sweetify
20.07.2023 00:06

Aýal doganlar hakynda (değişme)😅





Ýatdan çykar bar ýadawlyk şo bada,

Boşar çäýnek bary, saklanmaz kada,

Sagadyň dilleri hiç düşmez ýada,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Gürrüň gyzar, jaňyň sesidiňlenmez,

Näçe aýtsaň diýjek zatlaň soňlanmaz,

Ýalyk nirde, topby nirde geňlenmez,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Ýagyş ýagsyn, suw-sil alsyn daşyňy

Işiň bolmaz galdyrmarsyň başyňy,

Gybat bilen sowadarsyň aşyňy,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Çagalar mekirdir, biz bolsa sada,

,,Zat alyp ber,,diýip düşerler oda,

Sen bolsa şo badaberersiň wada,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Gep bilen aýlanyp ýeriň şaryny,

Duýmarsyň geçenin sagat baryny,

Şonda-da edersiň wagtyň zaryny,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Ýeňläp içiň sowar,boşar ,,poslaryň,,

Soňabaka gyrlyp başlar sesleriň,

Het etseňiz hany, ýarlar sesleniň!

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Erkek adam duýmaz bu hezilligi,

Derrew gaçar, saçak giň ýazyldygy.

Hasap edäý işleň çalt çyzyldygy,

Üýşülende aýal doganlar bilen.


Hyzmat etsin daýzalarna ýegenler,

Guwansynlar bize dostlar-doganlar,

Gülküniň ýaňyna gelsin Erenler,

Üýşülende aýal doganlar bilen.







NARTÄÇ ÝUSUPDURDYÝEWA

20
95
sweetify
20 Iýul 2023
@okayjy, haa ok
okayjy
20 Iýul 2023
@sweetify, Postdaky surat.
sweetify
20 Iýul 2023
Surat diyjegim
sweetify
20 Iýul 2023
@okayjy, haýsy sürat?
ress
20 Iýul 2023
Yylda bir gezek uysulya ayal doğanlar bn...
9500
20 Iýul 2023
Berekella👍👍
sha98
20 Iýul 2023
Gyzykly hem manyly berekella
dowletmyrat1990
20 Iýul 2023
Gowy goşgy
okayjy
20 Iýul 2023
Surat 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.