Perişdäniň heýkeli
Bir gezek är-aýal ikisi täze çykan kinofilme tomaşa etmäge gitmekçi bolupdyrlar-da, çagalaryna esewan bolmak üçin öýlerine jaň edilip çagyrylýan enekäni çagyrypdyrlar. Kinoteatra gitmänkäler olar çagalaryny düşege salyp ýatyrypdyrlar. Şonuň üçinem ýaşajyk enekä diňe öýde oturyp, birdenkä çagalar oýanaýsa olara göz-gulak bolmak ýeterlik ekeni. Är-aýal gidenden soň kän wagt geçmänkä eneke-gyzyň içi gysyp başlapdyr we ol güýmenmek üçin telewizora tomaşa etmek isläpdir. Onsoň ol är-aýalyň birine jaň edip, telewizory açmaga rugsat sorapdyr. Elbetde är-aýal enekä rugsat beripdirler. Emma, eneke ondan soňam aragatnaşygy kesmän, özüniň ýene-de bir haýyşynyň bardygyny, ýagny penjiräniň aňyrsyndan görünýän perişdäniň heýkeliniň ýüzüni nämedir bir zat bilen örtmek isleýändigini aýdypdyr. Sebäbi perişdäniň heýkeli ony birhili haýykdyrýarmyş. Eneke bu towakgasyny aýdanda telefonda az salymlyk dym-dyrslyk emele gelipdir. Soňam birdenkä eneke bilen gepleşýän çagalaryň kakasy howsalaly ses bilen:
-Çagalaram al-da, gaty çalt öýden gaç...Biz häzir polisiýa jaň edýäris. Biziň howlymyzda perişdäniň heýkeli ýok!-diýip tiz-tiz gepleýär...
Emma...
Polisiýa-da, enekede ýetişmeýärler...
Är-aýaldyr, polisiýa işgärleri ol salga gelenlerinde öýden hemmeler yzsyz-tozsyz ýom-ýok bolupdyr.
Çagalaram, eneke-de, perişdäniň heýkelem...
Gijeki myhman
Ýaş gyz ýarygijeden soň oýandy. Däliziň alys çüňkündäki iş otagyndan nähilidir bir düşnüksiz hem ýakymsyz çybşyldy eşidilýär. Ol oýaly-ukuly halda ýatyş sekisinden turdy-da, aýakýalaňaçlygyna şol tarapa ugrady. Iş otagyna girende-de otagyň ortarasynda aýbodgaşyny gurup, iki ýana yraň atyp oturan merhum kakasyny görüp, zordanjyk çirkin ses bilen gygyrman saklandy. Haçan-da, kakasy ýerinden turup, hemişeki oturýan kürsüsine geçende bolsa, ol özüniň nädip, gözlerini pugta ýumup, ulili bilen gygyryp başlandygynam duýman galdy.
Gijeki jaň
Ýarygijeden agyberende köp gatly jaýyň bäşinji gatynda ýaşaýan onuň gapysynyň jaňy basyldy. Yzly-yzyna ýaňlanan dört sany gysgajyk, çürt-kesik jaň ony oýardy. Emma, ol oýansa-da, gaharlanyp, bimahal çak bimaza edýän kimem bolsa oňa gapysyny açmady. Onsoňam ol hiç kime garaşmaýardy.
Ertesi gün ýene-de şol düýnki wagtda ýene-de dört gezek yzly-yzyna onuň işiginiň jaň düwmesi basyldy. Bu gezek ol özi bilen şeýle gödek oýun etmäge het edýäniň kimdigini bilmek üçin tarsa ýerinden turdy-da, gapa bardy. Onuň gözünden yşyklap, basgançak meýdançasyny synlady. Ol ýerde hiç kim ýokdy.
Gündiz ol işdeş dostlarynyň ýanynda degşip öten agşamky wakany gürrüň berdi we megerem, iki gije yzly-yzyna öz bosagasyna ajalyň gelendigini, emma ahyry özüniň gelmeli salgysyny ýalňyşandygyny anyklap, yzyna gidendigini aýdyp, çylkasyz, ýuwanjak henek eden boldy.
Üçülenji gije onuň ýanyna dosty görme-görşe geldi we olar gije ýarymdan agýança mesawy gürrüň edip oturdylar. Şol pillede, ýene-de düýnki wagtda, edil öňküleri ýaly yzly-yzyna dört gezek jaň kakyldy. Bu wakadan habarly dosty:
-Hany, şu bolgusyz oýunbaz bilen menem gabatlaşaýyn-la!-diýip öý eýesinden öňürti gapa ylgady. Barşyna-da gapyny açyp, çykyp gitdi. Şol hem öý eýesiniň dostuny gören iň soňky gezegi boldy. Sebäbi ol ylgap howla çykanda aňyrdan bat bilen gelen ulag ony süsüp, ol şol duran ýerinde aradan çykdy.
Şondan soň gijeki jaň kakylmasy kesildi.
Diňe, şol wakadan soň bäş ýyl geçip, öten gije, ýene-de onuň gapysynyň jaň düwmesi basyldy...
Yzly-yzyna dört gezek...
Özem üzül-kesil gysgajyk...