Bagtyň höwesli improwizasiýasy
Terk edilen teatr... Kim bilýär, bir wagtlar içinde drama, komediýa, tragikomediýa we başga-da birnäçe äheňde ençeme oýunlar oýnalandyr, gülünendir, aglanandyr, söýülendir, halanandyr, ýigrençler dökülendir, sarpalar edilendir... Häzir bolsa sessiz, ähli ýygnan manylary bilen terk edilip, boşap galan... Ony ýönekeý binadan tapawutlandyrýan sungat ruhydy, sungat ruhy bolsa ähli duýgylary bilen oňa durmuş berdi...
Ýokarky setirler örän tanyş gerek? Hoş geldiň haçan terk edilen teatra öwrüljegini bilmän, şol güne çenli başaran her pursadynda bagtly bolmak üçin elde baryny edýän ýalňyz oýunçy. Hawa sen, durmuşyňa girip çykýan her bir adamyň tomaşaçylygynda öz gurup biljek iň ýokary hilli teatryňy iň saýlama oýunlar bilen bezemeli, awtoram sen, artistam. Işiň şowuna bolsa çapaklaram batly bolar, emma bu köplenç, şol pursatda oýlap ýerine ýetiren oýunyň bilen bolaýjak iş däl. Batly çapaklary eşidesiň gelse, ol oýuny irräk ýazyp, üstünde köp işlemeli bolýarsyň. Şol pursatda oýlanan oýunlar diňe bagtyň çüwüp, her zat seniň peýdaňa bolan halatynda, ýagny belki-de ömrüň barmak basyp sanardan az gezeginde batly çapaklara sebäp bolar. Çapaklar seni bagtly edýän bolsa, bagtyň syry gaýtalamak. Käsi teatryny halka açýar, käsi bolsa diňe saýlama adamlara bilet berýär, käsi öz teatrynda başgalara rol berýär, käsi bolsa öz rolyny hem oýnaman diňe başgalara tomaşa edýär, muny Tom aşa köp edýärdi :) şeýdibem Jerry'ni hiç tutybilmedi.) Bolýa, men asyl mowzuga geleýin, teatr meňzetmesini hyýal älemiňizde özüňiz uzadyp gidiberiň, men bu girişi bagt üçin etdim. Adam pahyr bagt üçin her zady edip görýäreý...
Kän ýazylandyr, ýazan kändir. Meniň nämäm kem? :) Bagtym? Belki. Ýa-da ýok.
Aslynda bagty netijede däl-de prossesde, şol netijä gidýän ýodada gözlemeli. Muňa gysga mysal, teatrdaky ýeke oýun bolup biler. Tomaşa edýän oýunymyzyň lezzeti oýunyň dowamynda emele gelýär, oýunyň soňunda ruhumyz sungat naharyndan doýýar we şol oýunyň her bir pursadyndaky duýan aromasynyň, lezzetiniň garyndysyny, dilimizdäki galyndysyny ruhymyzdaky sungat reseptorlarymyza ýetirýär. Bagtlylygyň şeýle köp talap edilmeginiň sebäbi bagtsyzlygyň köp bolmagymy? Men muňa "bitin bolmak üçin ilki böleklere bölünmeli" pelsepesi bilen seredýärin, ýagny bagtsyzlygyň bolmaýan ýerinde bagtyň gadyry näme işlesin? Bu gaty göni ýagdaýda seredilýän mantyk bilen şeýle, eýsem bütinleý bagtsyz adam barmy? "Hawa" diýip bilerin. Meniň üçin bagt we bagtly bolmak üçin iň zerur zat hyjuw we höwes. Dowam etmäge hyjuwy, ýaşamaga höwesi bolmaýan adamy kim nädip, näme zat nähili bagtly etsin? Aslynda meni bagt hakyndaky şu makalany ýazmaga iteren hem höwes bilen hyjuw boldy, şu ikisi bolmasa bagtyň manysy, hatda wagtyň ýa-da nagtyň hem manysy galmaýar. Durmuşda hyjuwly galmaga güýç we höwesli galmaga sebäp gözläň, tapyň. Ýogsam bagty her gün garşyňyzdaky tomaşaçylaryň öňünde, şol wagt pursatlaýyn oýlan oýunyňyzda gözläp heläk bolarsyňyz, bagty töwekgelçilik edip, soňky pursada goýmaň, höwes we hyjuw bir günüň önümi däl, başda hem agzaýşym ýaly, awtor biz, oýunlary öňüräginden ýazyp, gaýtalap bilýänimizi hergiz unutma:ly, her günki oýuny şol gün ýazyp, şol gün oýnajak bolsak bizden ne ussat oýunçy çykar, ne ussat awtor. Sahna seniňki, oýun käte senden garaşsyz bolsa, sen günäkär däl, emma netijesi mydama seni gyzyklandyrýar. Sahnada ýykylsaňyz-da ýokary galyň, hyjuwly we höwesli ga:lyň. Netijede ýönekeý binany teatra öwürip, sungat gymmatlygy halyna getirýän içindäki oýunlardyr, bedeni gymmatlandyrýan ruhumyz bedeni terk edensoň hiç bir tragediýanyň manysy galmaz. "Bagtly boluň"-dan zyýada höwesli galyň. Hyjuwyňyz hiç ýitmesin. Höwesiňiz hiç gitmesin.
Awtor: Höwesjan Hançarow