smiling_
05.05.2024 17:03
4-nji maýda Günde bäş sany güýçli partlama bolup geçdi. Ol magnit hadysasyna getirip biler.

4-nji maýda alymlar amaly geofiziki institutynyñ (AGI) kosmos howasyna gözegçiligiñ netijeleri boýunça Günde ýokary M klassa degişli bäş sany partlamany hasaba aldylar.

Iñ güýçli partlamalaryñ biri Aşgabat wagty bilen 11:19-da bolup geçdi. "4-nji maýda 11:19-da (Aşgabat wagty bilen) 3 663 (N26WO9) tegmiller toparynda renten araçäginde dowamlylygy 28 minut bolan M9.1 partlamasy hasaba alyndy. Partlamanyñ dowamynda radioaragatnaşyk ulgamlarynyñ bozulmalaryna gözegçilik edildi" diýlip, AGI-niñ habarynda aýdylýar.

Mundan başga-da, Günde M1.2, M1.1, M2.4, şeýle hem M1.6 partlamalary hasaba alyndy. Alymlar ilkinji partlamany 03:45-de (Aşg. wagty bilen) hasaba aldylar. Gün tolgunmalary rentgen şöhlelenmeleriniñ kuwwatlylygyna görä bäş klassa bölünýär: A, B, C, M, we X. Iñ pes klassy A0.0 Ýeriñ orbitasynda her inedördül metre 10 nanowatt şöhlelenme kuwwatyna deñ. Indiki harpa geçen-de kuwwatlylyk 10 esse güýçlenýär. Adatça, gün tolgunmalardan soñ gün plazmasynyñ zyñylmagy bolup geçýär. Olar ýere aralaşanda bolsa, magnit hadysasy bolup geçýär.


Çeşme: tmcars.info (şu gün 11:13)
43
141
smiling_
04.05.2024 21:15
Britaniýada rak keseline garşy dünýäde ilkinji şahsy sanjymy gözden geçirip başladylar.


Beýik Britaniýada deriniñ rak keseliniñ iñ agressiw görnüşi bolan melanoma garşy dünýäde ilkinji şahsylaşdyrylan sanjymyñ synaglary başlandy. BSGG-nyñ maglumatlaryna görä, her ýyl ortaça 132 müñ adama şu rak keseliniñ kesgidi goýulýar.
Guardian-yñ ýazmagyna görä, her bir hassa üçin aýratynlykda döredilen mRNK-4157 sanjymy immunitet ulgamyna rak öýjüklerini tanamagy we ýok etmegi öwredýär, bu keseli bejermekde ep-esli öñegidişlik bolup biler. Sanjym COVID-19 sanjymlarynda ulanylýan mRNK tehnologiýasyny ullanýar. Bu tehnologiýany döredijileriñ Nobel baýragyna mynasyp bolandygyny ýatladýarys. Waksinany "Şahsylaşdyrýan" zat näsagyñ çişiniñ bir bölegi operasiýa wagtynda aýrylýar. Soñ DNK yzygiderliligi we emeli añ ulanylýar. Ondan 34-e çenli üytgeşik "neoantigenleri" - rak keseliniñ belgilerini tapawutlandyrýarlar. Adamyñ immun ulgamy olary tanamagy we olara garşy göreşmegi öwrenip biler. Soñra bu neoantigenler näsaga berilýän mRNK sanjymyna kodlanýar. Şeýle sanjymyñ şöhle bejergisi, himiýa terapiýasy we hirurgiki amallar ýaly, häzirki melanomany bejeriş usullaryndan has täsirli bolmagyna garaşylýar. Waksina öýkeniñ, öt haltanyñ we böwregiñ rak keseli ýaly, rakyñ beýleki görnüşlerini bejermek mümkinçiligine-de eýedir.
MRNK-4157 sanjymy ýüzlerçe näsagda synagdan geçirilýär. Alymlar munyñ diñe bir melanomany bejermek bilen çäklenmän, eýsem rak keseline garşy immunoterapiýanyñ ösüşinda täze tapgyra öwrüljekdigine umyt baglaýarlar.


Çeşme: tmcars.info (şu gün 15:15)
44
67
smiling_
04.05.2024 17:03
Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniñ arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniñ ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniñ jany ýanypdyr. Dostunyñ bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oña ýeke söz hem diýmändirde guma: "Bu gün iñ gowy dostum meniñ ýüzüme şarpyk çaldy" diýip, ýazypdyr.
Soñra bular ýene-de ýollaryny dowam edip oazise gelipdir-de suwa girip ýüzmek isläpdirler. Ýañky şarpyk iýen adam ýüzüp ýörkä, birden batga batyp gark boljak bolupdyr. Dosty haýal etmän gelip ony halas edýär. Gark bolmakdan halas bolan adam suwdan çykyp şol wagtyñ özünde ulyrak bir daşyñ ýüzüne: "Şu gün iñ gowy dostum meni ölümden halas etdi" diýip ýazypdyr. Şarpyk çalan hem-de halas eden dosty onuñ eden bu hereketine geñ galyp seredip durupdyrda, şeýle sowal beripdir: "Janyñy ýakan wagtym gumuñ ýüzüne, indi bolsa daşyñ ýüzüne hat ýazdyñ?".
Dostunyñ beren soragyna: "Eger-de biri janymyzy ýakan wagty guma ýazmaly, sebäbi ötünç şemaly ony pozup biler ýaly. Kimdir biri biziñ üçin ýagşylyk, gowy zat etse, hiç bir ýel hem onuñ eden ýagşylygyny daşyñ ýüzünden pozup bilmez ýaly" diýip jogap beripdir.


Çeşme: atavatan-turkmenistan.com
50
72
smiling_
03.05.2024 17:00
Ýetginjek Tetris-de alty dünýä rekordyny täzeledi we 16,7 mln utuk gazandy.


Aleks Taç hökmünde tanalýan Alex T lakamly 15 ýaşly oýunçy soñky iki aýda Tetris oýnunda birbada alty dünyä rekordyny goýdy. Bu barada Tom's Hardware portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Şu ýylyñ mart aýyndan bäri Aleks Taç Tetris-de öñki iñ ýokary 6,8 utukdan geçip, iki gezek 16 milliondan ýokary utuga ýetdi. Onuñ soñky rekordy 16,7 million utuk boldy. Taç oýunda başarnygyny çagalykdan görkezip başlady. Eýýäm 11 ýaşynda 999 999 utuk gazandy. Şondan bäri onuñ ussatlygy has güýçlendi we bu oña täze belentliklere çykmaga hem "Tetris" boýunça kibertürgenleriñ jemgyýetinde meşhurlyk gazanmaga mümkinçilik berdi. 10 million utuk belliginden geçendigi üçin Aleks Taç 2300 dollar möçberinde baýrak aldy. Ol öz oýnuny göni ýaýlymda görkezdi. Mundan başga-da, ýetginjek ekranda diñe bir setir bilen 157-nji derejede oýundan çykdy, şeýle-de 157-nji derejä ekranda alty setir bilen geçdi. Iki ýagdaýda-da Aleks Taç muny başaran ilkinji adam hökmünde taryha girdi.



Çeşme: tmcars.info (şu gün 15:26)
51
445
smiling_
02.05.2024 17:54
Dubaýda 122 gatly dünýäde iñ beýik ýaşaýyş jaýy gurlar.

Dubaýda beýikligi 828 metr bolan beýik bina Burj-Halifa dünýäniñ iñ beýik binasy hasaplanýar, yöne bu ýaşaýyş jaýy dälde, täjirçilik binasydyr. Mail.ru-nyñ habar bermegine görä, häzirki wagtda ägirt uly taslamalary bilen tanalýan şäher dünýäniñ iñ beýik ýaşaýyş jaýyny gurmakda hem öñe saýlanmak kararyna geldi.


Şäheriñ merkezine we Palm Jumeyra adasyna ýakyn ýerde, abraýly Marina sebitinde täze 122 gatly Six Senses Residences Dubai Marina toplumunyñ gurluşygy dowam edýär. Woods Bagot, WSP Middle East kompaniýalary we Six Senses myhmanhana operatory tarapyndan işlenilip düzülen taslama meýilnamada görkezilişine görä 2028-nji ýyla çenli tamamlanar.
Gökdirän binanyñ beýikligi 517 metr bolar - bu häzirki iñ beýik ýaşaýyş binasyndan - Nýu-Ýork-daky 472 metrlik Central Park Tower diñinden 45 metr beýikdir. Six Senses Residences Dubai Marina meýdany 1310 inedördül metre çenli bolan 3 gatly, 5 otagly penthauslary goşmak bilen, 251 sany kaşañ kwartirany öz içine alar. Onuñ ýaşaýjylary sport zaly, spa merkezi, kino teatr we "ses bilen bejeriş studiýasy" ýaly, giñ infrastrukturadan peýdalanyp biler. Kwartiralaryñ bahalary entek aýan edilmedi, yöne taslamanyñ üytgeşikdigini we ýerleşýän ýerini göz öñünde tutup, olaryñ millionlarça dollar boljakdygyny çaklamak bolar.


Çeşme: tmcars.info (düýn 23:06)
44
80
smiling_
29.04.2024 20:39
Oleg Kononenko 2024-nji ýylda ilkinji gezek açyk kosmosa çykdy.


25-nji aprelda "Roskosmosyñ" kosmonawty, Türkmenistanyñ Garymany Oleg Kononenko we onuñ kärdeşi Nikolaý Çub şu ýylda ilkinji gezek açyk kosmosa çykmak boýunça meýilnamany möhletinden öñ tamamladylar diýip, TASS habar berýär.

Bu 2024-nji ýylda Russiýaly kosmonawtlaryñ ilkinji gezek açyk kosmosa çykyşy boldy. Halkara kosmos stansiýasynyñ daşynda ilki meýilleşdirilen 6 sagat 36 minuda derek, kosmonawtlar ähli işi 4 sagat 36 minutda ýerine ýetirmegi başardylar. Kononenko we Çub halkara kosmos bekediniñ çäklerinden çykany bäri doly açylmadyk radiolokatory iş ýagdaýyna getirdiler, şeýle hem "Poisk" modulynda ylmy synaglary geçirmek üçin enjamlary oturtdylar, "Nauko" modulynyñ ýüzünden stansiýanyñ materiallarynyñ durnuklylygyny öwrenmek üçin nusgalary aldylar. Açyk kosmosa çykyşyñ ýaýlyma berlişi "Roskosmos" döwlet korporasiýasynyñ YouTube kanalynda berildi.
Oleg Kononenko Türkmenistanda doguldy, çagalygy we ýaşlyk ýyllary Türkmenabat şäherinde geçdi. 2019-njy ýylda ol Türkmenistanyñ Gahrymany adyny aldy.


Çeşme: tmcars.info (şu gün 14:19)

Surat goýup bolanok.
35
121
smiling_
29.04.2024 14:32
Panda diplomatiýasy: Hytaý 10 ýyllyk möhlet bilen Amerikanyñ haýwanat bagyna iki panda iberer.


Bambuk aýylaryny goramak boýunça 10 ýyllyk halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasynyñ çäginde Hytaý ABŞ San- Diýegonyñ haýwanat bagyna bir jübüt pandany-erkek Ýun Çuan bilen ene Sin Baony iberer. Bu barada Hytaýyñ ýabany tebigaty goramak birleşigi CWCA habar berdi diýip, TASS habar berýär.

Ozal bu haýwanlar Hytaýyñ uly pandany gorap saklamak we öwreniş merkezinde ýaşaýardy. Merkez San-Diýegonyñ haýwanat bagy bilen indi 25 ýyldan gowrak wagt bäri ylmy gözlegler boýunça hyzmatdaşlyk edýär, şonuñ üçin Hytaýyñ Amerikanyñ haýwanat baglaryna panda iberişi ilkinji gezek däl. 2023-nji ýylyñ noýabr aýynda Meý Sýan, Týan Týan we olaryñ çagasy Sýao Siszi Waşingtondan Çendu şäherine gaýtaryldy. ABŞ-da 23 ýyl ýaşan döwründe bu jübüt panda dört çaga dogurdy, üçüsi eýýäm Hytaýa iberildi.
Uly panda Hytaýyñ milli nyşany bolup, hökümet tarapyndan goralýar. Bu haýwanlary beýleki ýurtlara geçirmek bireýýäm "panda diplomatiýasy" diýlip atlandyrylýan diplomatik däbe öwrüldi. Häzirki wagtda 1800 töweregi uly panda ýabany tebigatda esasan, Siçuan welaýatynyñ daglyk ýerlerinde ýaşaýar. Ýene 180 töweregi panda pandahanalarda we haýwanat baglarynda saklanýar. Hytaý 2025-nji ýyla çenli tebigatda pandalaryñ umumy sanyny 2000-e ýetirmegi meýilleşdirýär.


Çeşme: tmcars.info (düýn 23:30)

Surat goýup bolanok 🤷‍♀️
39
226
smiling_
28.04.2024 20:03
ABŞ-nyñ ilkinji prezidentiniñ goýan ülje şerbetli çüýşeleri tapyldy.

Wirjiniýa ştatynyñ Mauntwernon şäherinde ABŞ-nyñ ilkinji prezidenti Jorj Waşingtonyñ köşgüniñ durky täzelenende, orheologlar adaty bolmadyk artefakta gabat geldiler diýip, live science ýazýar.

Gürrüñ jaýyñ ýerzemininde gizlin ýerde saklanyp galan, agzy möhürlenen iki aýna çüýşe hakda barýar. Arheologlar çüýşeleriñ içindäkini gözden geçirenlerinden soñ, olarda bitin ülje şerbetiniñ bardygyny, anykladylar. Jorj Waşington we onuñ aýaly Marta Brendiden ysly otlardan, şekerden we üljeden ýasalan ülje baunsy diýlip atlandyrylýan içgini diýseñ gowy görer ekenler.
Arheologlaryñ sözlerine görä, çüýşe gaplar 1758-nji we 1776-nji ýyllar aralygynda gömülip goýlupdyr we 250 ýyl töweregi el degrilmän saklanyp galypdyr.


Çeşme: tmcars.info (düýn 22:31)
44
107
smiling_
28.04.2024 13:34
Garyp sebitiñ çagalarynyñ hatyrasyna 60 sagatlyk küşy oýny. Nigeriýadan we ABŞ-dan küştçüler rekordy täzelediler.


Nigeriýanyñ küşt çempiony Tunde Onakoýa hem-de tanymal amerikan oýunçysy we tälimçisi Şon Matines yzygider 60 sagat küşt oýnap, iñ dowamly küşt tapgyry boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Küşt tapgyry Nýu-Ýorkuñ Taýms meýdançasynda geçirildi diýip, CNN habar berýär.


29 ýaşly Onakoýa oýny öz esaslandyran Chess in Slums Africa atly haýyr-sahawat guramasyna serişde toplamak üçin gurady. Türgen bu gaznany Afrikanyñ garyp sebitlerinden gelen çagalara bilim almaga kömek etmek maksady bilen gurady. Marafon Nigeriýada ýaýlyma berildi.
Oýun ilkibaşda 58 sagat dowam etmelidi, yöne Onakoýa we Martines 60 sagatlyk çäkden geçmegi başardylar. Olar 2018-nji ýylda Norwegiýaly Hallward Flatebýo we Sýur Ferkigstad (56 sagat 9 minut 37 sekunt) tarapyndan goýlan öñki rekord-dan ozdurdylar. Nigeriýanyñ prezidenti Bola Tinubu Onakoýany gazanan üstünligi bilen gutlady. Küştçiniñ wekili oýnyñ ilkinji 20 sagadynda, takmynan 22 müñ dollar ýygnalandygyny, yöne Onakoýanyñ jemi 1 million dollar ýygnamaga umyt baglandygyny aýtdy. Ginnesiñ rekordlar kitaby täze rekord barada intäk teswir bermedi.


Surat goýup bolanok 🤷‍♀️

Çeşme: tmcars.info (26.04.2024)
48
66
smiling_
23.04.2024 14:11
Ginnes rekordlar kitaby dünyädäki täze iñ garry erkek adamy atlandyrdy.


Angliýanyñ Mersisaýd graflygyndan 111 ýaşly Jon Tinniswud dünýäde häzir ýaşaýan erkekleriñ arasynda iñ garry adam boldy. 5-nji aprelde Ginnesiñ rekordlar kitaby oña bu statusy tassyklaýan resmi şahadatnamany gowşurdy. Bu barada BBC habar berýär.

Tinniswud uzak ýaşamagynyñ syryny anna günleri adaty britan tagamynyñ - gowurlan ýeralmaly balygyñ yzygiderli iýilmegi, şeýle-de ýaşlygynda pyýada gezelençlerine bolan söýgüsi bilen baglanyşdyrýar.
Ol "añy türgenleşdirmegi" we ähli zatda "aramlyk" görkezmegi maslahat berýär.
Häzirki wagtda Tinniswud Sautport şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýar. Ýatlap, geçsek dünýäde iñ garry erkek adam adynyñ öñki eýesi, Wenesueladen Huan Wisente Peras Mora 2-nji aprelda 114 ýaşynda aradan çykdy.


Çeşme: tmcars.info (06.04.2024)
57
442