smiling_
24.11.2024 12:32
Söý meni
Söýgiñe gurşa dünýäni,
,,Eräpdir gyşyñam doñy" diýsinler.
Aramyz mydama bolsun gül ýaly,
,,Ýaýrapdyr ol yşgyñ ýañy" diýsinler.

Goýnuñdan ýyly däl baharda maýam,
Ýürekden ýer berseñ gerekmez jaýam.
Asmandan garaýan ýyldyzlar, a:ýam,
,,Atypdyr ak bagtyñ dañy" diýsinler.

Ähli arzuwlarym señ bilen hasyl,
Barlygyñda uzak ýaşaryn hasam.
Ýylgyryp bakýarkañ bolmaryn näsag,
,,Ýary, öz ýarynyñ emi" diýsinler.

Ýyllar boýy ýaryn söýgä gandyran,
Ýusup - Züleýha dek Şa hem Hanlaram.
Ertekidäki gahrymanlaram,
,,Ýok eken bularyñ kemi" diýsinler.

Bizi gören gözler ýüzlerine sylyp
,,Jübütler biri - biriniñ deñi" diýsinler.


Awtor: Şanazar Hydyrow
13
87
Karaleva_
26 Noýabr 2024
❤️
alma___
24 Noýabr 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.