sofii
14.12.2023 16:55
Men seň kyýamatlyk kakaň bolaýyn..
Bu dünýäde birje gyzy ýok kışı,
Mydam göwni ýarym,
Ýüregi ýuka.
Kalbynyñ çuñunda bardyr elemi.
Senem bu dünýäde şu güne çenli,
Görmän ulalypsyñ kaka mährini,
Hemem bir adama diýmänsiñ kaka.
Men bir mahal juda bagtly ekenim,
Soñra bagtly günlerime göz degdi.
Kebelegi deýin bagy Eremiñ
Gyzjagazmy ýitirdim men.
Gözlerimden akyp-akyp eredim.
Şondan bäri ýörün ýüregi ýetim.
Bolmady şol bir gün çöregim bitin...
Gyz balamy ýitirdim men,
Ýaz balamy aldyrdym men.
Yöne günleñ bir gününde,
Bir bagtyýar gününde,
Saña sataşdyrdy ykbal.
Bes et diýen ýaly hasrat-elemi.
Eý ömrümiñ nowça güli,
Eý köñlümiñ melegi!
Men gyzymy ýatlap uzak agladym,
Sen kakañy ýatlap kän-kän solansyñ.
Gel sen meniñ şol ýitiren gyzym bol,
Men señ kyýamatlyk kakañ bolaýyn.
33
90
sofii
10.12.2023 12:05
DÜRLI ÝURTLARDAKY IŇ TÄSIN TÄZE ÝYL YRYMLARY
Halklaryň biri-birinden ýüz keşbi, gylyk-häsiýeti, edim-gylymy bilen tapawutly bolşy ýaly, yrym-ynanjy-da birmeňzeş däl. Bu aýdanlarymyz Täze ýyl yrymlary babatynda-da şeýle. Emma dürli-dürli täsin yrymlar bilen tanyşdygyňça, başga bir zada has anyk göz ýetirýärsiň: haýsy halkyň wekilidigine garamazdan, adam nämedir bir zady yrym etmek bilen, şu gün, hut häzir nähilidir bir gudratly güýjüň kömegi arkaly iň süýji arzuwlarynyň wysal bolmagyna, has dogrusy, öňküsinden has bagtly bolmaga ynam baglaýar. Geliň, bizem ertekä mahsus howasy bilen hemmeleriň söýgüli baýramyna öwrülen Täze ýyl baýramynda dürli ýurtlarda ýerine ýetirilýän täsin yrymlar bilen tanyş bolalyň!
Fransiýa
Bu ýurtda esasy Täze ýyl tagamy öý bikesiniň içinde noýba gizläp bişiren tortudyr. Yryma görä, kimiň iýip oturan tort böleginden şol gizlenen noýba çyksa, onda ol adam geljek ýylda ähli arzuwlaryna ýeter.
Braziliýa
Bu ýurtdakylaryň köpüsi Täze ýyl baýramyny ummanyň kenarynda belläp geçýärler. Olar gije sagat on ikä golaýlap, sagadyň zaňlarynyň kakylýan wagtynda ýedi tolkundan böküp geçmäge synanyşýarlar we her tolkunda bir arzuw edýärler. Eger kimde-kim şol ýedi tolkundan sag-aman geçip bilse, onuň indiki 12 aýda hemme arzuwlary hökman amala aşar diýip begenýärler.
Ispaniýa
Ispaniýada Täze ýyl saçagynda hökman üzüm goýulýar. Haçan-da, sagat gije on ikiniň bolandygyny aňladyp zaňlar kakylyp başlanda bolsa, her zaň bilen bir üzüm dänesini iýmäge çalyşýarlar. Ispanlar şeýle etmek bilen, her üzüm dänesini täze arzuw, üzüm dänesini iýmek bolsa, şol arzuwyň hasyl boljakdygynyň alamaty diýip kabul edýärler.
Şotlandiýa
Bu ýurtda dürli alamatlara we yrymlara köp üns berilýär, meselem, ýanyp duran ot bu halkda geçmiş bilen aýrylyşmaga kömek edýän esasy elementdir. Şonuň üçin, ähli maşgala agzalary Täze ýyl güni öň bolup geçen haýsydyr bir kynçylyklary ýatladýan ýa-da olar bilen baglanyşdyrýan zatlary ojakda ýakýarlar we oda seredip, indiki geljek 365 gün hakda süýji arzuw edýärler. Soňra maşgalabaşy geçen ýyl bilen hoşlaşyp, täzesini jaýa goýberýän adam hökmünde öýüň daşky gapysyny açyp goýýar.
Ýaponiýa
Ýaponiýa «Günüň dogýan ýurdy» diýlip at berilmegi, hakykatdanam, ýöne ýere däl. Çünki Täze ýyl arzuwlary bu ýurtda gije däl-de, daň atandan soňra edilýär. Ýaponlaryň yrymyna görä, adam öz arzuwlarynyň hasyl bolmagyny isleýän bolsa, hökmany suratda, daň atan çagy Günüň Ýere düşýän ilkinji şöhlelerini görmelidir.
Daniýa we Germaniýa
Bu iki ýurduň ýaşaýjylary Täze ýylyň gelendigini buşlaýan sagat zaňlarynyň kakylýan wagty oturan oturgyçlaryna münüp dik durýarlar we sagat iň soňky zaňyny uranda oturgyçdan bat bilen aşak bökýärler. Bu hereket olarda arzuwlary hasyl etjek bagtly geljege tarap bökmek diýlen simwoliki manyny aňladýar.
Bolgariýa
Bolgarlar Täze ýylyň ilkinji sekuntlaryny garaňkylykda geçirýärler. Olar Täze ýylyň golaýlap gelýän ýakymly pursatynda çyrany öçürýärler we sagadyň 12 urgusynyň dowamynda öz ýakyn adamlaryny gözläp başlaýarlar. Eger olar öz ýakyn adamlaryny tapyp başarsalar we iň esasysy-da, olary gujaklap öpseler arzuwlar hökman hasyl bolar diýip ynanýarlar.
34
143
sofii
09.12.2023 19:50
Gynançly aýdymy nädip ýerine ýetirmeli?
Göz öňüňize getiriň, siz 4 ýaşyňyzda. Siz zordan buzgaýmak aldyňyz we iýip gelýärkäňiz, ýere ,,palç\" edip düşdi. Siziň şol wagtdaky reaksiýaňyz nähili bolsa, şoňa meňzeş edýäňiz...
😂😂😂
Är-aýal elleri goşly uçar menziline gelýärler. Adamsy aýalyna:
- Ýene-de bir gezek goşlaryňy barla. Ýatdan çykan zat bolaýmasyn-diýipdir. Aýaly goşlary barlaşdyryp görýär-de:
-Diwan, diwan - diýip elewräp başlaýar. Adamsy geň galyp:
- Sen näme dälirediňmi? Ýeri bu ýerde diwanyň näme geregi bar?- diýipdir.
- Wah, şool diwanyň üstünde biziň pasportlarymyz bardy-da...
😂🤣
-Goňşy, bazarlapsyň-la?
-Aý, hawa. Şlýapa aljak boldum weli, göwnüme ýaranyny tapmadym
-Kelläňe ýaranyny alaý
😅😅
Adamsy aýalyna:
- Mähribanym, saýla! Sen daşary ýurda gezelenje gitjekmi ýa-da saňa daşary ýurt paltosyny alyp bereýinmi? Haýsysy?
Aýaly:
- Bilýänmi, ezizim! Gowsy, daşary ýurda gezelenje gideli. Ol ýerde gowy paltolar köpmüş.
😂😂
45
341
sofii
07.12.2023 13:55
Gündogar senenamasyna laýyklykda, 2024-nji ýyl Ýaşyl agaç aždarhasynyň ýyly hasap edilýär. Geljek ýylda şowlulygyň we abadançylygyň ýaran bolmagy üçin Täze ýyl geýimlerini saýlan mahalyňyz bu mifiki jandaryň isleglerini göz öňünde tutmak möhümdir.
Reňk
Aždarha imperatorlygyň häkimiýetiniň we rahatlyga ymtylmagyň nyşanydyr. Şonuň üçin Täze ýyl geýimleriniň reňki açyk we gelşikli bolmalydyr. Terrakota, gyzyl, altynsow we kümüş öwüşginli reňkler laýyk bolar. Aždarhanyň derisini ýada salýan uçgunlar bolsa hem gelşikli bolar.
2024-nji ýyl — Ýaşyl Aždarhanyň ýyly bolansoň, ýylyň esasy reňkiniň ýaşyl boljakdygy göwnejaýdyr. Narpyzdan zümerrede çenli halaýan reňk öwüşginleriňizi saýlap bilersiňiz.
Ak we gök reňkleri saýlamaly däldir. Hytaýda ak ýas reňki hasaplanýar, gök reňki bolsa aždarha halamaýar.
Täleýnama boýunça maslahatlar
Ot nyşanlylara — hamallara, sowurlara we kowuslara iň gowsy gyzyl-altyn reňk laýyk bolar.
Ýer nyşanlylara — jedi, sünbüle hem-de sowurlara — sary-altyn öwüşginler, şeýle-de goňur öwüşginli we metal şekilli matalar kybap geler.
Suw nyşanlylara — balyklara, seretanlara hem-de akraplara kümüşsöw öwüşginler ýa-da ak-altyn reňkli geýimler şowly bolar.
Howa nyşanlylara — ekizeklere, terezilere we daluwlara — akwamarin, sapfir ýa-da birýuza ýaly ýaldyraýan reňkler göwnejaý bolsa gerek.
2024-iň Täze ýyl keşbinde aksessuarlar we materiallar
Täze ýylyň keşbinde aksessuarlar aýdyň we göze ilýän görnüşde bolmalydyr. Esasan hem uly daşlar, göwrümli şaý-sepler, ýalpyldawuk zaponkalar, gulakhalkalar, ajaýyp broşkalar, uly ysyrgalar we saçbaglar has gelşikli keşbi döreder.
2024-nji ýylyň baýramçylyk lybaslary mahmal, ýüpek, parça, atlas ýaly gymmat bahaly we owadan matalardan tikilen bolmalydyr.
20
27
sofii
29.11.2023 20:34
GYZLAR GÜLÜP GARANDA...
Ýigit bagtda hakyň bar,
Gyzlar gülüp garanda.
Gamgyn göwün galkynýar,
Gülki göwne ýaranda.
Edepli gyz aň bolar,
Sözi gyzla deň bolar,
Dünýe dymar diň salar,
Sözlär setan-seýranda.
Ýöreýşinde döwlet bar,
Bet işlere böwet bor,
Bagty ýylgyryp bakar,
Nazaryny aýlanda.
Mährem gyzlaň barynda,
Bor yhlasy ýarynda,
Namyslydyr, arynda,
Mertebesin goranda.
Gyz kalbynyň bezegi,
Duýgularnyň näzigi,
Ýeke-täk bir ýazygy,
Näzi, çyny bir ýanda.
Hyýal gelip bu sere,
Hoş söz diýdim bir perä,
Uýalyp bakyp ýere,
Barmagna saç oranda.
Illi, bir bagt utsadym,
Islegimi aýtsadym,
Aýnasyny tutsadym,
Gyzlar saçyn daranda.
25
29