serdarowna
29.06.2023 00:16
Heý, dünýe!
Bu söwdany oňlasaň,
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin,
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber!
Men bar baýlygymy saňa bagş edeýin.

Ýetmiş ýyllap der saçyplar gazanan
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun
Üstesine hiç zat talap etmäýin
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun

Elimden al derejämi, çinimi
Ýok diýmerin iň bir zabun işi ber
Ýöne etde-gütdelikde geçirilen düýşe dönen
Şol on sekiz ýaşymy ber

Seňki bolsun içi ýumşak maşynym,
Seňki bolsun gatbar-gatbar otagym
Maňa besdir şol on sekiz ýaş bilen
Garyp çatmam, şol köneje ketegim

Müň bir aladadan gum bolan kelläm
Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin
Kakabaş günleri küýsän ýüregim
Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.

Öňümdäki mele-myssyk nany al
Deregine ýylçyr gara daşy ber
Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn
Ýöne diňe şol on seki ýaşymy ber
14
31
serdarowna
27.06.2023 00:04

*Taryhy film "Ben hurda" filmi surata düşürýän toparyň ünsden düşüren gyzyl awtoulag görünýär

*Bütin dünýädäki itler we pişikler ýylda 11 milliard dollarlyk iýmit iýýär

*Düýeler deňiz suwuny içip bilşi ýaly her gezekde 250 litr suwam içip bilýär

*Okean pyşdyllar hiç zat iýmän 1 ýyl ýaşap bilýärler we olaryň ömri 200 ýyl töweregidir

*Dünýädäki suwlaryň diňe 1%-i ulanyşa ýaramly

*Dünýämiziň 6%-i çölleşdi, 29%-i bolsa çölleşýär bu biziň ýaşaýşymyz üçin örän howpludyr

*Her 98 minutda iňkis dilinde bir söz döreýär

* Dünýädäki adamlaryň 11%-i çepekeýdir

25
136
serdarowna
24.06.2023 19:30
Hiç haçan ynanmaň türkmen gyzlarna
Söýýän diýen çagyň söýemok diýse
Damarda çogýarka namys uýady
Bir urnuşda söýýän diýermi eýse

Ynanmak zerur däl türkmen gelnine
Diýse ärim öýüň sütün diregi
Aslynda maşgalaň ýükün deň çekip
Goldaýandyr türkmen birek biregi

Ynanaýmaň men dok diýip çagasyn
Naharlaýan bolsa türkmen kempiri
Olar açlykda-da perzendin doýrup
Şolaryň gözünden iýýändir nany

Agtyklaryn ýygnap türkmen kempiri
Ýylgyryp gadymdan gürrüň açanda
Ynanmaň ol ýalan ýylgyryşlara
Görkezmezler gözden düwme gaçanda

Çünki mertlik synmaz dişi synsa-da
Ýyllar dyrmasada mähirli ýüzün
Şeýle gudrata-da aýyp ýapylsa
Ynanmaň!
Diňlemäň olaryň sözün!

Kerim Hallyýew
19
46