smiling_
04.05.2024 17:03
Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniñ arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniñ ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniñ jany ýanypdyr. Dostunyñ bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oña ýeke söz hem diýmändirde guma: "Bu gün iñ gowy dostum meniñ ýüzüme şarpyk çaldy" diýip, ýazypdyr.
Soñra bular ýene-de ýollaryny dowam edip oazise gelipdir-de suwa girip ýüzmek isläpdirler. Ýañky şarpyk iýen adam ýüzüp ýörkä, birden batga batyp gark boljak bolupdyr. Dosty haýal etmän gelip ony halas edýär. Gark bolmakdan halas bolan adam suwdan çykyp şol wagtyñ özünde ulyrak bir daşyñ ýüzüne: "Şu gün iñ gowy dostum meni ölümden halas etdi" diýip ýazypdyr. Şarpyk çalan hem-de halas eden dosty onuñ eden bu hereketine geñ galyp seredip durupdyrda, şeýle sowal beripdir: "Janyñy ýakan wagtym gumuñ ýüzüne, indi bolsa daşyñ ýüzüne hat ýazdyñ?".
Dostunyñ beren soragyna: "Eger-de biri janymyzy ýakan wagty guma ýazmaly, sebäbi ötünç şemaly ony pozup biler ýaly. Kimdir biri biziñ üçin ýagşylyk, gowy zat etse, hiç bir ýel hem onuñ eden ýagşylygyny daşyñ ýüzünden pozup bilmez ýaly" diýip jogap beripdir.


Çeşme: atavatan-turkmenistan.com
50
72
perijik
6 May 2024
Gaty dogry👍🏻👍🏻
Akram_Beshimov
4 May 2024
👍🏻
Akram_Beshimov
4 May 2024
👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.