soyli06
09.01.2025 22:47
Gije-gündiz halkym diýip ýaşaýan,
Mähriban siz, Gahryman siz, Arkadag!
Ýaşlara bilimiň ýollaryn açan,
Işleriňiz rowaç bolsun Arkadag!

Gurulýar döwrebap täze-binalar,
Watanym osüşden ösüşe barýar,
Türkmenistan özgerýär hem gülleýär,
Janyňyz sag bolsun eziz Arkadag.

Magtymgulyň arzuw eden zamany,
Pederlermiz dökdi niçe ganyny,
Döretdiňiz bize ajap zamany,
Ömrüň uzak bolsun eziz Arkadag!


Söýli Rozyýewa
6
21
okyyjy
10 Yanwar 2025
1nji menden❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.