Ýylgyryş :)
Kijijek gyzjagaz gussaly nätanyşa ýylgyryp bakdy. Bu ýylgyryş onuñ özüni gowy duýmagyna sebäp boldy. Şol duýgy bilenem birmahal özüne ýagşylyk eden dostuna hoşallyk bildirmänligi ýadyna düşdi. Dessine oña hat ýazmaga durdy. Bu hoşallyk hatyndan dostunyñ göwni şeýle bir galkyndy welin, ol günortanlyk naharynda restoranyñ hyzmatçysyna eçilibilenini eçildi. Ömründe ilkinji gezek şeýle serpaýa eýe bolan hyzmatçy gyz näme edendir öýtýäñiz?! Agşamlyk öýüne barýarka köçäñ bir burçunda oturan gedaýyñ ýerde açylgy duran başgabyna oklady. Çugutdyryp oturan gedaý bu peşgeşe diýseñ begendi. Çünki ol iki günläp damagyndan hiç zat geçirmändi. Dessine-de sykylyp atyp, bir öýüñ ýerzemindäki sümelgesine tarap ýelk ýasady. Ýolugra sowukdan ýaña doñara gelen güjüjegi hem ýanyna alyp gitdi. Güjüjek gijäniñ janalgyç sowugyndan gutulandygy üçin şeýle bir şadyýandy welin, otagyñ içinde ikiýana ylgaberdi. Ýarygije otagy tüsse büredi, çünki ýangyn döräp başlapdy. Tüssäniñ ysyny alan güjük, garyp bendäni ukydan oýardy. Soñrada tutuş öýüñ ýaşaýjylaryny abanyp gelýän howpdan halas etdi. Eje kakalar bolsa ýatan çagalaryny halas etdi... Hawa şunça gowulyk ýylgyryşdan doguldy.
Awtor: Hasan Yılmaz
Terjime eden: Men däl 📌
"Always keep smiling :)"