smiling_
26.08.2024 16:11
Ýyldyz. ⭐️
Ýyldyz — jümmüşinde termoýadro sinteziniň reaksiýalary bolup geçýän (ýa-da öň bolup geçen), öz grawitasiýasynyň güýji bilen saklanýan, ýagtylyk goýberýän massiw gaz şary. Alp daglarynda ýyldyzly asman, Şweýsariýa Ýere iň ýakyn ýyldyz Gün bolup, ol G spektral klasynyň adaty wekilidir. Ýyldyzlar grawitasion gysylmanyň netijesinde gaz-tozan gurşawyndan (esasan, wodorod bilen geliden) emele gelýärler. Ýyldyzlaryň jümmüşindäki maddalaryň temperaturasy million kelwin, ýüzündäki maddalaryň temperaturasy bolsa, müň kelwin bilen ölçelýär. Ýyldyzlaryň aglaba köpüsiniň energiýasy içerki oblastlarda wodorodyň geliýe öwrülmeginiň ýokary temperaturadaky termoýadro reaksiýalarynyň netijesinde bölünip çykýar. Ýyldyzlar ýygy-ýygydan Älem-jahanyň esasy jisimleri diýlip atlandyrylýarlar, sebäbi olar tebigatdaky ýagtylyk ýaýradýan maddalaryň esasy massasyny özlerinde saklaýarlar. Ýene bir bellärlikli mesele hem, ýyldyzlaryň otrisatel ýylylyk sygymy bardyr.Uly Magellan Buludynda ýyldyzlaryň emele gelýän oblasty
Güne iň ýakyn ýyldyz Sentawr proksimasy bolup durýar. Ol Gün ulgamynyň merkezinden 4,2 ýagtylyk ýyly (4,2 ýgt. ýyly = 39 Pm = 39 trillion km = 3,9·1013 km) uzaklykda ýerleşýär.Ýönekeý göz bilen seredilende (gowy görüş ýitiliginde) asmanda her ýarym şarda 3000 sanydan, jemi 6000 töweregi ýyldyz görmek bolýar. Ýerden görünýän ähli ýyldyzlar (şol sanda iň kuwwatly teleskoplar bilen görülýänler) galaktikalaryň ýerli toparynda ýerleşýär. 🌟
Çeşme: tk.m.wikipedia.org
25
61
smiling_
26.08.2024 13:56
《•Bolup bilmen•》
Adam men, ýalñyşym bilen söýmeli,
Jennetde päk biten gül bolup bilmen.
Ýigrenýärler bar diýip neçüýn köýmeli?
Hemmä ýarar ýaly, pul bolup bilmen.
☆☆☆
Baýy däl, bagtlyny ýüzüme syldym,
Başarsam mert bolup gözlere ildim.
Men diñe bir güýje gul bolup indim,
Ynan, özgelere gul bolup bilmen.
☆☆☆
Ynsany pespäli bolsa, ýeñjegi hakdyr,
Kalbymyñ gymmaty çen bilen çakdyr.
Süýem barmagyñy ýokary bakdyr,
Men, ana diñeje şol bolup bilmen...!
~ Awtor: Kerim Hallyýew
35
80
smiling_
25.08.2024 22:31
Bagtyň höwesli improwizasiýasy
Terk edilen teatr... Kim bilýär, bir wagtlar içinde drama, komediýa, tragikomediýa we başga-da birnäçe äheňde ençeme oýunlar oýnalandyr, gülünendir, aglanandyr, söýülendir, halanandyr, ýigrençler dökülendir, sarpalar edilendir... Häzir bolsa sessiz, ähli ýygnan manylary bilen terk edilip, boşap galan... Ony ýönekeý binadan tapawutlandyrýan sungat ruhydy, sungat ruhy bolsa ähli duýgylary bilen oňa durmuş berdi...
Ýokarky setirler örän tanyş gerek? Hoş geldiň haçan terk edilen teatra öwrüljegini bilmän, şol güne çenli başaran her pursadynda bagtly bolmak üçin elde baryny edýän ýalňyz oýunçy. Hawa sen, durmuşyňa girip çykýan her bir adamyň tomaşaçylygynda öz gurup biljek iň ýokary hilli teatryňy iň saýlama oýunlar bilen bezemeli, awtoram sen, artistam. Işiň şowuna bolsa çapaklaram batly bolar, emma bu köplenç, şol pursatda oýlap ýerine ýetiren oýunyň bilen bolaýjak iş däl. Batly çapaklary eşidesiň gelse, ol oýuny irräk ýazyp, üstünde köp işlemeli bolýarsyň. Şol pursatda oýlanan oýunlar diňe bagtyň çüwüp, her zat seniň peýdaňa bolan halatynda, ýagny belki-de ömrüň barmak basyp sanardan az gezeginde batly çapaklara sebäp bolar. Çapaklar seni bagtly edýän bolsa, bagtyň syry gaýtalamak. Käsi teatryny halka açýar, käsi bolsa diňe saýlama adamlara bilet berýär, käsi öz teatrynda başgalara rol berýär, käsi bolsa öz rolyny hem oýnaman diňe başgalara tomaşa edýär, muny Tom aşa köp edýärdi :) şeýdibem Jerry'ni hiç tutybilmedi.) Bolýa, men asyl mowzuga geleýin, teatr meňzetmesini hyýal älemiňizde özüňiz uzadyp gidiberiň, men bu girişi bagt üçin etdim. Adam pahyr bagt üçin her zady edip görýäreý...
Kän ýazylandyr, ýazan kändir. Meniň nämäm kem? :) Bagtym? Belki. Ýa-da ýok.
Aslynda bagty netijede däl-de prossesde, şol netijä gidýän ýodada gözlemeli. Muňa gysga mysal, teatrdaky ýeke oýun bolup biler. Tomaşa edýän oýunymyzyň lezzeti oýunyň dowamynda emele gelýär, oýunyň soňunda ruhumyz sungat naharyndan doýýar we şol oýunyň her bir pursadyndaky duýan aromasynyň, lezzetiniň garyndysyny, dilimizdäki galyndysyny ruhymyzdaky sungat reseptorlarymyza ýetirýär. Bagtlylygyň şeýle köp talap edilmeginiň sebäbi bagtsyzlygyň köp bolmagymy? Men muňa "bitin bolmak üçin ilki böleklere bölünmeli" pelsepesi bilen seredýärin, ýagny bagtsyzlygyň bolmaýan ýerinde bagtyň gadyry näme işlesin? Bu gaty göni ýagdaýda seredilýän mantyk bilen şeýle, eýsem bütinleý bagtsyz adam barmy? "Hawa" diýip bilerin. Meniň üçin bagt we bagtly bolmak üçin iň zerur zat hyjuw we höwes. Dowam etmäge hyjuwy, ýaşamaga höwesi bolmaýan adamy kim nädip, näme zat nähili bagtly etsin? Aslynda meni bagt hakyndaky şu makalany ýazmaga iteren hem höwes bilen hyjuw boldy, şu ikisi bolmasa bagtyň manysy, hatda wagtyň ýa-da nagtyň hem manysy galmaýar. Durmuşda hyjuwly galmaga güýç we höwesli galmaga sebäp gözläň, tapyň. Ýogsam bagty her gün garşyňyzdaky tomaşaçylaryň öňünde, şol wagt pursatlaýyn oýlan oýunyňyzda gözläp heläk bolarsyňyz, bagty töwekgelçilik edip, soňky pursada goýmaň, höwes we hyjuw bir günüň önümi däl, başda hem agzaýşym ýaly, awtor biz, oýunlary öňüräginden ýazyp, gaýtalap bilýänimizi hergiz unutma:ly, her günki oýuny şol gün ýazyp, şol gün oýnajak bolsak bizden ne ussat oýunçy çykar, ne ussat awtor. Sahna seniňki, oýun käte senden garaşsyz bolsa, sen günäkär däl, emma netijesi mydama seni gyzyklandyrýar. Sahnada ýykylsaňyz-da ýokary galyň, hyjuwly we höwesli ga:lyň. Netijede ýönekeý binany teatra öwürip, sungat gymmatlygy halyna getirýän içindäki oýunlardyr, bedeni gymmatlandyrýan ruhumyz bedeni terk edensoň hiç bir tragediýanyň manysy galmaz. "Bagtly boluň"-dan zyýada höwesli galyň. Hyjuwyňyz hiç ýitmesin. Höwesiňiz hiç gitmesin.
Awtor: Höwesjan Hançarow
26
235
smiling_
25.08.2024 17:54
Bagt näme diýseler - Buddha (birazajyk pelsepe 2).
Gadyyym döwürlerde (563-483 b.e.ö) şuwagtky Nepalda owagtlar Lumbini diýen ýerde, gurplyja bir maşgalada gowja oglanjyk ýaşap ýör eken. Bir diýeni iki gaýtalanmaýan, döwrüniñ şertlerine görä maddy ýagdaýy gaty gowy bolan bu oglanjyk bir gün, bu zatlaryñ hiiiiiçisinden lezzet alyp bilmeýändigine göz ýetiripdir. Şeýdip Akyşyñ "bagt näme diýseler, puldur öýtmäñ adamlar" aýdymynyñ sözlerini pikirlenmäne başlapdyr.
Ýañky oglanjygymyz, Siddharta Gautama, haaas meşhur ady bilen Buddha(ýagtylanan-durmuşy çözüp taşlan diýen manyda), bu barada pikirlenip başlapdyr. Buddha bu keýpleriñ ahyr soñy näme üçin jebir berýändigine düşünjek bolupdyr. We şeýle netijä gelipdir. Bu lezzetleriñ ahyr bir gün hassalyklar, ölüm we garrylyk ýaly sebäpler bilen soñunyñ geljegi bize ejir çekdirýär. Diýmek aslynda ejir çekmegimize sebäp bolýan zat bu lezzetleriñ dowamly bolmagyna bolan islegimiz we höwesimiz. Onda biz ejir çekmekden halas bolmak üçin isleglerimizden we höweslerimizden gopmalydyrs, olardan halas bolmalydyrs, diýip pikir edipdir. Ýöne özüne sütem berip bagt tapjak bolýanlaryñky ýaly eýlesini beýlesini kesmändir.Onuñ ýerine has üýtgeşigräk ýoly, türkmençilikde-de aýdylyşy ýaly derwüşligi saýlapdyr we günorta tarap Hindistana aýlanmana başlapdyr. Bu höwes we arzuwlardan nädip halas bolmalydygynyñ ýoluny gözläp ýörkä birden kellesine bu arzuwlaryñ "EGO" ýagny bir "MEN"-e baglydygy gelipdir. Bu islegler bizin tebigatymyzda bar bolsa, olaryñ hem bary "EGO" bagly bolsa, onda men eýdip beýdip öz menligimden dynmaly diýägede ony nädip sadalaşdyrmalydygyñ ýoluny gözläpdir. Soñam şeý diýipdir: Biz bu durmuşdan aýry bir bölek däl, bizden öñkiler bar, we bizden soñkylar bolmaly, şeýlelikde biz aralykda ýönekeýje bir köpri. Onda "MEN"lik duygusyna beýle uly baha bermek hökman däl. Netijede Buddha "MEN"ligi ýok hasap etmezden sadalaşdyrmagyñ özüçe ýoluny tapypdyr, we bu ýol arkaly ýetilýän bagtyñ çür depesine NIRWANA diýip at beripdir.
Buddhañ maslahaty boýunça NIRWANA eltýän sekiz ýoly hem aýdyp gürrüñi tamamlaýaly:
1. Dogry añ
2. Dogry düşünje
3. Dogry gürrüñ
4. Dogry üns
5. Dogry yhlas
6. Dogry güzeran
7. Dogry niýet
8. Dogry hereket
"Asudalyk içiñden gelýändir, ony daşarydan gözleme!" - Siddharta Gautama"
Çeşme: makalam.
21
96
smiling_
25.08.2024 12:54
Pikirlenýän, diýmek men bar. Rene Dekart (Birazajyk pelsepe 1).
Pikirlenmegi, pelsepäni halaýan her bir adam barlygy soraga çekmäge çalyşandyr. Her kynçylyga duş gelenimizde "Men näme işläp ýörün?" diýp soramaýanymyz az bolsa gerek. Rene Dekart diýip bir ýaşuly, meşhur fransuz filosofy, näme işläp ýörün diýmändir-de birazajyk öteräk geçipdir. Derdi ulurak bolmalyda, ol özüne "Meñ barlygym bir çynmyka?" diýip sorapdyr. Men barmy? Bu soragyñ jogaby bir bada gaty açyk görünýär. Dagy näme, men bar, biz bar. Ýöne gezek subut etmäge gelende biraz kynlaşýar. Duýuş organlarymyzyñ beýnimize berýän habarlaryna görä daşky dünýäniñ barlygyny añ etmäge we seljermäge çalyşýarys. Şu burnumyza gelýän ysyñ mantydanmy ýa-da garpyzdan gelýändigi baradaky habaryna doly ynanýarys. Dişlän şokoladymyzyñ şokoladmy ýa-da däldigi barada gözümize-de, burnumyza-da, dilimize-de ynanmazçylyk edemzok. Ýöne bu organlarymyz gynansakda bizi kähalatlarda ýalñyş maglumatlar bilen üpjün edip bilýär. Salgymlar görýäs, kabir zatlary göz çaky bilen ýalñyş ölçeýäs we şm. Käwagt bolsa bu hyýanaty bize beýnimiz edýär, şizofrenleriñ adatdan daşary zatlar görmegi, ukuda wagtymyz düýşler görmegimiz muña mysal bolup biler. Diýmek barlyk düşünjesine uly daýanç edip goýan duýuş organlarymyz we beýnimiz beýle berk hem däl eken- diýýär Dekart daýy. We gürrüñine dowam edýär: "Belki biz hem bir düýşde gezip ýörendiris, belkem bu zatlaryñ hemmesi ýönekeýje bir hyýaldyr. Hatda men hem bir hyýal bolaýmaýyn. Belkem biri bizi şu zatlaryñ hatda meniñ hem bardygyma ynandyrandyr." Soñ birden pikirlenip oturan wagty źeton gaçýar. Hemmämiziñ gulagymyza eşdilýän şol ştyñññ sesi eşdilýär, kellesiniñ gapdalyndaky lampajyk ýanýar. "Eger biri meni bu zatlaryñ hakykydygyna ynandyrjak bolaýan ýagdaýynda-da, ynandyrmagy üçin men bar bolmaly, pikirlenip bilýän bolmaly. Men pikirlenýän, diýmek men bar." diýýär.
Awtor: Ýaran Allamyradow
21
63