sh_shamko_
26.05.2023 20:00
Meniň ýigit wagtym seniň gyz wagtyň!

(Goşulmadyk bentler şahyryň arhiwi)


Ne-hä eşik bardy ne-de bir çörek
Ne-de gidenlerden bilerdik derek
Söýüşmäge ýürek gerekdi ýürek
Meniň ýigit wagtym
Seniň gyz wagtyň

Şonda-da käteler bälçiräp içgin
Diýerdik:Söýüşmek hemme wagt mümkin
Öýlenmek-gerek zat köpelmek üçin
Urşuň gazap wagty
Adam az wagty!

Bir ýyllap degmändi lebiňe lebim
Diňe gatyşypdy demiňe demim
Soň bir gün bozuldy beýle edebim
Meniň Jeýhun wagtym
Seniň ýaz wagtyň

Buşlap Ýeňiş bilen gutaran urşy
Aldygyna ýüwürdim öýňüze garşy
Buşlugmy lebiňden üzüldim ýagşy
Meniň ýigit wagtym
Seniň gyz wagtyň...


Kerim Aga-ň setirleri
15
148
sh_shamko_
25.05.2023 08:35
Gara göz uçurymlar sag aman uçuň durmuşyňyzyň esasy we agyr bolegi inni başlanny köp söz ýazyp durjak däl
Gutlaýan hemmäňizi

Bizem wagtynna gutarypdyk şeýdip siz ýaly :))
15
65
sh_shamko_
24.05.2023 19:17
Köp zatda pikirdeş tötännir belkwm
Halaýan zatlarymyz meňzeşdi görsem
Sanasam kän hat-da gözleriň renkem
Gözlerimiň reňkine meňzeş söýgülim

Gülüşýäs käteler wakyrda wakyr
Ýanymda gal mydam egniňde ýatyr
Söýgüňe gark edip mähriňe batyr
Söý meni ýadaman dertdeş söýgülim

Sen ýokmy gün dogsa üstüme düşmez
Düşse-de ýüregim ýylamaz bişmez
Aýagym ýer tutmaz synam ýol aşmaz
Gel bile ýöräli deňleş söýgülim

Gaharyň aeydyr sessizje öllür
Ýylgyran gözleriň gözlerim güldür
Näme etseň-de meň ýüregime billir
Ýeriň tutmaz hiç kim sen geç söýgülim

Kyn günlem seň bilen yzyma atdym
Ejizlejek wagtym em bolup ýetdiň
Hoş geldiň dünýäme bir dileg etdim
Kalbymyň törüne gel geç söýgülim

M


Annageldi Nurgeldiýew
13
93
sh_shamko_
24.05.2023 14:12
"Ynha geler" diýip garaşyp durmak
Dünýäde iň süýji iň elhenç zatdyr
Onuň süýjüdigine şaýatdyr ýürek
Elhençdigine bolsa beýnim şaýatdyr

Ýüregim "Dur entek sabyr et!" diýip
Müň süýji arzuwy beslärdi mydam
Beýnim "Inni gelmez gaýdyber!" diýip
Arzuwdan dännirmek islärdi mydam.

Kerim aga...
16
78
sh_shamko_
23.05.2023 22:02
Megerem bagtlysyň,oňýansyň mensiz
Men weli ölýänçäm dem alman sensiz
Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam
Her harpyň içinde sensiň sensiň sensiň!
18
230
sh_shamko_
23.05.2023 08:34
Ýürejigi buz eken🥶
Durşy bn uz eken😌
Başardygynnan näz eken😍
Baryp gujakladym🤗
Ala bahar ýaz eken🌚
Aýrylyp bilmedim💫
Hoş owazly saz eken🎧
Dälije dälije😜
Ýaňajygy ballyja 🍯
Köpüräk gülüber 😉
Sen süýjije dillije❤️‍🔥
Göräýmäne görünniň sadaja🤍
Bolarsyň senem oýüme gelneje🖇️
25
167
sh_shamko_
22.05.2023 00:40
Söýmek söýülmek seň bilen has aýrady
-Unutdym diýen günim ýene ýadyma düşdiň!
17
341
sh_shamko_
21.05.2023 00:41
Duzsuz soraglar we çalaja ýylgyrtýa #post 7

1) Diýeliň siz haýwanat bagyna gitdiňiz we aýlanyp aýlanyp sagadyň näçedigine üns etmediňiz we sagat agşam 21:00 golaýlap barýar. Şol wagt awtobusam geçenok maşynam geçenok hiç hili öýe ýöräp gaýdaýyn diýseňizem şol wagt ýöräp başlasaňyz ertesi gün agşam barýaňyz öýüňize. Telefonuňyzyňam zarýady öçdi. Ýollan bary ýogy ýekeje maşyn geçdi ýöne olam sizi öýüňize äkitjek däl maňa ters bolýa diýip gitdi. Ýene biri dursa äkitjek diýsede siziň ýanyňyzda bary ýogy 10 tmt bar. Ertesi günem çärä gitmeli diýlip aýdylly siz haýwanat bagda gezip ýörkäňiz. Maşynam geçenok geçsede duranok we duraýannada siziň berýän pulynyza şäherede düşürenoklar. Başgasyndan jaň etjek diýseňizem haýwanat bagdaky işgärlerä gaýtdylar köçedenem başga adam geçenok we sizem haýwanat bagdan ýöräp daşlaşdyňyz. Näme ederdiňiz?


2) Siz bir gün öz öýüňizde ýeke özüniz galmaly bolluňyz we şol gün çäre bolup siz agşam 22:00 töweregi öýüňize geldiňiz. Nahar bişireýin diýip kartoşka bilen sogan aldyňyz öýden. Nahary taýýarlap oduň üssünne göýduňyz we ýatdan çykaryp öz otagyňyzda joraňyz ýada dossuňyz bn gowy gürrüňe gitdiňiz. Ýanygyň ysyny alyp aşhana düşeňizde bolsa nahar iýer ýaly bolmady. Ýene-de bişirjek diýseňiz holadilnokda bir diş sarymsak bilen 2 sany käşir galypdyr. Başga zat galmandyr magazindan alaýyn diýseňiz hem magazinam ýapylly gonşulardan almakçy bolsaňyzam olaram ýatdy ýatmadyklary ba bolsada siz soramana utanýaňyz. Jaň edip dastawka edeýin diýseňizem şol wagt telefonuňyzyň zarýady gutardy we tok öçdi. Ýanar diýip garaşdyňyz gije 01:00 çenli ýanmady. Onnan soň dastawka etjek diýseňizem gymmada düşýä sizem Änewde ýaşaýaňyz we şäherden dastawka 70-80 manada düşýä ýanyňyzdada onça pul ýok bolsada beresiňiz gelenok. Hälki sarymsagy iýeýiň diýseňizem agzyňyz islenýä käşiri iýseňizem beter ajykdyrýa näme ederdiňiz?
17
219
sh_shamko_
19.05.2023 08:57
Elmidama özüňe ynan we daşyňdakylary diňleme!
-Çünki daşyňdakylaň köpsi seniň ösmegiňi islemeýärler.
Albert Einteşteýnem başgalaryny diňlän bolsady alymlyk derejesini almazdy!
Ýeriňden tur we maksatlaryňa tarap ylga entäk hiç zat üçin giç däl unutma.

#Öz sözüm
17
377
sh_shamko_
19.05.2023 00:46
Salowmaleýkim şu gün size öz başymdan geçen pajygaly ýagdaýy gürrüň berjek
2019 nji ýylyň 14-nji fewralynda Balkan welaýatynyň Nebitdag etrabynda "Agyr atletika" sport görnüşi boýunça zbornylaryň arasynda ýaryş geçirildi
Men we gapdalymdaky sportsmen oglanlar hem-de trennirimiz bilen 12-nji fewralda barypdyk. Ýaryşyň 1 nji güni geçdi we agşamlyk bolýan ýerimizden daşyna gezmäne çykypdym sagat 18:00 dan geçipdi we bolýan ýerimiziň töwereklerinde mekdep bardy. Şol wagt öýlançi okuwçylaryň boşaýan wagtydy. Şol mekdebiň deňinden geçip barýarkam bir kiçi ýaşly mekdep okuwçysy ýoluň gyrasyndaky "Barduryň" üssünden ýöräp barýardy. Şol wagt bir ýerden Orslaryň "Zil 53" maşyny peýda bolly. Maşyn çagaň deňine ýetipdi deňinden geçip barýarka birdan ýaňky çaga Bardurdan deňligini ýitirip maşynyň yzky tigirleriniň öňüne ýykyldy şafýor ony görüp ýetişmedi bizem gygyrdyk welin duryp bilmän çagaň üstünden geçdi. Ýol darajykdy. Şol wagt gaty erbet bollum durmuşymda ilkinji gezek gözümden ýaş akdy. Çagajygyň şol wagtky halyny şu wagtam ýadymdan çykaryp bilemok. Çaga şol ýerde "Melek" bolly. Ejesiniň "Balam näme boldy saňa" diýip aglap aýdan sözleri şu wagtam gulagymda

Bulary siz bn paýlaşmagymyň sebäbi şol çaga-da okuwa diýip gaýdanna öýündäkilere men gelerin okiwdan soň diýip gaýdannyr ýöne yzyna dolanyp barmak nesip etmedi. Sizem durmuşyňyzdaky adamlaryň gadyryny biliň olary ýitirmänkäňiz. Güni geler ýitip gider. Şol ýiten adam erbet häsýetli bolaýsyn şonnada şonuň gerek ýeri bolar size.
Öňüňi görüp bolanok. Şol çagajygam öňüni görüp bilýän bolsady şol gün okuwa gitmezdi.
23
265