeriň şaryny,

Duýmarsyň geçenin sagat baryny,

Şonda-da edersiň wagtyň zaryny,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Ýeňläp içiň sowar,boşar ,,poslaryň,,

Soňabaka gyrlyp başlar sesleriň,

Het etseňiz hany, ýarlar sesleniň!

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Erkek adam duýmaz bu hezilligi,

Derrew gaçar, saçak giň ýazyldygy.

Hasap edäý işleň çalt çyzyldygy,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Hyzmat etsin daýzalarna ýegenler,

Guwansynlar bize dostlar-doganlar,

Gülküniň ýaňyna gelsin Erenler,

Üýşülende aýal doganlar bilen.







NARTÄÇ ÝUSUPDURDYÝEWA

20
95
sweetify
19.07.2023 11:20

İň soňky boýuňy bil ???


İlki bilen ejeňiz bilen kakaňyzyň boýlaryny ölçäp, bir-birine goşuň.Soňra siz erkek bolsaňyz (+13) sm goşuň, gyz bolsaňyz hem (-13) sm aýyryň.Çykan jogaby (÷2) ä bölüň.Mysal üçin


180(kaka)+173(eje)=353

353+13(erkek)=366

366÷2=183 ýagny erkegiň boýy 1.83

353-13(gyz)=340

340÷2=170 gyzyň boýy 1.70


Barlap göriň dogrymy ýa ýalan.

Teswirlerde göreliň bakalym boýlaryňyzy🤔☺️







meňki dogry çykdy💯✔️

19
123
sweetify
18.07.2023 09:26

🍀Motivatsiýa sözleri✨


Kemçilikleriňizi boýun alanyňyzdan soň, hiç kim size garşy ulanyp bilmez. -Tirion Lannister

✨✨✨✨✨✨✨✨✨✨

Depressiýanyň / aladanyň agyrysyna çydamak üçin gaty güýçli adam gerek. Sen şol adamsyň.Özüňizi beýle duýmaýanlygňyz mümkin, ýöne çyndanam şeýle güýçlisiňiz :)

✨✨✨✨✨✨✨✨✨✨

Günüň ahyrynda ýuwaşlyk bilen özüňize: “Men seni söýýärin, şu gün elinden gelenini etdiň we meýilleşdiren ähli zadyňa ýetmeseňem seni söýýärin” diýiň.

💛💛💛💛💛💛💛💛💛💛

Biriniň hakyky şahsyýetini edýän hereketleri görkezer. Sözler bolsa kim bolmak isleýändigini subut eder.

🍀🍀🍀🍀🍀🍀🍀🍀🍀🍀🍀

Ýüregiňiz agyrsa-da ýylgyryň. Agyrsa ýene-de ýylgyryň. Bulutly asmanyň astynda derdiň we hasratyň bilen ýylgyrmagy başarsaň, hemme zat gowy bolar. Ýylgyryň, belki ertir günüň siziň üçin dogandygyny görersiňiz.-Çarli Çaplin

🌠🌠🌠🌠🌠🌠🌠🌠🌠🌠🌠

17
115
sweetify
17.07.2023 08:08

Sen haýsy reňki haladyň🙃👇


Çal reňk söýýän adamlar, adatça wakalardan uzak durmagy makul bilýärler. Düşündirişli, konserwatiw we hereketsiz taraplar artykmaç bolup biler. Şeýle hem pessimizmlige we içki ýapyk düşünjelerine ýol berýärler. Işjeň we jemgyýete açyk adamlar çal reňki ýürek bulandyryjy görýärler.


Ak reňk arassalygyň we tämizligiň nyşanydyr. Ak reñk adamlary ýaş görkezip, bu reňk geýýän adamlar adatça ygtybarly, durnukly we arassa hasaplanýar. Arzuw dünýäsi giňdir we arassalygy, ýagtylygy we pikirlenmegi halaýarlar. Sowuk ganlydyrlar.


Ýaşyl reňki halaýanlaryň parahatçylykly, asuda we sabyrly häsiýetleri bar. Işlerine we dostlaryna wepaly, gapma-garşylygy halamaýan, ýaşyl häsiýetli has içgin adamlardyr.Olar tebigy araçy, topardaşlary bilen bahym utgaşýar. Örän tertipli we zähmetsöýer, bulaşyklygy halamaýarlar.


Gyzyl reňki halaýan adamlar; agdyklyk edýän we öňdebaryjy synp işgärlerine girýär. Çylşyrymly şertlerde mowzuga agalyk etmegiň özüni alyp barşyny kabul edýär. "Kynçylyklara garamazdan" üstünlik gazanmagy halaýar we höwesini üstünlik lezzetinden alýar.Bu adamlar işjeň, ynamly, başarnykly we ýeňmegi gowy görýärler. Duýgularyny beýan edende reaktiw bolýarlar. Liderlik aýratynlyklary bilen derrew tanalýar.


Sary reňki halaýanlar;täsirli çykyşlary we gülkünç garaýyşlary bilen kärdeşleriniň ünsüni özüne çekýän şahsyýetler hökmünde kesgitlenip bilner.Olar gaty gowy topar oýunçylary, maşgala gönükdirilen, haýwanlary söýýän we wepaly. Bu gapma-garşylygy söýýän şahsyýet görnüşi konstruktiw bolmaga ökde. Ýasama adamlary halamaýar.Döredijilikli we içgin adamlardyr.


Gara güýçli reňk bolany üçin, gara söýýän adamlar hem güýçli, özüne ynamly, syrly, äheňli, abraýly we tutanýerli. Şonuň üçin hyzmatdaşlaryna gözegçilik etmegi halaýarlar. Olar üçin akyl we mertebe gaty möhümdir. Öňdebaryjy ruhy bolan gara söýüjiler her bir işi iň soňky jikme-jikliklere çenli tamamlaýarlar we dogry ýerine ýetirilendigine göz ýetirýärler. Olar tutanýerli we zähmetsöýer. Kararlaryna goşulmagy halamaýan we gözegçiligi saklamagy halaýan gurluşy sebäpli iş durmuşynda, esasanam toparlaýyn işde kynçylyklar bolup biler.


Çyrnyl reňki halaýanlar; Bu reňk gyzylyň duýgurlygyny we gögiň rahatlaýjy duýgularyny öz içine alýar. Bu paýhasyň, patyşalaryň, syryň, jadylylygyň, güýjüň we abraýyň reňkidir. Çyrnyl söýýän adamlarda köplenç ýokary duýgurlyk, döredijilik we hyýal bar. Bu üýtgeşik bolmak isleýän adamlar(ýagny tanalan adamlar ýaly bolmak), birzady kyn begenýän we duýgur adamlaryň halaýan reňkidir.Elmydama hemme zadyň iň gowusyna eýe bolmak üçin has ýokary maksat edinýärler.Olar bilen ýaşamak aňsat, ýöne olary hakykatdanam doly tanap bilmersiňiz.


Gök reňki halaýanlar;Başgalaryň zerurlyklary barada alada edýän we gatnaşyklaryna berk ygrarly adamlaryň reňkidir. Gök söýýänler üçin ynam duýgusy gaty möhümdir. Dönüklik edilende iň uly lapykeçligi başdan geçirýärler. Jemgyýetleşmegi halaýan bolsalar-da, köplenç ýakyn dostlary bilen wagt geçirmegi makul bilýärler. Kämahal uzak we ejiz bolup bilerler.Gök söýüjiler özüne ynamly we gözegçilikli ýaly bolup görünse-de, aslynda fonda galmagy we gahar-gazaplaryny we gowşak taraplaryny gizlemegi makul bilýärler.


Gülgüne reňki halaýanlar-Bu ýumşak reňk adamlara köşeşdiriji täsir edýär. Rehimdarlyk, söýülmek we özüňi howpsuz duýmak olar üçin gaty möhümdir. Daş-töweregiňizde hemişe gülgüne geýýän biri bar bolsa, bu olaryň daşky gurşaw tarapyndan kabul edilmegine, goldanylmagyna we söýülmegine garaşýandygyny görkezýär. Gülgüne reňk aýallyk bilen baglanyşykly we bu reňki gowy görýän aýallar duýgyly, şadyýan, çaga ýaly, mylaýym.Çylşyrymly duýgularyň, başdan geçirmeleriň we sadalygyň bu reňki sizi ululykdaky jogapkärçiliklerden daşlaşdyryp biler.

17
256
sweetify
16.07.2023 06:39

Türkmen dilinde in uzyn söz name?

14
282