smiling_
30.08.2024 17:45
Reňkleriň täsin dünýäsi.
Reňkler — gündelik durmuşymyzda diýseň möhüm rol oýnaýar. Olar diňe bir gözelligi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, emosional, psihologiki hatda fiziologiki ýagdaýymyzy hem üýtgedip biler. Reňkleriň täsin dünýäsi, olary diňe bir estetiki gözellik hökmünde kabul etmekden has hem ýokarydyr.
Adamlaryň duýgularyny we hereketlerini özlerine çekmekde-de reňkleriň uly täsiri bar. Mysal üçin, gyzyl reňk hyjuwy, üstünligi alamatlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde, gök reňk asudalygy, parahatçylygy we durnuklylygy aňladýar. Ýaşyl reňk tebigaty, ösüşi we saglygy ýada salýar. Adamlar, reňkleriň bu psihologiki täsirlerini dürli maksatlarda, şol sanda marketingde, dizaýnda we sungatda giňden ulanýarlar.
Reňkleriň manysy we ähmiýeti medeniýetden medeniýete görä üýtgäp biler. Günbatar ýurtlarynda gara reňk köplenç ýas tutmak bilen baglanyşyklydyr, emma käbir Gündogar medeniýetlerinde ak reňk ýas tutmakda ulanylýar. Şeýle-de gyzyl reňk Hytaýda bagty we baýlygy alamatlandyrýar, emma başga ýurtlarda howpy we hatda gadagançylygy aňladyp biler.
Reňkler diňe bir psihologiýa däl, eýsem, fiziologiýa hem täsir edýär. Gyzyl reňk gan basyşyny ýokarlandyryp biler, sebäbi ol adamyň fiziologiki taýdan reaksiýa bermegine sebäp bolup biler. Ýaşyl reňk gözümize rahatlyk berýär.
Sungat we dizaýn äleminde-de reňkler möhüm rol oýnaýar. Suratkeşler we dizaýnerler reňkleriň kombinasiýalary bilen öz işlerine has köp many we duýgy goşýarlar. Reňkleriň bilelikde ulanylyşy, kontrast döredip, eseriň täsirini güýçlendirip biler. Kontrast reňkler dramatiki täsir döredip biler, ýagny gyzyl we ýaşyl ýa-da gara we ak ýaly reňkler bilelikde ulanylanda göze ilýär.
Reňkler tebigatyň bize beren iň ajaýyp peşgeşleriniň biridir. Olaryň täsiri diňe bir göz bilen görmek bilen çäklenmän, duýgularymyza, psihologiýamyza hatda bedenimize hem täsir edýär. Şonuň üçin reňkleriň täsin dünýäsini öwrenmek, gündelik durmuşymyza has köp reňk we many goşmagymyza kömek edip biler. Şeýlelikde, reňkleriň bu täsin dünýäsini has köp öwrenip, olardan dogry peýdalanmak, durmuşymyzyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
«TürkmenGazet».
16
26
smiling_
30.08.2024 11:41
Namysyny ýitiren gyzyñ özüni asmanka ýazan haty...
Aýakda oturgyç, boýnunda ýüpi,
Bölejik kagyza ýazdy şul gepi.
Haklamadym, süýdin emdiren enäñ,
Bagyşla kakamjan, öt meniñ günäm.
Saña kaka diýmänede ýüzüm ýok, ýüzüm,
Terjedim men, indi guş çokan üzüm.
Wah men ýaşlyk edip, namysym satdym,
Seniñ abraýyña, garalyk gatdym.
Bagrym kebap boldy, jigerim kömür,
Meniñ dek gyzyñdan ýüz öwür kaka...
(Töbeee Töbeee 🙄)
23
297
smiling_
30.08.2024 09:16
Duýgulardan ýaña döküljek bolýan...
Duýgulardan ýaña döküljek bolýan,
Püre-pür men, dos-doly men!
Diri men!
Ah şonda-da gözleriñe ilemok
Başaramok ýüregiñe giribem.
Bulutlary demim bilen süýşürip
Nurlar sepýän seniñ duran ýerlerñe,
Ah, sen bolsa - "Ýagyş ýagýar" diýýäñde
Saýawan gözleýäñ, meniñ deregme..
Onsoñ pikir bolup beýniñe girip
Gygyryp, gygyryp adymy aýtýan
Ah, sen bolsa taşlap ähli işiñi
Ady meñzeş gyzyñ ýanyna gaýtýañ.
Şahyrlygmyñ, duýgurlygmyñ, haýrynyñ
Degmejek ýerlerem bolýan ekeni
Alhepüs, seniñ deý kütek adamam
Dogulaýjak eken, dogaýjak eken...!
Awtor: Aýgül Garaýewa
19
116
smiling_
29.08.2024 08:09
Adam zadyñ geñ häsiýetleri...
Filosof eflatundan şeýle sorapdyrlar:
- Size görä adamzadyñ iñ geñ galdyran ýagdaýy näme?
Eflatun şeýle jogap beripdir:
- Çagalygy islemezler, ulalmak üçin howlugarlar. Soñrada çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin gije gündiz ylgap, saglyklaryna zyýan ýetirerler, öñki saglygyna gowuşmak üçin hem ýygnan mal-mülklerini harçlarlar. Ertirleriñ aladasy bilen bu günlerini unudarlar. Netijede, bu günlerini er ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler. Hiç wagt ölmerin öýdüp ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly bolup hem ölerler.
- Onda adamlar nähili ýaşamaly? diýip danadan ýene soranmyşlar
Dana şeýle jogap beripdir:
- Hiç kime özüñizi söýdürjek bolmañ, hiç kimiñ öñünde kiçelmäñ, hiç kime-de ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. Iñ esasy zat bolsa, durmuşda iñ kän zada eýe bolmak däl-de, iñ az zada mätäç bolup bilmekdir! :)
21
170
smiling_
29.08.2024 00:40
Bir salym söýgi hakynda oýlanalyň. 😊
Söýmek, söýýän adamyň durmuşyny ýaşamakdyr.
Lew Nikolaýewiç Tolstoý
♡♡♡
Ýokary ahlak gymmatlyklaryny söýýän adam, bütin ömrüne wepaly bolup galýar, sebäbi hemişelik bir zada bagly bolýar.
Platon
♡♡♡
Dünýäde söýgüden has güýçli güýç ýok.
Aleksandr Smitt
♡♡♡
Bir bakyş söýgini öldürip biler, bir bakyş ony janlandyryp biler.
William Şekspir
♡♡♡
Söýmek diýmek, özüňe gowy hasaplaýan zadyňy başga birine arzuw etmek, seniň üçin däl-de, söýýän adamyň hatyrasyna arzuw etmek we mümkin boldugyça bu ýagşylygy oňa gowşurmak üçin synanyşmak diýmekdir.
Aristotel
♡♡♡
Adamlara bolan söýgi, adamyň hemme zatdan ýokary çykýan ganatlarydyr.
Maksim Gorki
♡♡♡
Duşmany söýmek, onuň erbet höweslerine garşy göreşmek, ýamanlyk bilen tutulan adam üçin söweşmek diýmekdir.
Mihail Mihailowiç Prişwin
♡♡♡
Hakyky söýgi bagtsyzlykdan gelýär. Ýagtylyk ýaly, gijeki garaňkylygy has-da ýagtylandyrýar.
Leonardo da Winçi
♡♡♡
Durmuşy söýüň, durmuş hem sizi söýer. Adamlary söýüň, adamlar size söýgi bilen jogap bererler.
Anton Grigoriýewiç Rubinşteýn
♡♡♡
Söýgi bagtyň hazynasydyr: näçe köp berse, şonça-da köp alýar.
Müller Wilhelm
♡♡♡
Esasy zerurlyk – agzybirlik, jedelli – erkinlik, hemme zatda – söýgi!
Balzak
♡♡♡
Taýýarlan: Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
17
58
smiling_
28.08.2024 12:40
5 usulda ýatkeşligiňizi ösdüriň!
Köp adam örän ýatkeş bolýar, telefon belgisini ýa-da goşgyny aňsatlyk bilen ýat tutýar. Käbiriniň bolsa, ýatkeşligi pesräk bolýar. Adamyň ýatkeşligini ösdürmegiň dürli ýollary bar. Eýsem, ýatkeşligi nähili ösdürip bolýarka?!
Hyýalyňda janlandyrmak: göz bilen görlen zat ýatda galyjy bolýar. Bir köçäniň adyny ýadyňyzdan çykarmagyňyz mümkin, emma gidip gören ýeriňizi gaýtadan tapmak o diýen kyn bolmaýar. Adam atlary hem şeýle: ýüzi tanyş, emma ady ýadyňa düşmeýär. Okan ýa-da diňleýän zadyňyzy ozal görmedik bolsaňyz, ony hyýalyňyzdan janlandyrmaga synanyşyň! Bu hekaýa, erteki ýa-da waka bolup biler.
Wagtly-wagtynda uklamak: uky diňe ýady güýçlendirmän, eýsem, beden saglygy üçin hem ähmiýetlidir. Munuň üçin gijeki uky arakesmesiz bolmaly. Ukyňy mazaly almak ünslüligi berkidýär. Biri bir zat ,gürrüň berende, ony üns bilen diňlemli. Pikirimiz başga ýerde bolsa gürrüň berlen zadyň ýatda galmagy hem mümkin bolmaýar. Ozal bize nätanyş bolan ýere baranymyzda üns bilen seretmedik bolsak, ol ýeriň nähilidigi ýadymyzda galmaz. Şol sebäpli bir zadyň ýadymyzda galmagy üçin oňa mazaly seretmeli ýa-da aýdylýan bolsa ünsli diňlemeli.
Dogry iýmitlenmek: iýýän iýmitlerimiziň hem ýatkeşligimize peýdasy bar. Lukmanlar hoz, limon, käşir, süýt önümleri, nar, balyk, ýumurtga we däneli iýmit önümleriniň ýatkeşligi berkidýändigini belleýärler.
Maşk etmek: gündelik beden maşklary bilen bir hatarda beýnä-de maşk etmegi unutmaly däl. Aňy ösdürýän oýunlar oýnamak, beýnä maşk etdirmegiň usullarynyň biri hasaplanýar. Sudoku, krossword, Rubigiň kubigi ýaly tapmaçalary çözmek, tangram, pazzl ýaly oýnawaçlary oýnamak, küşt, şaşka ýaly paýhas oýunlaryny oýnamak ýatkeşligiň güýçlenmegine täsir edýär. Öz araňyzda sanlary ýatdan köpeltmek oýnuny hem oýnap bilersiňiz.
Wagtynda arakesmä çykma: arakesme diňe okuw wagtynda däl, hemişe-de gerekli. Haýsydyr bir uzak wagt edilende ýadadýar. Arakesmede edilýän işden ünsüňi sowup, başga zada güýmenmek, diňe arassa howadan dem almak netijeli bolar. Bu ýagdaý kitap okalanda ýa-da bir zat ýat tutulanda hem şeýledir.
«TürkmenGazet».
18
27