soyli06
09.01.2025 22:47
Gije-gündiz halkym diýip ýaşaýan,
Mähriban siz, Gahryman siz, Arkadag!
Ýaşlara bilimiň ýollaryn açan,
Işleriňiz rowaç bolsun Arkadag!
Gurulýar döwrebap täze-binalar,
Watanym osüşden ösüşe barýar,
Türkmenistan özgerýär hem gülleýär,
Janyňyz sag bolsun eziz Arkadag.
Magtymgulyň arzuw eden zamany,
Pederlermiz dökdi niçe ganyny,
Döretdiňiz bize ajap zamany,
Ömrüň uzak bolsun eziz Arkadag!
Söýli Rozyýewa
6
21
soyli06
09.05.2024 18:10
Meniň ejem owadan,
Mähriban oň her sözi.
Çagalykdan ezizläp,
Ýetişdirdi ol bizi.
Näçe taryp etsem-de,
Aýtjak sözüm tükenmez.
Sen ömrümiň manysy,
Seniň taýyň tapylmaz.
Işden ýadap geleňde,
Ýadawlygyň duýmarsyň.
Biş-düş bilen başagaý,
Işiňde kem goýmarsyň.
Käýeseň-de ejejan,
Söýgiň duýýan ýürekden.
Garrasak-da, durmuşda,
Mydam bize gerek sen.
Şonuň üçin ýaşa sen,
Dünýä durynça durgun.
Kemal eden perzentleň,
Bagtly günlerin görgün.
Awtory Söýli Rozyýewa
9
40