sofii
25.01.2024 13:11
Balzak eser ýazanda hökman öňünde şem ýanyp durmaly eken. Her gün belli bir sahypa ýazmaga endik edinen meşhur ýazyjy ýazan wagty köplenç başyna ýüň ýaglyk daňyp, aýaklaryny hem suwa sokar eken.


Balzak eserlerindäki gahrymanlarynyň durmuşda hakykatdanam ýaşaýandygyna ynanypdyr. Balzak agyr syrkawlap ýatanda romanlarynyň birindäki lukmanyň adyny tutup, şony çagyrmaklaryny haýyş edipdir. Ol agyr halda ýatyrka: “Meni bu keselden diňe şol lukman halas eder” diýip, zol-zol gaýtalaýarmyş.

______________

Aleksandr Dýuma iň bezemen eşiklerini geýip, ýakasyna-da bir güljagaz ildirip, soň ýazuw stolunyň başyna geçýär eken. Dynman ýazmagy özüne endik edinen ýazyjy hyzmatkärine otygynyň daşyndan gulpladyp, ýazýan zadyny tamamlaýança daşaryk çykmandyr.

_____________

Dante bolsa belli bir zada ünsüni jemlemekde deňsiz taýsyzlaryň biri eken. Bir gün ol köçäniň gyrasynda oturyp üç sagatlap kellesini galdyrman kitap okapdyr. Kitaby okap bolandan soň, köçede uly dabaranyň bolup geçendigini aýtsalar, ýazyjy muňa ynanmandyr. Sebäbi uly şowhun onuň ünsüni sähelçe-de bozmandyr.

_______________

Anton Pawlowiç Çehow “döredijilik işine juda päsgel berýär” diýip, hakyky käri bolan lukmançylygy taşlaýar.

_______________

Iňlis ýazyjysy Çarlz Dikkens nirede bolsa-da, krowadyny kompasyň görkezýän ugry boýunça süýşürip, kellesini mydama demirgazyga goýup ýatypdyr. Ol diňe şeýle ýatanda ýeriň elektromagnit togy öz bedeninden oňaýly ýagdaýda geçýändir öýdüp pikir edipdir.

____________________

Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” atly romany çap edilen soň ýazyjyny “ýygnap” azar-ýamanyny berýärler. Romanyň ýokary çeperçiligi ýazyjynyň öň haçanam bolsa bir wagt jenaýat edendigini dogrusynda hukuk goraýjylary şübhelendiripdir.

________________

Beýik rus ýazyjysy Lew Nikolaýewiç Tolstoý örän sagdyn adam bolupdyr. Ýaşlygynda ol inçekeseli ýeňip geçipdir. Ýazyjy 75 ýaşynda welosiped sürmegi öwrenipdir, 80 ýaşynda atyň eýerinde ykjam oturyp 20 wýorst (1 wýorst=1.06 km) aralyga çapdyryp gitmegi başarypdyr.


Edebi işinden gaty ýadan wagty Lew Nikolaýewiç başga işlere gümra bolupdyr. Grek dilini öwrenipdir, hojalyk işlerine güýmenipdir, daýhanlaryň çagalary üçin harplyk ýazypdyr, filosofiýa degişli kitaplary okapdyr, makalalar ýazypdyr. Ýazyjy ömrüniň ahyryna çenli hökgerip galan garra öwrülmändir.

Çeşme: turkmengazet.com
44
206
sofii
24.01.2024 16:28
Baýlyk adama hakyky dost getirip bilmez, ýöne güýçli duşman getirip biler...
29
57
sofii
24.01.2024 13:25
Öz gowy gören nakyl ýa-da manyly sözden birisini ýazmagyňyzy haýyş edýärin!
27
146
sofii
21.01.2024 17:24
Immun ulgamyny güýçlendirmek üçin haýsy iýmitleri iýmeli?

Gyş kesellerinden goranmak üçin bu iýmitleri iýmek hökmanydyr! Özümizi howp salýan kesellerden goramagyň iň täsirli usullaryndan biri, bedenimize ýokançlyga sebäp bolýan wiruslar we bakteriýalar ýaly mikroorganizmleriň zyýanly täsirlerinden galkan bolup işleýän immunitetimizi güýçlendirmekdir. Immun ulgamyny güýçlendirmek üçin üç esasy düzgün:

1. Suw içmegi ýatdan çykarmazlyk;
2. Uka üns bermek;
3. Iýmitimiziň deňagramlydygyna göz ýetirmek.
Ine, kesellerden goranmak üçin yzygiderli iýmeli iýmitleriňiz:

Balyk – omega 3 ýag kislotalarynyň iň möhüm çeşmesidir. Beden omega 3 ýagyny öndürmeýär we şonuň üçin iýmit arkaly almalybolýar. Bedenden kesel döredýän birleşmeleri aýyrmaga kömek edýän omega 3 almak üçin hepdede 2-3 gezek balyk iýmegi unutmaň!

Ýumurtga – immun ulgamyny güýçlendirmek üçin ýeterlik belok almak möhümdir. Ýumurtga iň ýokary hilli belok çeşmesi hökmünde hem bellidir. Şeýle-de, ýumurtga A we B witaminleri, demir, sink we fol turşusy bilen tapawutlanýar. Saglyk meseläňiz ýa-da allergiýaňyz ýok bolsa, hepdede azyndan 3-4 gezek günde 1 ýumurtga iýip bilersiňiz.

Sarymsak – toksinlere garşy göreşip, rak we ýürek-damar keselleri ýaly dürli keselleriň öňüni alyş täsirini görkezýär. Esasanam, sarymsakdan tapylan allisin antibakterial we wirusa garşy täsir edýär.

Gök çaý – metabolizmanyň has çalt işlemegine kömek edip, ganyň şekeriniň duýdansyz üýtgemeginiň öňüni alyp, horlanmaga kömek edýär. Immunitet ulgamyny güýçlendirýän antioksidantlara baýdyr. Şeýle-de bolsa, aşa gaýnag suwa gök çaý goşsaňyz, ýapraklaryndaky antioksidantlaryň täsirini ýitirmegine sebäp bolarsyňyz.

Kefir – kalsiý, magniý, fosfor, şeýle hem beloga baý we probiotik düzümi bilen tapawutlanýan süýt önümidir. Probiotikleriň içegäniň ösümlik dünýäsini kadalaşdyrýandygy we kesellere garşy durmaga kömek edýändigi mälimdir.
21
20
sofii
20.01.2024 17:58
Ýadyňy nädip türgenleşdirmeli?

Häzir kelläňize gelen şahyrlaryň ýa-da ýazyjylaryň adyny, familiýasyny ýatdan aýtmaga synanyşyň. Eger siz hiç hili kynçylyksyz 12 —15 awtoryň ady, familiýasyny aýdyp bilseňiz, onda bu ýagdaý oňat bahalanýar. Şahyrlaryň ýany bilen islendik gurşawdaky zatlary aýtmak hem bolýar (meselem: adamlaryň, öý ösümlikleriniň atlary, matematika degişli dürli düşünjeler, şekillendiriş sungaty we şuňa meňzeşler).

«MESELÄ GÖNÜKMEKLIK» GÖNÜKMESI

Bu ýönekeý gönükme bolup, meselä gönükmeklik endigiňizi ösdürmäge ýardam edýär, ýagny sözleri tersine aýtmak: surat — tarus, kitap — patik, üzüm — müzü.

Kagyza seretmän, sözleri tersligine okamaly däl-de, tersligine dilden aýtmaly. Islendik bir sözi alyp, ýokardaky ýaly görnüşde çalt-çalt aýtmaly. Ilki bilen, bir bogunly sözleri aýtsaňyz, meselem: gül — lüg, dil — lid, aý — ýa we şuňa meňzeşler. Soňra iki bogunly sözlere geçmeli: älem — melä, meýdan — nadýem we şuňa meňzeşler.

«IŞDE ÝADY TÜRGENLEŞDIRMEK» GÖNÜKMELERI

1. Iş gününiň başynda özüňizden soraň: «Men bu gün ilki bilen näme etmeli, ikinjiden, üçünjiden?..» Eger size bu sowala jogap bermek kyn bolsa, onda siz depderçäňizde ýa-da gündeligiňizde ýazylanlary ýatdan göz öňüne getiriň. Ähli ýazgylary ýada salyň! Ylaýta-da, öz eliňiz bilen ýazylan gysgaldylan sözler, ýazgylaryň yzygiderliligi.
2. Siz iş günüňizi dört sany deň aralyklara bölüň. Olaryň her bir aralygynda islendik bir iş ýagdaýyny ýa-da bir işgäriňizi hyýalyňyzda janlandyryp, ony surata düşürmäge synanyşyň. Ony şeýle amala aşyrmaly: bellenen ýagdaý ýüze çykanda, iş ýeriňizde ony hyýalyňyza getiriň-de, çarçuwanyň içine ýerleşdiriň. Şol ýagdaýy çarçuwada 3 — 5 sekunt saklaň. Dört ýagdaýyň aralygyndan ýene-de başlangyç ýagdaýy göz öňüne getiriň. Soňra şol wagtky ähli ýagdaýlary yzygiderlilikde göz öňüne getiriň. Indiki gün öz etmeli işleriňizi ýatlanyňyzda size diňe düýnki başlangyç ýagdaýy ýadyňa salmak ýeterlikdir.
3. Bu gönükmede gyzykly, ýatdan çykmajak ýagdaýlaryňyzdan birini göz öňüne getirmeli bolýarsyňyz. Şol ýagdaý sizde rahatlygy, şatlygy döretmeli. Bu ýagdaýyň ähli beden myşsalaryna edýän täsirini ünsli seljeriň. Ýüzüň, boýnuň we gursagyň myşsalarynda ýakymly duýgular ýüze çykýar. Olaryň täsiri dem alyşda hem mälim bolýar. Her ýagdaýy jikme-jik duýanyňyzdan soň ýatda saklamaly maglumatlaryňyzy kelläňizde aýlaň.
4. Siz iş stoluňyzyň üstündäki zatlary öňki tertipde däl-de, şeýle bir ýagdaýda goýuň, goý, olar siziň işjeň ünsüňizi özüne çeksin!

«DURMUŞDA ÝADY TÜRGENLEŞDIRMEK» GÖNÜKMELERI

1. Günde täze maglumatlary okaň.
2. Kinony we gepleşikleri görüp bolanyňyzdan soň, ony başdan ahyryna çenli ýadyňyza düşürmäge synanyşyň.
3. Näme satyn almalydygy baradaky sanaw ýazgyda däl-de, kelläňizde bolsun.
4. Edil şu mahal näme edýändigiňiz barada pikirleniň.
5. Umumy we tötänden duşan tanyşlaryňyzyň, olaryň maşgala agzalarynyň atlaryny ýatda saklamaga synanyşyň. Bu nerw ulgamyňyzy goraýar we kelle beýniňiziň gan aýlanyşyny gowulandyrýar.
6. Gerekli telefon belgileriniň ählisini ýatlaň.
7. Günüň ahyrynda bolan wakalary ýatlap geçiň.
8. Doglan günleri, dersleriň rejelerini ýatda saklamaga synanyşyň.
9. Gyzyklandyrýan meseleleri, pikirleri bellemek üçin ýörite depderçe ulanyň.

Netije: ýatkeşligi ýaramaz adam ýokdur, diňe biz ondan nähili peýdalanmalydygyny öwrenmelidiris!
34
186
sofii
19.01.2024 19:49
Başlamakdan gorkmak duýgusy

Üstünlik gazanmak isleýän adamlaryň birnäçesi isleglerini meýilleşdireninden soň hem herekete geçmezligi, maksadyna ýetmek üçin birinji ädimini ätmeýändikleri sebäpli, ähli azaplary puja çykýandyr. Olar öz içki duýgularyna bagly bolup galmak bilen öz daşky dünýäsini üýtgedip, gowy netijelere ýol açyp biljek birinji ädimlerini ätmegi başarmaýarlar.

Maksady ugrunda herekete geçmezligiň sebäpleri dürli-dürlüdir.

– Käbir ynsanlar “Ýaltaçylykdan” herekete geçmeýärler.

Munda ýadaw we passiw duýgularyň bir işi ýerine ýetirmäge gurbatynyň ýoklugy bilen herekete geçmekde kynçylyklara duçar bolýarlar.

– Käbir ynsanlar bolsa “Ýeňilmek gorkusy” sebäpli herekete geçmeýärler.

Üstünligiň hyýaly bilen ýaşaýan pursatlarynda ajy hakykatyň mundan üstün çykmagyndan howatyrlanýarlar.

– Bir başga toparyň ynsanlary bolsa özlerine “ynamsyzlygy” sebäpli herekete geçmeýärler.

Özüni maksatlaryny amala aşyrmagyň ýolunda ýeterlik güýçli hasaplamaýarlar. Şonuň üçin hem başarjaňlyk her kimiň öz içki duýgularyny ýeňmegi bilen başlanýar. Durmuşda ähli meşhurlyk gazanan adamlar ynam güýji ýokary bolan adamlardyr. Munda her bir üstünlige ýol açan täze pursatlar başlanýar. Täze pursatlar hem täze durmuşyň mizemez başlangyjydyr.

Ähli zat içiňizdäki islegler bilen başlanýar. Sizi ýokarlygyna, ýagny üstünlige sary bir güýç çekmäge çalyşar. Emma, ýaltalyk, gorkaklyk, ynamsyzlyk aýagyňyzdan aslyşar. Eger-de bu päsgelçiligi ýeňip geçmegi başaran halatyňyzda, üstünliklere gadam basanyňyza göz ýetirmäge başlarsyňyz. Arasynda durup, başlangyjyňyza ser salarsyňyz.
29
124
sofii
19.01.2024 15:10
Siz nähili ýagdaýda uklaýarsyňyz?

Hytaý akyldarlary: «Keramatly adamlar arkan ýatar, günäli, etmişliler — garnynyň üstüne, hökümdarlar sagyna, danalar çepine ýatarlar» diýip belleýärler.

Bu ugurdan ýörite barlaglary geçiren alymlar: «Adamyň uklan wagty ýatyşyndan onuň psihiki ýagdaýyny bilmek bolýar» diýen netijä gelipdirler. Bu barada fransuz psihology Pýer Dawo hem şeýle pikiri orta atypdyr: «Mundan ýeňil zat ýok. Adamyň psihologiýasyny onuň nähili uklaýandygyndan bilmek bolýar».

Eger adam garnynyň üstüne ýatsa, diýmek, ony işdäki näsazlyklar horlaýar.

Gaşyny büräp ýatýanlar kyn güne düşenlerdir.

Ýassyk gujaklap ýatýan kişi hakyky söýgä mätäç adamlardyr.

Ýylgyryp ýatýan adamlar ýalňyzlykdan ejir çekýän, kömege mätäç adamlardyr.

Asmana seredip ýatýanlar çalasyn, öz maksatlary ugrunda göreşiji adamlardyr.

Eger adam sag tarapyna ýatsa, onuň işde uly hormaty bardyr.

Çep tarapyna ýatýanlar döredijilik adamlarydyr.

Eýsem, siz nähili ýagdaýda ýatýarsyňyz?!
30
193
sofii
18.01.2024 20:59
Dostluk näme üçin soňlanýar?

Dostluk birnäçe sebäplere görä soňlanyp biler. Sebäbi iki adamyň arasyndaky gatnaşyk deň däl. Şeýle-de bolsa, dostlugyňyzy erbet ýagdaýa saljak ýa-da soňuna çykjak käbir ýagdaýlar bar.

Ýüzbe-ýüz köp duşuşmazlyk. Sosial torlardaky dostlaryňyz bilen internet arkaly yzygiderli aragatnaşykda bolup bilersiňiz. Ýöne olar bilen ýüzbe-ýüz görüşip wagtyňyzy gyzykly geçirip gördüňizmi? Eger-de ýüzbe-ýüz duşuşyklar ýuwaş-ýuwaşdan azalýan bolsa, bu siziň biri-biriňizden aýrylmagyna hat-da dostlugyňyzy bes etmegiňize sebäp bolup biler. Bu ýagdaýa çemeleşmek gaty ýönekeý, dostlaryňyz bilen wagtyňyzy gyzykly geçiriň! Mümkin boldugyça sosial torlara sarp edýän wagtyňyzy azaldyň we size ähmiýet berýän adamlar bilen duşuşyň.

Garşylyksyz goýmak. Gatnaşyklar hemişe deň derejede bermek we almak esaslaryna esaslanmasa-da, beriji hemişe bir tarapda bolsa we hiç haçan girdeji almasa, bu deňagramlylygy bozar we dostlugyňyzy bes eder. Jogap bermeýän tarap özüne ideg edilmeýändigini duýýar. Belli bir wagtdan soň tebigy ýagdaýda has gyzyklanýan adamlara ýüzlenýär. Bu ýagdaý tebigydyr.

Negatiw bolmak. Bu meselede her kimiň dürli-dürli pikiri bolup biler. Gatnaşykda aşa negatiw energiýanyň bardygyny diňe taraplar çözer. Dostuňyza negatiw çemeleşýän bolsaňyz, munuň sebäbini pikirlenmeli. Özüňize ynam ýokmy? Başga bir zada gaharyňyz gelýärmi, ýöne agyryny dostuňyzdan çykarmak has aňsatmy? Meseläniň nämedigini biliň we ony düzetmäge synanyşyň. Bu garaýşyň size täze dost tapmagyňyza päsgel berýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Gabat gelmezlik. Dostlugyň ýeke-täk ynamy, belli bir wagt gatnaşyklaryň üýtgemegidir. Bu üýtgeşmäniň derejesi we görnüşi, gatnaşykda ýaşaýan adama görä tapawutlanýar. Käbir adamlar dostlaryndan daşlaşyp, käbir ýagdaýlar üýtgän mahaly täze ýagdaýyna has ýakyn birini gözläp bilerler. Mysal üçin, käbir adamlar durmuşa çykansoň we durmuşa çykan adamlar bilen ýygy-ýygydan duşuşandan soň ýeke dostlaryndan uzak durmagy saýlap bilerler.

Dostlugyň üýtgemeginiň dürli sebäpleri bolup biler. Adamlar biri-birinden tapawutlanýar we dürli pikirleriň bolmagy adaty zat. Mesele olar hakda sagdyn gürleşip bilmezlikden başlaýar. Dawa-jenjeli bolan adamlaryň umumy ýalňyşlyklaryny aşakdaky ýaly sanap bolar:

* Mesele ýok ýaly hereket etmek, ýöne meseläniň ösmegine ýol bermek;

* Gepleşjek bolýan adamy diňlemezlik, äsgermezlik etmek;

* Dawa-jenjeli gozgamak, ýöne gapma-garşy adamyň arkasynda gürlemekden çekinmezlik;

* Dostuňyzyň özüni alyp barşyny açyp görkezýän belliklere ähmiýet bermezlik.
26
104
sofii
18.01.2024 17:14
Geň we gyzykly maglumatlar

1. Alýaskanyň baýdagyny 13 ýaşar çaga oýlap tapypdyr.

2. Hiç bir ýurtda esgerler çep el bilen salamlaşmaýarlar.

3. Antarktidanyň halkara telefon kody - 672.

4. Kapitan Kuk Ýeriň hemme ýerlerini aýlanyp, diňe Antarktidany görmedik ilkinji adam.

5. Iňlis kitaphanalarynda iň köp Ginnesiň rekordlar kitaby ogurlanýar.

6. Sahara çölünde 1979-njy ýylyň 18-nji fewralynda gar ýagypdyr.

7. Kanada meýdany boýunça Hytaýdan, Hytaý bolsa ABŞ-dan uly.

8. 1983 ýylda çaga dogulmadyk ýeke ýurt—Watikan.

9. Nil iki gezek buz bilen örtülen - IX bilen XI asyrda.

10. Las-Wegasyň oýunhanalarynda sagat ýok.

11. Italiýadaky Barbi gurjaklary Kanadadaky kanadalylardan köp.

12. Fransiýadaky kanun adamyň ýüz görnüşine meňzemedik gurjaklary satmaklyk gadagan edilen. Meselem, özge planetalyk.

13. Ýigrimi çagadan diňe bir çaga lukman aýdan günde dünýä inýän eken.

14. Gadymy grekler ogul çagany garnyň sag böleginde, gyzy bolsa çep tarapynda ýatýar diýip hasaplapdyrlar.

15. Gadymy Rimde näsag operasiýa wagtynda aradan çyksa, lukmanlar jeza ornuna elini kesip taşlapdyrlar.

16. Adamyň kellesiniň ortaça agramy 3,6 kilogramdyr.

17. Dünýäde iň köp ýerine ýetirilýän aýdym - Haррy birthday to you - awtorlyk hukugy saklanan.

18. Gorkunç filmlerdäki gorkunç aýdymlary ,,woterfon" diýlip atlandyrylýan esbabyň kömegi bilen çalýarlar.

19. Sagat reklamalarynda hemme ýerine ýetirýän bir düzgün bar - sagadyñ dilini 10:10 diýip düzetmek.

20. Bir gyl saç 3 kilogram agramy göterip bilýär.

21. Ýewropalylar žirafy birinji gezek görende, olary ,,düýeleopard" diýip atlandyrypdyrlar. Düýe bilen leopardyň goşulmagyndan emele gelen diýip pikir eden bolsa gerek.

22. Bedeni çakanda, iň uly beýnä eýe - garynja.

23. Ýer ýüzünde 70 göterimden köpräk janly ýaşaýşy bakteriýalar tutýar.

24. Her ýyly ýylanyň zäherinden däl, arynyň çakanyndan jan tabşyrýanlar köp.

25. Akulalarda rak keseline garşy immunitet saklanandyr.

26. Deňiz ýyldyzy öz garnyny ters öwrüp bilýär.

27. Suw içmän iň köp çydaýan haýwan - syçan.

28. Suw sygyrlary (begamot) suw astynda dogulýar.

29. Körsyçan bir gijede uzynlygy 76 metre golaýlaýan tunnel gazyp bilýär.

30. Ulitkalarda, takmynan, 25 000 diş bar.

31. Kolibralar ýöräp bilmeýär.

32. Balyň bir kilogramyny ýasamak üçin, arylar 2 million güli aralap çykmalydyr.

33. Soňky 4000 ýylda birde-bir haýwan eldekileşdirilmändir.

34. Kepeleklerde aşgazan ýok.

35. Şimpanze—özüni aýnadan tanap bilýän ýeke haýwan.
29
157
sofii
15.01.2024 13:49
Meniň hobbim we menden maslahatlar

Islendik bir adamda doglanyndan başaryp bilýän bir işi ýa-da hobbi bolýar. Käbir adamlar «men hiç zat başaryp bilemok», «men pylan adam ýaly däl» diýip gaýgyrýarlar. Ýöne, näme üçin siz gaýgyrmaly? Siziň şol adama meňzemegiňiz ýa-da siziň göwnüňizdäki işiňizi başarmak hökmanmy? Siz «men başaryp bilemok» diýip gaýgyrmaň, gaýtam, täze zatlaryň we işleriň gözleginde boluň! Siz göwnüňizdäki işiňizi başaryp bileňzokmy, diýmek, siz ondan gowusyny başarýansyňyz. Siz meňzemek isleýän adamyňyza meňzäňzokmy, diýmek, siz şol adamyň edip bilýän işinden has gowusyny başarýaňyz.

Men boş wagtymda ýa-da mugallymlarymyň aýtmagy bilen goşgy düzýärin. Başardygymdan, rus dilinde hem düzýärin. Diňe bir goşgy däl, eýsem, hekaýa, erteki hem ýazýaryn. Goşgy, erteki ýaly çeper eserleri ýazmak şeýle aňsat däl. Ýöne, mende höwes bolanlygy sebäpli, men üçin beýle kyn däl. Men şu babatda, özümde bolan bir wakany beýan etmekçi.
Men ilkinji goşgumy başlangyç synp wagtymda, Sümbül mugallymym üçin düzüpdim. Şol wagt mugallymym synpdan çykyp gidipdi, synpdaşlarym bolsa oýnaýardylar, gürrüňleşýärdiler. Men bolsa, umumy depder alyp, içine ylhamym geleninden goşgy düzmäge başladym. Aslynda, men goşgy düzjek bolamokdym, diňe güýmenje üçindi. Ýazdym, 7-8 setirlik goşgy setirleri emele geldi. Men ony muggalymym gelende görkezdim. Mugallymym okap gördi, synpdaşlarymyň öňündede okady. Ondan soň meniň berekellamy ýetirdi. Soň bolsa, meniň goşgumy usuly otaga baryp, käbir mugallymlaryň öňünde okamaga gitdi. Şol gün men begendim, kiçi bolsam-da, ylhamymdan goşgy düzenime, mugallymymy begendirenime. Şondan soň, men goşgy düzüp başladym.
Men goşgy düzenimde, goşgy setirlerini sazlaşykly alyp barmaga çalyşýaryn. Meselem, özümiň goşgumdan bir bent:

Bahar geldi, gül tebigat janlandy,
Bulaklaryň sesi batly ýaňlandy.
Gyşda «dynç alan» käbir haýwanlar,
Bilbilleriň mukamyna oýandy.

Siz goşgy ýazmakçy bolsaňyz, iň esasy iki zada üns bermeli:
1. Goşgunyň sazlaşygyna
2. Goşgunyň temasy boýunça ýazylmagyna (güýz pasly hakynda ýazmakçy bolsaňyz, güýz paslyndaky wakalar, üýtgeşmeler bilen baglanyşykly bolmaly. Başgaça aýdanymyzda, bir tipde ýazylmaly.)

Eýsem, goşgy näme? Adam durmuşynyň dürli meselelerini, inçe ynsan duýgularyny çeper söz üsti bilen aňladylýan çeper esere goşgy diýilýär. Goşgy düzülende, sözleriň, setirleriň sazlaşygy, bogun ölçegleri berk saklanýar.
Türkmen edebiýatynda goşgy düzüliş görnüşleri dürli bolýar.
Ikileme—mesnewi—iki setirli sazlaşyk: a a; b b; w w...
Gazal—iki setirli sazlaşyk: a, a; b, a; w, a...
Dörtleme—murapbag—dört setirli sazlaşyk: a b a b; w w w b...
Bäşleme— muhammes—bäş setirli sazlaşyk: a a a a a; b b b b a...

Men erteki düzenimde, hyýalym bilen ýazmaga çalyşýaryn. Hekaýa ýazanda bolsa, durmuşy wakalar bilen utgaşdyryp ýazmaga çalyşýaryn.

Men özümiň ýazan ertekimi şu postda beýan etmegi makul bildim.
Iki baý
Gadym zamanlarda bir baý ýaşapdyr. Ol baýyň baýlygynyň hetdi-hasaby ýok ekeni. Birnäçe süri goýunlary, geçidir owlaklary, ýylkylary bar eken. Emma, ol şonça baýlygyny hem az görýän ekeni. Bir güni ol özüniň baýlygyndan hem köp başga bir baý hakynda eşidipdir. Baý pikirlenip: ,,Meniň baýlygym sanardan kän, emma, meniň baýlygymdan hem köp baýlygy bar baý bar ekeni. Men şol baýa baryp göreýin, nähili baýlygy bar eken" diýip baý ikinji bir baýyň ýanyna ugrapdyr. Birinji baý ikinji bir baýyň ýanyna barypdyr we ondan nähili baýlygynyň bardygyny sorapdyr. Ikinji baý birinji baýa ammar-ammar bugdaý dänelerini görkezipdir. Birinji baý: ,,Baýlyk diýeniň lagl-göwher, altyn-kümüş bolmaly. Meniň teňňe baýlyklarymyň hetdi-hasaby ýok, emma şony hem men baýlyk hasap edemok" diýipdir. Ikinji baý: ,, Altyn-kümüş daş bolar, arpa-bugdaý aş bolar" diýipdirler. Men üçin baýlyk—bu lagl-göwher daşlary däl-de, bugdaý, arpa" diýip jogap beripdir.
Bir ýyl ekin hasylsyz ýyl bolupdyr. Hiç kim iýmäge çörek tapmandyr. Birinji baý ikinji baýyňka bir halta altyny bir adam bilen ugradyp, ornuna bolsa däne bermegini haýyş edipdir. Ikinji baý muňa razy bolman, ýaňky adama şeýle şert goýupdyr: ,,Eger şol baý menden däne almak isleýän bolsa, onda ol maňa özüniň bir ogluny ogullyga bermeli bolýar" diýipdir. Ikinji baý bu şerti eşidip, gamgyn bolupdyr we razy bolmaly bolupdyr. Ikinji baý birinji baýyň oglunyň atda gelýändigini görüp: ,,Meniň ýanyma gelip, meniň baýlygymy äsgermezlik eden adam, indi däne üçin öz ogluny ogullyga iberdi. Bu ýagdaý ol üçin uly sapak bolandyr" diýip, ikinji baý birinji baýa bir kerwen bugdaýy baýyň ogly bilen yzyna gaýtarypdyr.

Taýýarlan:
@sun_light
27
88