Duýgulardan ýaña döküljek bolýan...
Duýgulardan ýaña döküljek bolýan,
Püre-pür men, dos-doly men!
Diri men!
Ah şonda-da gözleriñe ilemok
Başaramok ýüregiñe giribem.
Bulutlary demim bilen süýşürip
Nurlar sepýän seniñ duran ýerlerñe,
Ah, sen bolsa - "Ýagyş ýagýar" diýýäñde
Saýawan gözleýäñ, meniñ deregme..
Onsoñ pikir bolup beýniñe girip
Gygyryp, gygyryp adymy aýtýan
Ah, sen bolsa taşlap ähli işiñi
Ady meñzeş gyzyñ ýanyna gaýtýañ.
Şahyrlygmyñ, duýgurlygmyñ, haýrynyñ
Degmejek ýerlerem bolýan ekeni
Alhepüs, seniñ deý kütek adamam
Dogulaýjak eken, dogaýjak eken...!
Awtor: Aýgül Garaýewa