smiling_
29.08.2024 08:09
Adam zadyñ geñ häsiýetleri...

Filosof eflatundan şeýle sorapdyrlar:

- Size görä adamzadyñ iñ geñ galdyran ýagdaýy näme?

Eflatun şeýle jogap beripdir:

- Çagalygy islemezler, ulalmak üçin howlugarlar. Soñrada çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin gije gündiz ylgap, saglyklaryna zyýan ýetirerler, öñki saglygyna gowuşmak üçin hem ýygnan mal-mülklerini harçlarlar. Ertirleriñ aladasy bilen bu günlerini unudarlar. Netijede, bu günlerini er ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler. Hiç wagt ölmerin öýdüp ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly bolup hem ölerler.

- Onda adamlar nähili ýaşamaly? diýip danadan ýene soranmyşlar

Dana şeýle jogap beripdir:

- Hiç kime özüñizi söýdürjek bolmañ, hiç kimiñ öñünde kiçelmäñ, hiç kime-de ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. Iñ esasy zat bolsa, durmuşda iñ kän zada eýe bolmak däl-de, iñ az zada mätäç bolup bilmekdir! :)
21
170
ayymsha
29 Awgust 2024
@smiling_, men okadym
ayymsha
29 Awgust 2024
@smiling_, name boldy
ayymsha
29 Awgust 2024
@smiling_, okuwa tayynlanyanmy 🙂
ayymsha
29 Awgust 2024
@smiling_, Mmm bolya
ayymsha
29 Awgust 2024
@smiling_, Koyneklerini tikip boldunmy diyenimemi
ayymsha
29 Awgust 2024
@smiling_, Gowy menem, 2 3 gunlukda yazanymy gormedin oydyan jogap bermedin
ayymsha
29 Awgust 2024
@smiling, Salam govumy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.