Manyly hekaýa (hekaýany haladym)
Bir korolyň öz hyzmatkärlerini jezalandyrmak üçin iti bar eken. Bir güni korolyň hyzmatkäri ýalňyşlyk goýberýär we korol ony itiniň öňüne taşlamagy buýurýar. Hyzmatkär:
-Men saňa 10 ýyl hyzmat etdim. Indi jezalanmazymdan ozal, maña 10 gün möhlet ber!-diýýär.
Korol pikirlenýär we razy bolýar.
Hyzmatkär itleriň garawulyna baryp:
-Men seniň ornuňa 10 gün bolaryn-diýýär. Garawul razy bolýar.
Hyzmatkär itlere nahar berip, alada edip başlaýar. Şonda-da korol 10 günden soň, hyzmatkäri itiň öňüne taşlamagy buýurýar. Emma korol ýabany itleriň hyzmatkäre ylgaman, onuň aýagyny diňe ýalaýandyklaryna haýran galýar.
-Meniň itlerime näme boldy?-diýip, korol gygyrýar.
Şonda hyzmatkäriň beren jogaby:
-Men bu itlere bary-ýogy 10 gün seretdim we olar meniň mährimi ýadyndan çykarmadylar, saňa bolsa men bütin 10 ýyl hyzmat etdim, sen bolsa bir ýalňyşdan soň hemme zady ýatdan çykardyň\"
📌Rus dilinden terjime eden:
@beautiful_