smiling_
29.09.2024 18:40
Aglamany başarmadym...
Aglamany başarmadym,
Oñ bolarmy gülmegim.
Goşarmydym,
Goşgy-şygyr,
Özümçe aýry çygyr
Ýoda-ýoly çekermidim.
Sebäp näme?
Näme üçin?
,, Müñ bir gijäñ Şähriýary"
Hyýalymda hallan atyp,
Diñläp gijäñ, ertekisin.
Howp astynda galan ýaly.
Duýgularym kesim-kesim...
Gülesim gelýär,
Gaharma.
Öýkämi çaga deý aldap.
Gülmegi-hä başaramok,
Bilemok,
Näme üçin aglap?...
- Remezan Mämetgurbanow
16
188
smiling_
29.09.2024 11:42
Men entek oýa däl...
Men entek oýa däl,
Ajaýyp wagtym.
Bagtym,
Maña özüni müwessa bildi.
Düýşüme garyşyp,
Siñdi.
Bir oñaýsyz aladany bagş edip,
Gowşadyp,
Tagaşyksyz göwrämi,
Gije bolup gaplap alan döwrämi,
Garalygy - ,,AK" görkezen gözlerim.
Ak dañdana syn etmäge howlugyp,
Görşüm...
Ýörşüm...
Asmana hiññildik ýasap,
Tanapyny unudan özüm..
Batyp galan,
Çykalgasyz batgadan...
Harplaryñ daşyny tämizlän sözüm...
Mahabatyn bermegini unudyp,
Tenekar janymy,
Ilbize deñäp...
Süýt ýaly dünýäni syn edip,
Gan reñkine guýup,
Göreçlerimi.
Küýkeren duýgulam,
Ýekesireýärkä!
Ýekelew geçmäge howlukýan ömrüm.
Çabalanyp aglaýarka
Gök asman!
Haraý isläp, çar taraba ýüz urdum.
Ownuk şarpyk çaldym,
Şarpygyn iýdim.
Iýen umytlarym,
Urulan men däl.
Awtor: Remezan Mämetgurbanow
12
65
smiling_
27.09.2024 07:42
Gyzyl ýaglyk dañynypsyñ...
Gyzyl ýaglyk dañynypsyñ,
Gülgün boýan saçlaryñam.
Sen meñ gorkyma dönüpsiñ,
Mümkin menden gaçmagyñam.
Eneñlere gatnama köp,
Birdan biri söýäýmesin.
Gözi gidýän kän, aç möjek,
Lak-luk atyp iýäýmesin.
Köýäýmesin,
Bagt çyram,
Möhleti gysga bolmasyn,
Gysganmasam,
Gabanmasam,
Sen bir salym görmesem,
Sakawlajak gözlerimem.
Söýdürip meni özgerden,
Husyt boldum seni söýüp,
Gabanýaryn özgelerden.
Göz degerden,
Dil degerden,
El degerden,
Gorkym üstün.
Walla çynym,
Galp sözlesem,
Burnum össün, Hudaý kessin!
~ Remezan Mämetgurbanow
13
44
smiling_
26.09.2024 22:42
Ukusyz gündiziñ ýürek urgusy...
Ukusyz Gündiziñ ýürek urgusy,
Asmanyñ ýygyrt düşen ýüzünden...
Ýyldyzlaryñ özün ýere urmasy,
Şapak bolan Güniñ argyn deminden...
Suratçy pasyllañ, boýagyn pürküp...
Rahat gijeligiñ ünsüni bozup,
Gam, alada imrikdirýän säherleñ...
Irikdirýän,
Şadyýan guşlañ jürk-jürkün..
Gulagymda saz bolan, sagadyñ zañyn..
Aýyñ täsirine ukuda gezmäm..
Illeñ gybatynda syrymy gizlän...
Jogabyny gözläp gelmedik jañyñ..
Ruhuma doga edip ýüzüne sylan...
Äsgermedikden, ýa meni sylan...
Ýakymsyz gülkime,
Nepsiz pikirden,
Kirlän ýüzi galñap,
Utançdan galan...
Namysdan...
Göriplik edýän gözlerden..
Gözi gidýän gyzlardan...
Men ýaltalygymy paş edýän,
Dünýäniñ habaryny paýlaşyp duran...
Köçeleriñ tozan soran demini,
Mejbur bolup, gözelligiñ baryny,
Taşlap,
Men durmuşy gözleýän...
Remezan Mämetgurbanow
13
39
smiling_
26.09.2024 19:35
Abonetiñ telefony öçürlendir... Sen nirde?!
Sen nirede
Şu hal dara-direde
Şeýlebir sesiñi eşidesim gelýär
Sen bolsa arzymyñ ýeterinden daş
Aşyk bolan ömrüñ eşretin bilýär
Diñläsim gelýär seniñ saz ýaly sesiñ
Dem alşyñy, aýnaýşyñy, gülkiñi
Sen bolsa ret edip yşkym tütedip
Men aşyk pälimi, şahyr küýümi
Bitaý kapyýa deý özüme goýýañ
Ah, şol telefonuñam edebi öçük.
Men bolsa bir seniñ sesiñ küýseýän
Bar zatlañ, ýok zatlañ baryndan geçip...
Aýlanyp-aýlanyp özüme gelýär
Gulaga öwrülip diñleýän jañlam.
"Abonetiñ telefony öçürlen..."
Wah şuwagt ýüregmi şu jaña dañsam
Telefonñy açyp goýar el bile.
Diñe saña duşup ejizledim men
Sözüm ýele berdim, ömrüm ýelgine..
Bir ädim ýanymda dem alan günleñ
Düýşüñe girenim gürrüñ bereñde
Günler zybrym mensiz duşuñdan geçip
Mahal-mahal ,,SMS" - lem göreñde...
Bir gün eşiklerim eýesiz galyp
Senem özüñ ýetim ýaly duýmasañ
Isleýşimçe söýen dälsiñ ezizim,
Eden jañlaryma hormat goýmasañ!
Aýtmadyk sözleriñ ýürege sygman
Soñky deme çenlem ýetmän takadyñ,
Agy bolup bokurdagña direse
Pyşyrdylañ barar maña jañ bolup
,,Sen nirede, sen nirede, nirede...?"
~ Seýitmyrat Geldiýew
14
145