sweetify
24.07.2023 17:52

Atsyz mowzuk


*Her bir erkek oglan öz gyz jigisini hemmäñ sylamagyny isleýä. Her bir erkek oglan öz Ejesini hemmäñ sylamagyny isleÿä. Hemme gyz maşgala käbiriniñ gyz jigisidir ÿada Käbiriniñ Ejesidir. Gyz maşgalany hökmän sylamany başarmaly oglanlar!


*Türkmen aýdymçylarynyň aýdymlaryndan netije çykarsañ, Türkmen gyzlaryň 90%-i biwepa.


*Bet maşynym bar diyip batly sürme adamlaryñ egninde göterýän agaç maşynynda gözüñi açarsyñ.


*Maña ynanmaýan adama men hiç wagt hakykady ynandyryp bilmerin, ýöne maña ynanýan adama men hiç wagt ýalan sözlemen!


*Burnundan ary çakan pyşdyl şeýle diýýämiş:

-Wah, içigaragalmyş! Ýene-de bu gije daşarda ýatmaly boljagow.


*Pulum az bolanda men oturyp pikirlenýärdim, ylgap gazanç etmäge gidemokdym. Dünýäde iň gymmatly zat - ideýadyr.


*«Çyraçy» bilen «Çäreçiniň» tapawudy näme-kä?

Onuñ tapawudy şeýle dost:

- Biri edenini edýär, beylekisi hem et diýilenini edýär!


*"Näme bar näme ýok" diýdiler. Rebbim bar derdim ýok diýdim.


*Başlyk işçisine jañ edýär:

- Alo nirde sen? Sagadyñ näçe bolanyny bilýäñmi?

- (Işçisi hem uklap ýatan ýerinde) Ine başlyk ýolda men.

- Wai sen nädip ýolda bolýañ? Men seniñ damaşny telefonyña jañ edip duruna.

- Wiýý başlyk, Gyssanyp damaşny telefonam alyp gaýdypdyryn.


*Ependi ogluna käýinýär:

- Oglum, seniň ýaşyňda Napoleon öz mekdebinde iň gowy okaýan çaga bolupdyr, sen bolsa diňe ikilik almagy bilýäň.

Kaka:

- A seniň ýaşyňda Napoleon Fransiýanyň karoly bolupdyr.



19
117
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.