sofii
11.12.2023 14:07
REŇKINI ÜÝTGEDIP BOLÝAN MATA DÖREDILDI!

Gonkongyň dizaýn sungatynda emeli aň laboratoriýasynyň alymlary reňkini üýtgedýän mata oýlap tapdylar. Bu barada «Habar 24» ýazýar.

Täze tehnologiýa diňe bir moda pudagynda üstünlik bolman, egin-eşik önümçiliginde daşky gurşawy hapalamak meselesiniň hem oňat çözgüdi bolup biler.

Gonkongdaky laboratoriýanyň işgärleri reňkini tiz üýtgedip bolýan matany döretmekde Britaniýanyň Patyşalyk sungat kolleji bilen işleşdiler.

Ýagny mata emeli aň tehnologiýaly kindiwanja kamera bilen üpjün edilendir. Reňki üýtgetmek üçin kamera belli bir yşaraty etmek ýeterlikdir, mysal üçin, dik başam barmak – gök, ýürek şekili – gülgün, makullamak manysyndaky yşarat bolsa, ýaşyl reňki aňladýar.

Reňkleri eltelefondaky ýörite goşmaça arkaly hem üýtgedip bolýar.

Alymlar täze matanyň ýumşakdygyny, ekologik taýdan arassadygyny gürrüň berýärler.

Häzirki wagtda täze matany Gonkongyň söwda merkezlerinde we sergilerde synlamak bolýar.
40
231
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.