smiling_
25.11.2024 09:50
Saýrasa taý guşlara,
Ynjany-da aýandyr.
Enä meñzeş gussada,
Gamlananda uýañdyr.

Iliñ-günüñ toýunda,
Çyzgalandyr bilegi.
Ak gündizler küýünde,
Mähribanlyk dilegi.

Ýazlara telwas etse,
Edepsizdir çaklama.
Güldür ol, şemal össe,
Enesine ýaplanar.

Gyz bolsa öz ýoluna,
Enä ýakyn diýiler.
Ýöne atañ halyna,
Oguldan öñ gyýylar.

Daşarda gaý gopsa-da,
Närahatdyr deñiz deý.
Bijaý sözüñ oklama,
Yzy galar meñizde.

Gar güllere öwrülip,
Ak guşlar geler, gider.
Degmäñ gyzyñ göwnüne,
Ýüregne salar gider.


- Mämmetnazar Babanazarow
10
93
stella_🖤
27 Noýabr 2024
Suratdaky senmi depresyon geçirip aydym dinleyan wagtlan. Nausnik edil oydaki yaly menzaber dur😂😂😂😂
PILOT👮‍♂️✈🛩
26 Noýabr 2024
💗
alma___
25 Noýabr 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.