Meniň hobbim we menden maslahatlar
Islendik bir adamda doglanyndan başaryp bilýän bir işi ýa-da hobbi bolýar. Käbir adamlar «men hiç zat başaryp bilemok», «men pylan adam ýaly däl» diýip gaýgyrýarlar. Ýöne, näme üçin siz gaýgyrmaly? Siziň şol adama meňzemegiňiz ýa-da siziň göwnüňizdäki işiňizi başarmak hökmanmy? Siz «men başaryp bilemok» diýip gaýgyrmaň, gaýtam, täze zatlaryň we işleriň gözleginde boluň! Siz göwnüňizdäki işiňizi başaryp bileňzokmy, diýmek, siz ondan gowusyny başarýansyňyz. Siz meňzemek isleýän adamyňyza meňzäňzokmy, diýmek, siz şol adamyň edip bilýän işinden has gowusyny başarýaňyz.
Men boş wagtymda ýa-da mugallymlarymyň aýtmagy bilen goşgy düzýärin. Başardygymdan, rus dilinde hem düzýärin. Diňe bir goşgy däl, eýsem, hekaýa, erteki hem ýazýaryn. Goşgy, erteki ýaly çeper eserleri ýazmak şeýle aňsat däl. Ýöne, mende höwes bolanlygy sebäpli, men üçin beýle kyn däl. Men şu babatda, özümde bolan bir wakany beýan etmekçi.
Men ilkinji goşgumy başlangyç synp wagtymda, Sümbül mugallymym üçin düzüpdim. Şol wagt mugallymym synpdan çykyp gidipdi, synpdaşlarym bolsa oýnaýardylar, gürrüňleşýärdiler. Men bolsa, umumy depder alyp, içine ylhamym geleninden goşgy düzmäge başladym. Aslynda, men goşgy düzjek bolamokdym, diňe güýmenje üçindi. Ýazdym, 7-8 setirlik goşgy setirleri emele geldi. Men ony muggalymym gelende görkezdim. Mugallymym okap gördi, synpdaşlarymyň öňündede okady. Ondan soň meniň berekellamy ýetirdi. Soň bolsa, meniň goşgumy usuly otaga baryp, käbir mugallymlaryň öňünde okamaga gitdi. Şol gün men begendim, kiçi bolsam-da, ylhamymdan goşgy düzenime, mugallymymy begendirenime. Şondan soň, men goşgy düzüp başladym.
Men goşgy düzenimde, goşgy setirlerini sazlaşykly alyp barmaga çalyşýaryn. Meselem, özümiň goşgumdan bir bent:
Bahar geldi, gül tebigat janlandy,
Bulaklaryň sesi batly ýaňlandy.
Gyşda «dynç alan» käbir haýwanlar,
Bilbilleriň mukamyna oýandy.
Siz goşgy ýazmakçy bolsaňyz, iň esasy iki zada üns bermeli:
1. Goşgunyň sazlaşygyna
2. Goşgunyň temasy boýunça ýazylmagyna (güýz pasly hakynda ýazmakçy bolsaňyz, güýz paslyndaky wakalar, üýtgeşmeler bilen baglanyşykly bolmaly. Başgaça aýdanymyzda, bir tipde ýazylmaly.)
Eýsem, goşgy näme? Adam durmuşynyň dürli meselelerini, inçe ynsan duýgularyny çeper söz üsti bilen aňladylýan çeper esere goşgy diýilýär. Goşgy düzülende, sözleriň, setirleriň sazlaşygy, bogun ölçegleri berk saklanýar.
Türkmen edebiýatynda goşgy düzüliş görnüşleri dürli bolýar.
Ikileme—mesnewi—iki setirli sazlaşyk: a a; b b; w w...
Gazal—iki setirli sazlaşyk: a, a; b, a; w, a...
Dörtleme—murapbag—dört setirli sazlaşyk: a b a b; w w w b...
Bäşleme— muhammes—bäş setirli sazlaşyk: a a a a a; b b b b a...
Men erteki düzenimde, hyýalym bilen ýazmaga çalyşýaryn. Hekaýa ýazanda bolsa, durmuşy wakalar bilen utgaşdyryp ýazmaga çalyşýaryn.
Men özümiň ýazan ertekimi şu postda beýan etmegi makul bildim.
Iki baý
Gadym zamanlarda bir baý ýaşapdyr. Ol baýyň baýlygynyň hetdi-hasaby ýok ekeni. Birnäçe süri goýunlary, geçidir owlaklary, ýylkylary bar eken. Emma, ol şonça baýlygyny hem az görýän ekeni. Bir güni ol özüniň baýlygyndan hem köp başga bir baý hakynda eşidipdir. Baý pikirlenip: ,,Meniň baýlygym sanardan kän, emma, meniň baýlygymdan hem köp baýlygy bar baý bar ekeni. Men şol baýa baryp göreýin, nähili baýlygy bar eken" diýip baý ikinji bir baýyň ýanyna ugrapdyr. Birinji baý ikinji bir baýyň ýanyna barypdyr we ondan nähili baýlygynyň bardygyny sorapdyr. Ikinji baý birinji baýa ammar-ammar bugdaý dänelerini görkezipdir. Birinji baý: ,,Baýlyk diýeniň lagl-göwher, altyn-kümüş bolmaly. Meniň teňňe baýlyklarymyň hetdi-hasaby ýok, emma şony hem men baýlyk hasap edemok" diýipdir. Ikinji baý: ,, Altyn-kümüş daş bolar, arpa-bugdaý aş bolar" diýipdirler. Men üçin baýlyk—bu lagl-göwher daşlary däl-de, bugdaý, arpa" diýip jogap beripdir.
Bir ýyl ekin hasylsyz ýyl bolupdyr. Hiç kim iýmäge çörek tapmandyr. Birinji baý ikinji baýyňka bir halta altyny bir adam bilen ugradyp, ornuna bolsa däne bermegini haýyş edipdir. Ikinji baý muňa razy bolman, ýaňky adama şeýle şert goýupdyr: ,,Eger şol baý menden däne almak isleýän bolsa, onda ol maňa özüniň bir ogluny ogullyga bermeli bolýar" diýipdir. Ikinji baý bu şerti eşidip, gamgyn bolupdyr we razy bolmaly bolupdyr. Ikinji baý birinji baýyň oglunyň atda gelýändigini görüp: ,,Meniň ýanyma gelip, meniň baýlygymy äsgermezlik eden adam, indi däne üçin öz ogluny ogullyga iberdi. Bu ýagdaý ol üçin uly sapak bolandyr" diýip, ikinji baý birinji baýa bir kerwen bugdaýy baýyň ogly bilen yzyna gaýtarypdyr.
Taýýarlan:
@sun_light