Immun ulgamyny güýçlendirmek üçin haýsy iýmitleri iýmeli?
Gyş kesellerinden goranmak üçin bu iýmitleri iýmek hökmanydyr! Özümizi howp salýan kesellerden goramagyň iň täsirli usullaryndan biri, bedenimize ýokançlyga sebäp bolýan wiruslar we bakteriýalar ýaly mikroorganizmleriň zyýanly täsirlerinden galkan bolup işleýän immunitetimizi güýçlendirmekdir. Immun ulgamyny güýçlendirmek üçin üç esasy düzgün:
1. Suw içmegi ýatdan çykarmazlyk;
2. Uka üns bermek;
3. Iýmitimiziň deňagramlydygyna göz ýetirmek.
Ine, kesellerden goranmak üçin yzygiderli iýmeli iýmitleriňiz:
Balyk – omega 3 ýag kislotalarynyň iň möhüm çeşmesidir. Beden omega 3 ýagyny öndürmeýär we şonuň üçin iýmit arkaly almalybolýar. Bedenden kesel döredýän birleşmeleri aýyrmaga kömek edýän omega 3 almak üçin hepdede 2-3 gezek balyk iýmegi unutmaň!
Ýumurtga – immun ulgamyny güýçlendirmek üçin ýeterlik belok almak möhümdir. Ýumurtga iň ýokary hilli belok çeşmesi hökmünde hem bellidir. Şeýle-de, ýumurtga A we B witaminleri, demir, sink we fol turşusy bilen tapawutlanýar. Saglyk meseläňiz ýa-da allergiýaňyz ýok bolsa, hepdede azyndan 3-4 gezek günde 1 ýumurtga iýip bilersiňiz.
Sarymsak – toksinlere garşy göreşip, rak we ýürek-damar keselleri ýaly dürli keselleriň öňüni alyş täsirini görkezýär. Esasanam, sarymsakdan tapylan allisin antibakterial we wirusa garşy täsir edýär.
Gök çaý – metabolizmanyň has çalt işlemegine kömek edip, ganyň şekeriniň duýdansyz üýtgemeginiň öňüni alyp, horlanmaga kömek edýär. Immunitet ulgamyny güýçlendirýän antioksidantlara baýdyr. Şeýle-de bolsa, aşa gaýnag suwa gök çaý goşsaňyz, ýapraklaryndaky antioksidantlaryň täsirini ýitirmegine sebäp bolarsyňyz.
Kefir – kalsiý, magniý, fosfor, şeýle hem beloga baý we probiotik düzümi bilen tapawutlanýan süýt önümidir. Probiotikleriň içegäniň ösümlik dünýäsini kadalaşdyrýandygy we kesellere garşy durmaga kömek edýändigi mälimdir.