smiling_
13.06.2024 10:30
Gol
Sag goluna ýara düşenden soň ony idemän azdyran adamyň şol eli şiberläp, çüýräp başlanda, lukmanlar onuň goluny kesip aýyrdylar. Ony operasiýa eden lukman onuň üçin birnäçe wagtlap hamana eli bar ýaly, kesilen golunyň barmaklarynyň gijäp durjakdygyny, muňa lukmançylyk ylmynda: “hyýaly gijilewük” diýilýändigini düşündirdi...
Goly kesilip aýrylandan soň üçülenji gün diýlende bolsa, golak adam gije kellesini buz ýaly sop-sowuk hem daş ýaly gas-gaty barmaklaryň sypalaýandygyny duýup oýandy...
Ak lybaslylar
Obanyň çetinde ýaşaýan dul erkek kişi, näme üçindir ýarygijeden aganda näme üçindir howpurgap oýandy. Ýüregine aralaşan sebäpsiz dowuldan ýaňa sandyraklap, ol penjireden düşýän aýyň ýagtysyna bedreden suw aldy-da, kürüşgäni başyna çekdi. Birdenem penjirä tarap gözüniň gyýtagyny aýlanda zähresi ýarylmakdan ýaňa dili tutuldy.
Onuň giň howlusynda ap-ak, up-uzyn geýimli, ýüzleri saýgartmaýan kimdir birleri, mahy-tabanyň goýy, süýtreňk şöhlesinde hatara durup, oňa tarap seredişip durdylar. Aram-aramam olar gollaryny galgadyşyp, ony çagyrýan ýaly yşarat edýärdiler. Onuň göwnüne bolmasa-da, şol ak lybaslylaryň görünmeýän ýüzleri eňşäp, oňa garşy hyrsyzlyk bilen haýbat atýana çalym edýärdiler...
Jany bokurdagyna gelen dul bendäniň beýnisi bu eýmenç görnüşe tap getirip bilmedi. Ol nähilidir birhili haýynjar sojady-da, huşundan gidip, çiňarkanlygyna gaýtdy. Bir demde çalaryp, juw-ak bolan başy gütläp ýere düşmänkä-de, onuň jany çykdy...
Ertesi gün ol bendäniň jesedini tapan goňşulary, adam üýşmänkä onuň howlusyndaky ýüpe serlen ak düşekdaşlaryny ýygnadylar...
Sene-mene
Aýaly ony siltenjiremeli itekläp ukudan oýardy-da, bada-badam bir wagtyň özünde hem zeýrenjiräp, hem igenip başlady:
-Ýene-de gijäň bir wagtyna çenli entäp ýörsüň. Bizem yzyňda seniň nirede näme işläp ýörendigiňi bilmän uly alada galýarys. Iň bolmanda: “pylan ýerde eglenjekdirin, sagat pylançada-da öýe geljekdirin” diýip jaň etseňem, biz görgüliler, arkaýyn bolardyk. Bu günem-ä, hanha, ýarygijeden soň yzyňa köwlendiň...
Şol barmana-da aýalynyň golundaky bäbek goh-galmagala oýanyp, aglap başlady.
Öňem zoraýakdan uklan ol, nägilelik bilen gözüni açalak-ýumalak edip, ukunyň arasynda:
-Bolýa-how, bolýa...Bes et-dä, şumat. Hanha, çaganam oýardyň. Menem ertir ir bilen işe gitmel-ä!-diýip hüňürdäp, diwardaky sagada tarap gözüniň gyýtagyny aýlady. Otagyň alagaraňkylygynda sagady zordan gördi. Üç bolup on bäş minut geçipdir. Birdenem aýalynyň tekjede duran suratyna onuň gözi düşdi. Suratyň daşy gara reňkli çarçuwalydy. Onuň güpbe ýadyna düşdi. Aýalynyň ýaş üstünden bäbejigi bilen aýrylanyna üç ýyl bolup geçipdi ahyry.
Ol henizem goly jägildeýän bäbekli halyna özüne ýazgaryjy garap duran gelnine seredip, saçlarynyň “jyt-jyt” edip agarýandygyny duýdy...
Seslenme
Çagalaryň otagynda ýeke özi ýatan oglanjygy gijäniň ýarynda süýrdepesinden eşidilýän aýak sesleri oýardy.
Typyr-typyr...
Typyr-typyr...
Edil, olaryň jaýlarynyň üçeginde haýsydyr bir çaga garagolluk edip, gybyrdyklap iki ýana ylgaýan ýalydy...
Şol pursat oglanjygyň dilinden şeýtan çeken ýaly, ol näme üçin beýdýändigine özem düşünmän, iki ýyl mundan ozal ýaraman aradan çykan oglan jigisini assaja çagyrdy:
-Jigim...
-Hä-ä...-diýip üçekden ses geldi...
Çeşmesi: https://pics.ru/10-korotkih-no-ochen-strashnyh-istorij-na-noch. 21.07.2020ý.
31
309
smiling_
13.06.2024 00:42
Kölege
Kakasy bilen gyzy gol tutuşyp, gije toý edýän goňşularyndan gaýtdylar. Dolan aýyň süýtreňk ýagtysy köçäni ýumşak alagaraňkylyga besleýärdi. Birdenkä gyzjagaz gözlerini petredip, kakasynyň yzyna howatyrly garady-da, kakasyna gysmyljyrady. Allaniçigsi bolan kakasy, gyzyny gorkuzan zady görmekçi bolup, sakga durup, çar ýanyna ýaltaklasa-da hiç zat görmedi.
-Gyzym! Nämeden gorkduň? Ýa gözüňe bir zat görnäýdimi?
-Jukk!-diýip pessaý pyşyrdan gyzjagaz, henizem wehimden doly gözlerini kakasynyň arkasyna dikip durşuna sakawlady:-Gaňrylaýma, kaka! Yzyňa öwrülseň uraýmasyn! Seniň kölegäň ýeňsäňde eli paltaly dur...
Ekiztaý
Talyp ýigit sapakda otyrka onuň sessiz çagyryşa goýlan eltelefonyna halaşýan gyzyndan sms habar geldi. Ol habarda halaşýan gyzy özüniň şu gün irden onuň kireýine ýaşaýan öýüne goş-golamlaryny ýygnaşdyrmaga barandygyny we şol ýerde onuň ekiztaýy bilen tanşandygyny ýazýardy. Haman, onuň ekiztaýy edil bir almany iki bölen ýaly oňa meňzeýärmiş, özem juda alçakmyş, olam onuň bilen eýýäm iki sagat bäri gülşüp-degşip, kofe içip otyrmyş. Özem şu wagta çenli özüni öz ekiztaýy bilen tanyşdyrmandygyna, hatda onuň bardygyny hem aýtmandygyna birazajyk öýkelejek bolýarmyş...
Sms-habary okap oturan talyp ýigidi şagga der basdy.
Ol özüniň hiç hili ekiztaýynyň ýokdugyny, bolýan öýünem irden öz açary gulplap gaýdandygyny anyk bilýärdi...
Sagat
Agzyndan porsy sülekeýi akyp duran, hüžžük saçly, gözleri peträp hanasyndan çykara gelen eýmenç mahluk döşüne atlaýyn münüp, iriňli, şar-gara dyrnaklaryny döşünden parran geçirmezinden öň onuň iň soňky saýgaryp ýetişen zady, başujundaky elektron sagadyň ekranyndaky “12:07” diýen assaja gyrpyldap duran ýaşylreňkli belgi boldy.
Haçjaryp duran dyrnaklar kükregine “waçyrdap” girende-de ol süňňüni dolduran aýylganç agyrydan ýaňa jynssyz gygyryp, ýatan ýerinden zyňlyp galdy. Bada-badam ýeke özüniň öýünde, derden ýaňa öl-myžžyk bolan düşeginde dik oturandygyny duýup, derisi giňäp gitdi. Şol pille-de onuň başujundaky sagadyň ekranyndaky “12:06” diýen assaja gyrpyldap duran ýaşylreňkli belgä gözi düşdi. Dessine-de, ýatan otagynyň gapysynyň tüm-garaňky dälize tarap öz-özünden jygyldap açylýandygyny saýgardy...
Uýa
Gyzjagaz her gün öýleriniň gaýra ýüzündäki jeňňellige gidýär-de uýasy bilen uzakly gün heziller edip oýnaýar. Her gün iňrik garalandan soň gyzjagaz öýüne gaýtmakçy bolanda-da uýasy gam-gussa batyp galýar. Her günem gyzjagaza, uýasy özüni ejeleriniň kakasyna bildirmän başga erkek kişi bilen bilelikde emele getirendigi sebäpli, dogulmanka ýok edendigini aýdýar...
32
101
smiling_
12.06.2024 09:37
Perişdäniň heýkeli
Bir gezek är-aýal ikisi täze çykan kinofilme tomaşa etmäge gitmekçi bolupdyrlar-da, çagalaryna esewan bolmak üçin öýlerine jaň edilip çagyrylýan enekäni çagyrypdyrlar. Kinoteatra gitmänkäler olar çagalaryny düşege salyp ýatyrypdyrlar. Şonuň üçinem ýaşajyk enekä diňe öýde oturyp, birdenkä çagalar oýanaýsa olara göz-gulak bolmak ýeterlik ekeni. Är-aýal gidenden soň kän wagt geçmänkä eneke-gyzyň içi gysyp başlapdyr we ol güýmenmek üçin telewizora tomaşa etmek isläpdir. Onsoň ol är-aýalyň birine jaň edip, telewizory açmaga rugsat sorapdyr. Elbetde är-aýal enekä rugsat beripdirler. Emma, eneke ondan soňam aragatnaşygy kesmän, özüniň ýene-de bir haýyşynyň bardygyny, ýagny penjiräniň aňyrsyndan görünýän perişdäniň heýkeliniň ýüzüni nämedir bir zat bilen örtmek isleýändigini aýdypdyr. Sebäbi perişdäniň heýkeli ony birhili haýykdyrýarmyş. Eneke bu towakgasyny aýdanda telefonda az salymlyk dym-dyrslyk emele gelipdir. Soňam birdenkä eneke bilen gepleşýän çagalaryň kakasy howsalaly ses bilen:
-Çagalaram al-da, gaty çalt öýden gaç...Biz häzir polisiýa jaň edýäris. Biziň howlymyzda perişdäniň heýkeli ýok!-diýip tiz-tiz gepleýär...
Emma...
Polisiýa-da, enekede ýetişmeýärler...
Är-aýaldyr, polisiýa işgärleri ol salga gelenlerinde öýden hemmeler yzsyz-tozsyz ýom-ýok bolupdyr.
Çagalaram, eneke-de, perişdäniň heýkelem...
Gijeki myhman
Ýaş gyz ýarygijeden soň oýandy. Däliziň alys çüňkündäki iş otagyndan nähilidir bir düşnüksiz hem ýakymsyz çybşyldy eşidilýär. Ol oýaly-ukuly halda ýatyş sekisinden turdy-da, aýakýalaňaçlygyna şol tarapa ugrady. Iş otagyna girende-de otagyň ortarasynda aýbodgaşyny gurup, iki ýana yraň atyp oturan merhum kakasyny görüp, zordanjyk çirkin ses bilen gygyrman saklandy. Haçan-da, kakasy ýerinden turup, hemişeki oturýan kürsüsine geçende bolsa, ol özüniň nädip, gözlerini pugta ýumup, ulili bilen gygyryp başlandygynam duýman galdy.
Gijeki jaň
Ýarygijeden agyberende köp gatly jaýyň bäşinji gatynda ýaşaýan onuň gapysynyň jaňy basyldy. Yzly-yzyna ýaňlanan dört sany gysgajyk, çürt-kesik jaň ony oýardy. Emma, ol oýansa-da, gaharlanyp, bimahal çak bimaza edýän kimem bolsa oňa gapysyny açmady. Onsoňam ol hiç kime garaşmaýardy.
Ertesi gün ýene-de şol düýnki wagtda ýene-de dört gezek yzly-yzyna onuň işiginiň jaň düwmesi basyldy. Bu gezek ol özi bilen şeýle gödek oýun etmäge het edýäniň kimdigini bilmek üçin tarsa ýerinden turdy-da, gapa bardy. Onuň gözünden yşyklap, basgançak meýdançasyny synlady. Ol ýerde hiç kim ýokdy.
Gündiz ol işdeş dostlarynyň ýanynda degşip öten agşamky wakany gürrüň berdi we megerem, iki gije yzly-yzyna öz bosagasyna ajalyň gelendigini, emma ahyry özüniň gelmeli salgysyny ýalňyşandygyny anyklap, yzyna gidendigini aýdyp, çylkasyz, ýuwanjak henek eden boldy.
Üçülenji gije onuň ýanyna dosty görme-görşe geldi we olar gije ýarymdan agýança mesawy gürrüň edip oturdylar. Şol pillede, ýene-de düýnki wagtda, edil öňküleri ýaly yzly-yzyna dört gezek jaň kakyldy. Bu wakadan habarly dosty:
-Hany, şu bolgusyz oýunbaz bilen menem gabatlaşaýyn-la!-diýip öý eýesinden öňürti gapa ylgady. Barşyna-da gapyny açyp, çykyp gitdi. Şol hem öý eýesiniň dostuny gören iň soňky gezegi boldy. Sebäbi ol ylgap howla çykanda aňyrdan bat bilen gelen ulag ony süsüp, ol şol duran ýerinde aradan çykdy.
Şondan soň gijeki jaň kakylmasy kesildi.
Diňe, şol wakadan soň bäş ýyl geçip, öten gije, ýene-de onuň gapysynyň jaň düwmesi basyldy...
Yzly-yzyna dört gezek...
Özem üzül-kesil gysgajyk...
32
178
smiling_
12.06.2024 00:21
Gysgajyk, gorkunç hekaýalar.
Suratdaky keşpler
Bir adam tokaýda azaşypdyr. Ol kän wagtlap ters aýlanandan soňra, ahyryn iňrik garalanda bir külbäniň üstünden barypdyr. Külbede hiç kim ýok bolansoň, ol geçip ýatmagy ýüregine düwüpdir. Ol diwarlardan asylgy haýsydyr bir adamlaryň suratlaryna seredip, uzak wagtlap uklap bilmändir. Sebäbi onuň göwnüne bolmasa suratlardaky keşpler oňa eýmenç nazar bilen garaýan ýaly bolup durupdyr. Ahyrsoň ol juda ýadawdygy sebäpli, nädip irkileninem duýman galypdyr. Irden ony Günüň ýiti ýagtysy ýüzüne düşüp oýarypdyr. Onuň gözüni açyp ilkinji gören zadam, külbäniň diwarlarynda ýekeje-de surat ýok ekeni. Agşamky suratlardyr öýdeniniň hemmesi penjire ekeni.
Bäşe çenli sana
Bir gezek gyşda alpinistleriň gurnagynyň agzalary bolan dört sany talyp, dagda azaşyp, gar syrgynyna sezewar bolupdyrlar. Syrgynda ser-sepil bolup ýörüşlerine olar ahbetinde haýsydyr bir taşlanan we boş jaýyň üstünden barypdyrlar. Onuň içinde ot ýakynyp, ýylynar ýaly hiç zat ýok ekeni. Onsoň ýigitler eger-de şu ýerde uklaýsalar özleriniň doňup galjakdyklaryna düşünipdirler. Onsoň olaryň biri ýatmazlyk we doňup galmazlyk üçin şeýle teklip edipdir.
Olaryň her biri jaýyň bir künjün geçip durmaly. Onsoň olaryň ilki biri ylgap beýleki talybyň ýanyna barýar-da, ony itýär. Onsoň itilen talyp üçünji talyba tarap ylgaýar we ş.m.. Eger-de şeýdip olar hereketde bolsalar, daň atýança olar uklamazlar we ylgap, derläp, üşemezler.
Aýdyldy gutardy.
Talyplaryň her haýsy jaýyň bir çüňküne geçipdirler-de, ýaňky teklip edilişi ýaly biri-birine garşy gezekleşip ylgap başlapdyrlar.
Ertesi gün irden bolsa olary halas edijiler tapypdyrlar. Haçan-da talyplar özleriniň nädip sowuk gijeden otsuz-beýlekisiz doňman çykyşlaryny gürrüň berenlerinde, halas edijileriň biri olardan sorapdyr:
-Eger-de jaýyň her çüňkünde bir adam duran bolsa, onda iň soňky, dördünji talyp dördünji çüňke ylgap barandan soňra ol ýerde iteklär ýaly adam bolmaly däl ahyry. Onsoň siz nädip uzak gijeläp durman ylgap geçdiňiz?
Bu soragy eşiden talyplaryň zähreleri ýarylypdyr. Olar biri-birine gözlerini petredişip seredişipdirler. Çünki olar uzak gijäniň dowamynda ýeke gezegem saklanman, çüňkden-çüňke ylgap, biri-birini itekläp geçiripdiler...
Zaýalanan fotolenta
Fotografiýa sungaty bilen meşgullanýan bir gyz, agşamara we daň säherde tokaýyň üstünde şapagyň emele gelşiniň suratyny almak üçin tokaýyň jümmüşine syýahata gidip, şol ýerde-de ýeke özi gijesini geçirmegi ýüregine düwüpdir. Ol öňem birnäçe gezek daglara, çöllere, sähralara ýekelikde syýahat edip ýörendigi sebäpli gije tokaýda galmakdan dynnym ýalyjagam eýmenmeýän ekeni. Ol iňrik garalmanka tokaýa baryp, göwün isleýşi ýaly tokaýda agşam şapagynyň, agaçlaryň, otlaryň, çeşmejigiň suratyny alyşdyrypdyr. Gün ýaşandan soň bolsa çadyryny gurupdyr-da, naharyny edinip ýatypdyr. Ertesi günem ir bilen turup, säher şapagynda tokaýyň suratyny alyp, dört tegek lentany suratdan doldurypdyr. Emma, haçan-da suratçy gyz öýüne gelip, düşüren suratlaryny çykaranda elheder almakdan ýaňa onuň ýüregi agzyndan çykara gelipdir. Dört tegek lentanyň hemmesiniňem iň soňky kadrynda, gijäniň içinde onuň özüniň parahat uklap ýatan suraty bar ekeni...
Dowamy bar..
33
170
smiling_
11.06.2024 00:07
59 ýaşly Italiýaly dijeý klubda dynuwsyz 10 gün işläp, dünýä rekordyny goýdy.
Italiýada dijeý Faber Moreýra (hakyky ady Fabrisio Morero) klubda dynuwsyz 10 gün 4 sagat işläp, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.
Öňki rekord 10 ýyl mundan ozal Dublinde polşaly DJ Norberto Loko tarapyndan goýlupdy. Moreýra onuň görkezijisinden 44 sagat öňe geçdi.
59 ýaşly DJ rekord goýmaga 15-nji maýda Salusso şäheriniň klublarynyň birinde başlady we ony 26-njy maý güni irdene çenli dowam etdi. Onuň sahna ýeri ähli zerur zatlar, şol sanda gysga arakesme üçin düşek bilen üpjün edildi.
Dijeýe her bir sagatdan bäş minut, umuman alanyňda, günde iki sagat dynç almaga rugsat berildi. Ol ilkinji günleriň birneme aňsat bolandygyny, ýöne eýýäm bäşinji güne çenli uky ýetmezçiliginiň täsirini duýup başlandygyny, soňky iki gün bolsa “uky çökgünligini” başdan geçirendigini aýtdy.
Dijeý uklamazlyk üçin ýüzüne we goşaryna buz ýaly suw sepdi. Ol kofe hem içmedi. Moreýra rekorda iki ýyl taýýarlanyp, tälimçisiniň, dietologyň, fizioterapewtiň we ýoga hünärmeniniň görkezmelerine eýerdi.
“Men öz-özüme çagyryş etmek we fiziki çydamlylygymy subut etmek üçin bu rekordy täzeledim. Ýöne, esasanam, hyjuw sebäpli: dijing – meniň durmuşym”.
Çeşme: tmcars.info (düýn 20:50)
31
67
smiling_
10.06.2024 09:57
- Men üýtgemedim... sen ýüz öwürdiñ...
- Bu şäherde saña garaşmadyk duralgam galmady, sen bolsa olaryñ birinde hem durmadyñ!
- Guýlup goýlan çaý ýaly saña garaşdym, sowadym, köneldim we garaldym...
- Sen maña parzdyñ, men bolsa saña sünnet. Men seni söýmäge borçludym, emma sen meni söýmeseñ-de bolýar-dy...
- Eliñ boşaşsa ýanyma aýlan, meni görmek üçin däl, sen gidensoñ üýteşik we täze paýyş sözleri öwrendim, şolary eşitmek üçin...
- Sen gitmek üçin dürli-dürli bahanalar gözleýärkäñ, men seni söýmek üçin hiç hili sebäp ýok wagty hem söýdüm...
- Soñky hoşlaşykda "Özüñe gowja seret!" - diýipdiñ. Men bolsa şoldurda-şoldur özüme däl senden galan suratlara has köp seretdim...
- Kalbymda açan her bir Ýarañdan, jogap sorar Ýaradan!.
- Narkozyñ geregi ýok, sen maña diñeje "Seni söýýän" - diý. Men aýak üstünde hem uklaryn.
- Ýüregiñizi çaga-çuganyñ eline bermäñ, ýogsa döwüp ýere zyñýarlar!
Atajan Eýýupow (Habarçy, žurnalist).
39
278