smiling_
30.07.2024 09:28
Kebelekler barada.
Kebelekleriň 200 müňe golaý görnüşi bardyr. Kebelekler birnäçe gün ýaşamak üçin dünýä gelendir. Diňe bir görnüşi 6 aýdan 10 aýa çenli ýaşap bilýär. Onuň ganatlaryndaky şekilleriň ikisi hem meňzeşdir. Olar duran ýerinde iýmitlenýärler. Sebäbi bu jandaryň tagam duýujylygy aýagynda ýerleşendir. Bu jandar gülleriň şiresi, ir-iýmişleriň şiresi, ary baly bilen iýmitlenýärler. Kebelekleriň hiç zat iýmän ýaşaýanlary hem bar. Sebäbi olar heniz kebelek gurçugy wagty iýmitlenen iýmitiniň gory bilen ýaşaýarlar.
Arylardan soň kebelekler tozanlandyryjy jandarlara girýärler. Ýewropada onuň owadanlygyna guwansalar, Hytaýda, Hindistanda, Günorta Amerikada uly höwes bilen ondan tagam taýýarlaýarlar. Stokgolmda içi gülli kebelekli hassahana bolup, ol ýerde adamlar rahatlanmak üçin bejergi alyp saglyklaryny berkidýärler. Ýaponiýada öýüňde uçup ýören kebelegi görmeklik bagta ýorulýar. Iň uly gije uçýan kebelegiň ganatyny ýaýanda uzynlygy 30 santimetr bolup, ony käwagt guş bilen çalyşýarlar.
Iň çydamly kebelegiň ady «Monarh» bolup, ol müň kilometre golaý durman uçup bilýär. Käbir kebelegiň uçmagy üçin oňa Günüň ýylylygy zerur. Kebelekler 4 döwür esasynda kemala gelýärler: Olar ýumurtgadan gurçuga, gurçukdan gurjaga, ondan soň kebelege öwrülýär. Kebelek bir gezekde bir milliona golaý ýumurtga taşlaýar. Bu jandaryň iň çylşyrymly agzasy gözüdir. Ol alty müň bölejikden, ýagny linzadan ybaratdyr. Olaryň käbirleriniň ýokary uçuş tizligi sagatda 60 kilometre çenli ýetip bilýär. Kebelekler eşidenok, ýöne hereketi duýujylygy welin güýçlüdir. Bu bolsa oňa garşydaşyndan goranmaga ýardam berýär. Olaryň goranyşy täsindir. Kebelege topulan onuň jansyz bolup ýatyşyna ynanyp, degmän gidýär. Bu jandarlar Gyzyl kitaba owadanlylygy üçin girizilendir.
Medine ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
21
18
smiling_
29.07.2024 15:23
Çagalar barada gyzykly maglumatlar.
Geljekki ene bolmaly zenanlar durmuşynyň möhüm wakasy bolan bu döwre ykjam taýynlyk görmek üçin täze doglan çagalar baradaky maglumatlary üns bilen öwrenýärler. Şeýle-de bolsa, bu meselede bilini pugta guşan gelinler hem aşakda getirilýän maglumatlaryň käbirine geň galsalar gerek.
Çagalar dyzçanaksyz dogulýarlar. Aslynda çagalarda dyzçanak bolýar, ýöne onuň gurluşy maýyşgakdyr. Diňe alty aýdan soň maýyşgak dyzçanak süňk görnüşine öwrülip başlaýar.
Şol sebäpli hem bäbekleriň köpüsi dyzlaryna daýanman, ellerinde süýrenýärler. Şwesiýaly alymlar tarapyndan geçirilen barlag täze doglan çagalaryň ellerinde süýrenip bilýändigini görkezdi. Çaga doglandan soň, enäniň garnyna goýlanda, bir sagadyň dowamynda onuň döşüne ýetip bilýär.
Maý aýynda bäbekler agyr agramda dogulýarlar. Alymlar maý aýynda doglan bäbekleriň beýleki aýlarda doglan bäbeklerden, ortaça 200 gram agyr agramda dogulýandygyny anykladylar.
Şu güne çenli iň uly doglan çaga — 1955-nji ýylda Italiýada dünýä inen, agramy 10 kilogram 200 grama deň bolan oglan bäbek hasaplanýar.
Täze doglan çagalar aglamaýarlar. Täze doglan çagalar doglan dessine gözýaş dökmeýärler, sebäbi heniz olaryň göz ýaşlary dörediji çeşmeleri doly ösmedik ýagdaýdadyr. Ömrüniň ilkinji hepdelerinde gözleriň sagdyn bolmagy üçin ýeterlik derejede çyglyk emele gelýär.
Çagalaryň ilkinji gözýaşlary, adatça 3-4 hepdeden soň peýda bolýar. Şeýle-de bolsa, käbir bäbeklerde bolsa gözýaş 5-6 aýdan soň hem ýüze çykyp biler, ýöne bu seýrek bolýar.
Çaga enäniň ýürek urşuna täsir edip biler. Ysraýylyň alymlary tarapyndan geçirilen barlag, enäniň we täze doglan çaganyň biri-biriniň gözüne sereden mahalynda ýürek urgularynyň deňleşip bilýändigini görkezdi.
Çaga doglan dessine onuň ýüregi minutda takmynan 180 gezek urýar. Birnäçe sagadyň içinde ýürek urşy minutda 140 urga çenli azalýar. Bir ýaşa çenli çaganyň ýürek urgusy minutda takmynan 115 urga deň bolýar we uly ýaşadygyça minutda 70-80 urga barabar bolýar.
Çagalar günde, ortaça 300 gezek gülýärler, ulular bolsa diňe 60 gezek gülýärler.
Çaga aksentli aglaýar. Çagalar ene dilini heniz enesiniň göwresinde mahaly özleşdirip başlaýarlar. Diliň aýratynlyklary çaga doglandan soň, agy seslerinde ýüze çykyp ugraýar. Şeýlelikde hem, dürli ýurtlardan bolan bäbekleriň sesleri we jägildileri tapawutly eşidilýär.
Bäbekler göwrelilik döwründe diňlän aýdym-sazlaryny ýadynda saklap bilýärler we soň hem ony eşidenlerinde köşeşýärler.
Peýdalanylan çeşmeler: letidor.ru; www.boan-baby.ru
26
82
smiling_
29.07.2024 07:35
GÜLLER HAKYNDA BILÝÄŇIZMI?
Güller – ömrüniň ähli döwürlerinde adama ýoldaş tebigatyň ajaýyp döredijiligidir. Dürli gülleriň dürli nyşanlary bar, söýgi, wepalylyk, dostluk we hormat.
Dünýädäki iň köne gül Germaniýada ösýär. 1000 ýyldan gowrak wagt bäri “Hildesheim soborynda” her ýyl gülleýär.
Müsürde gül ösdürip ýetişdirmek 4 müň ýyldan gowrak ozal başlandy.
Gollandiýa çigildemleriň ýurdy. Ýüzlerçe, hatda müňlerçe owadan güller bu döwletiň meýdanlarynda ösýär. Emma Gollandiýada çigildem ýok wagtlary hem bolýar.
Dünýäde iň çalt ösýän gülleriň biri çigildemdir. Çigildemler diňe bir günde 2 santimetr ösüp biler.
Gadymy Müsürde “lotos” mukaddes gül, direliş nyşany hasaplanýar. Oňa ybadat edilip, jaýlanyş dessurlarynda ulanylýar. Bu, esasan, lotosyň köp ýyllyk gurakçylyk wagtynda ýaşap bilmek ukyby bilen baglanyşykly bolup durýar.
Hytaýyň milli gülü “pion”-dyr. Bu ýurtda hakykatdanam pionlaryň jadyly häsiýetler bar. Hytaýlylar, piony erbet ruhlary öýlerinden kowýar diýip hasaplaýarlar.
Iň gadymy gül, “ähli gülleriň enesi” 2002-nji ýylda häzirki Hytaýyň çäginde arheologlar tarapyndan tapyldy. Onuň ýaşy 125,000,000 ýyldan gowrak.
Amerikanyň tropiki ýerlerinde ösýän ,,Aý güli” diýlip atlandyrylýan gül özboluşlylygy, gülleriniň gülläp ösmegi üçin günüň däl-de, aýyň ýagtylygynyň bolmagy, ösümligiň diňe garaňkyda gülleýänligi bilen tapawutlanýar.
AÝMYRAT HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
20
14
smiling_
28.07.2024 18:30
Söýgi däneleri :)
– Gözleriňi ýum!
– Ýumdum.
– Näme görýärsiň?!
– Garaňkylyk.
– Gözleriňi aç! Indi näme görýärsiň?
– Seni.
– Sen meni şol garaňkylykdan halas edermiň?!
* * *
Seniň gelmegiň üçin ýekeje gün ýeterlik, meniň garaşmagym üçin bolsa tutuş ömrüm. Sen maňa tutuş ömrümiň ýekeje gününi sowgat berip bilmezmiň?!
* * *
Sensiz bir gün ömre ýeterlik. Ömrüm sensiz ölme ýeterlik. Maňa diňe sen ýeterlik.
* * *
– Meniň saňa bir sözüm bar.
– Aýt!
– Ýok, iki söz aýtjak.
– Aýdyber.
– Üçüsini aýtsamam bolarmy?!
– Hawa.
– Men seni söýýärin.
* * *
Bir guşjagaz Gökdäki Güne aşyk bolupdyr. Ol Güne ýetjek bolup, elinden gelenini etse-de, barybir, oňa ýetmek başartmandyr. Bir günem ol ýüregine bire baglap, göterilipdir asmana. Tä ýelekleri ýanyp gutarýança uçupdyr. Ahyry ganatlary ýanyp gutaryp, aşak gaçypdyr. Ýöne ol guşjagaz henizlerem dirimiş, şol Güne ýetmegiň arzuwynda ýaşaýarmyş. Göwnüm hem şol guş mysaly, saňa ýetmegiň yşgynda, söýgim! Ony mundan artyk örteme…
* * *
Gülleriň Güne garap açylýandygy barada eşitdiňmi?! Ýüregimiň hem her gezek seni görende gül-gül açylýandygyna näme diýersiň?!
* * *
Söýginiň girelgesi müňlerçe, çykalgasy bolsa ýok…
Goçmyrat ORAZBERDIÝEW
21
67
smiling_
28.07.2024 13:02
“Tüweleý” filminiň sikweli betbagtçylyklar hakyndaky filmleriň taryhynda rekord başlangyç görkezdi.
19-njy iýulda “Tüweleý 2” (Iňlis: Twisters; beýleki bir ady: “Tüweleýler”) filminiň dünýäde ilkinji görkezilişi boldy. Ilkinji dynç günlerinde film ABŞ-da 80,5 million dollar gazandy - bu tebigy betbagtçylyklar hakyndaky ähli filmleriň arasynda iň gowy bad alyşdyr.
2004-nji ýyldan bäri bu žanrda rekordy Roland Emmerihiň “Birigün” ("The ay After Tomorrow", 68,4 million dollar) atly filmi eýeläp gelýärdi.
“Tüweleý 2” ABŞ-da 2024-nji ýylda diňe “Tapmaça 2-den” (154,2 million dollar) we “Dýuna 2-den” (82,5 million dollar) soň üçünji orny eýeledi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşynda filmiň üstünlikleri o diýen ýokary bolmady: beýleki ýurtlarda kassa ýygymy 42,7 million dollar gazandy. Filmiň býujeti, marketingi hasaba almazdan, 155 million dollar boldy.
Film tupanda galan, tebigy hadysany öz ellerine almak we oňa garşy durmaga synanyşýan "awçylar" topary hakynda gürrüň berýär. Emma tüweleýleriň gerimi olaryň çaklamalaryndan has giň bolup, netijede olar aman galmak üçin göreşmeli bolýar.
Filmde baş keşplerde Glenn Pauell (Top Gan: Mawerik), Deýzi Edgar-Jons (Ruhy sag adamlar (“Нормальные люди”)) we Dewid Korenswet (Supermen: Miras) çykyş edýär. Filme “Minari” filmi bilen tanalýan Li Aýzek Çun režissýorlyk edip, “Oskar” we “Altyn globus” baýraklaryna dalaşgär görkezildi.
Asyl "Tüweleý" filmi 1996-njy ýylda çykdy we takmynan 495 million dollar gazandy.
Çeşme: tmcars.info (23.07.2024)
21
61