Alymlar ýylanlaryň sesi eşidýändigini subut etdiler.
Awstraliýanyň Kwinslend uniwersitetiniň alymlary ýörite tejribe geçirip, ýylanlaryň titremeleri duýýandygyny we sesi eşidýändigini subut etdiler.
Ýylanlaryň gulaklarynyň ýokdugy adamlarda olaryň ses eşitmek ukyby bilen baglanyşykly nädogry pikirleriň döremegine getirdi. Bu nazaryýeti ret etmek üçin alymlar 5 sany aýratyn maşgala degişli bolan 19 sany ýylany ses geçirmeýän otagda ýerleşdirdiler.
Tejribäniň dowamynda otagyň içine dürli ýygylykdaky üç sany ses tolkunlary goýberildi. Bu sesleriň biri otagda titreme döredip, galanlary adaty tebigatda gabat gelýän seslere meňzeş boldy. Netijede, alymlar ýylanlaryň sesleriň üçüsini hem eşidendigini belleýärler.
Tejribäniň dowamynda alymlar ýene-de bir aýratynlyga üns beripdirler. Sesler goýberilende gara kelleli pitonlardan (Awstraliýada gabat gelýär) başga ýylanlar sesiň gelýän tarapyndan gaçypdyrlar.
Çeşme: SalamNews