4-nji maýda Günde bäş sany güýçli partlama bolup geçdi. Ol magnit hadysasyna getirip biler.
4-nji maýda alymlar amaly geofiziki institutynyñ (AGI) kosmos howasyna gözegçiligiñ netijeleri boýunça Günde ýokary M klassa degişli bäş sany partlamany hasaba aldylar.
Iñ güýçli partlamalaryñ biri Aşgabat wagty bilen 11:19-da bolup geçdi. "4-nji maýda 11:19-da (Aşgabat wagty bilen) 3 663 (N26WO9) tegmiller toparynda renten araçäginde dowamlylygy 28 minut bolan M9.1 partlamasy hasaba alyndy. Partlamanyñ dowamynda radioaragatnaşyk ulgamlarynyñ bozulmalaryna gözegçilik edildi" diýlip, AGI-niñ habarynda aýdylýar.
Mundan başga-da, Günde M1.2, M1.1, M2.4, şeýle hem M1.6 partlamalary hasaba alyndy. Alymlar ilkinji partlamany 03:45-de (Aşg. wagty bilen) hasaba aldylar. Gün tolgunmalary rentgen şöhlelenmeleriniñ kuwwatlylygyna görä bäş klassa bölünýär: A, B, C, M, we X. Iñ pes klassy A0.0 Ýeriñ orbitasynda her inedördül metre 10 nanowatt şöhlelenme kuwwatyna deñ. Indiki harpa geçen-de kuwwatlylyk 10 esse güýçlenýär. Adatça, gün tolgunmalardan soñ gün plazmasynyñ zyñylmagy bolup geçýär. Olar ýere aralaşanda bolsa, magnit hadysasy bolup geçýär.
Çeşme: tmcars.info (şu gün 11:13)