Salowmaleýkim şu gün size öz başymdan geçen pajygaly ýagdaýy gürrüň berjek
2019 nji ýylyň 14-nji fewralynda Balkan welaýatynyň Nebitdag etrabynda "Agyr atletika" sport görnüşi boýunça zbornylaryň arasynda ýaryş geçirildi
Men we gapdalymdaky sportsmen oglanlar hem-de trennirimiz bilen 12-nji fewralda barypdyk. Ýaryşyň 1 nji güni geçdi we agşamlyk bolýan ýerimizden daşyna gezmäne çykypdym sagat 18:00 dan geçipdi we bolýan ýerimiziň töwereklerinde mekdep bardy. Şol wagt öýlançi okuwçylaryň boşaýan wagtydy. Şol mekdebiň deňinden geçip barýarkam bir kiçi ýaşly mekdep okuwçysy ýoluň gyrasyndaky "Barduryň" üssünden ýöräp barýardy. Şol wagt bir ýerden Orslaryň "Zil 53" maşyny peýda bolly. Maşyn çagaň deňine ýetipdi deňinden geçip barýarka birdan ýaňky çaga Bardurdan deňligini ýitirip maşynyň yzky tigirleriniň öňüne ýykyldy şafýor ony görüp ýetişmedi bizem gygyrdyk welin duryp bilmän çagaň üstünden geçdi. Ýol darajykdy. Şol wagt gaty erbet bollum durmuşymda ilkinji gezek gözümden ýaş akdy. Çagajygyň şol wagtky halyny şu wagtam ýadymdan çykaryp bilemok. Çaga şol ýerde "Melek" bolly. Ejesiniň "Balam näme boldy saňa" diýip aglap aýdan sözleri şu wagtam gulagymda
Bulary siz bn paýlaşmagymyň sebäbi şol çaga-da okuwa diýip gaýdanna öýündäkilere men gelerin okiwdan soň diýip gaýdannyr ýöne yzyna dolanyp barmak nesip etmedi. Sizem durmuşyňyzdaky adamlaryň gadyryny biliň olary ýitirmänkäňiz. Güni geler ýitip gider. Şol ýiten adam erbet häsýetli bolaýsyn şonnada şonuň gerek ýeri bolar size.
Öňüňi görüp bolanok. Şol çagajygam öňüni görüp bilýän bolsady şol gün okuwa gitmezdi.