sh_shamko_
26.05.2023 20:00
Meniň ýigit wagtym seniň gyz wagtyň!

(Goşulmadyk bentler şahyryň arhiwi)


Ne-hä eşik bardy ne-de bir çörek
Ne-de gidenlerden bilerdik derek
Söýüşmäge ýürek gerekdi ýürek
Meniň ýigit wagtym
Seniň gyz wagtyň

Şonda-da käteler bälçiräp içgin
Diýerdik:Söýüşmek hemme wagt mümkin
Öýlenmek-gerek zat köpelmek üçin
Urşuň gazap wagty
Adam az wagty!

Bir ýyllap degmändi lebiňe lebim
Diňe gatyşypdy demiňe demim
Soň bir gün bozuldy beýle edebim
Meniň Jeýhun wagtym
Seniň ýaz wagtyň

Buşlap Ýeňiş bilen gutaran urşy
Aldygyna ýüwürdim öýňüze garşy
Buşlugmy lebiňden üzüldim ýagşy
Meniň ýigit wagtym
Seniň gyz wagtyň...


Kerim Aga-ň setirleri
15
148
lalahan
26 May 2023
Menem ilkinji gezek okap otyryn
senorita
26 May 2023
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98, elbetde ũýtgãnok. Bu postdaky bentler Ýaşlyk dramasyna goşulmadyk, emma ýazylan bentler
senorita
26 May 2023
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98, goşulmadyk bentler diýip ýazylana ýokarsynda
mgm
26 May 2023
senorita, Hawa seyle oytyan okanym yadyma dusya
senorita
26 May 2023
mgm, Hawa Gũldesse goýupdy, has kõpdi õytýãn ol
mgm
26 May 2023
shamko, Bitter, Yalnysmasam @guldesse goýupdy şuny
senorita
26 May 2023
Gowy goşgy 👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.