Heý, dünýe!
Bu söwdany oňlasaň,
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin,
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber!
Men bar baýlygymy saňa bagş edeýin.
Ýetmiş ýyllap der saçyplar gazanan
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun
Üstesine hiç zat talap etmäýin
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun
Elimden al derejämi, çinimi
Ýok diýmerin iň bir zabun işi ber
Ýöne etde-gütdelikde geçirilen düýşe dönen
Şol on sekiz ýaşymy ber
Seňki bolsun içi ýumşak maşynym,
Seňki bolsun gatbar-gatbar otagym
Maňa besdir şol on sekiz ýaş bilen
Garyp çatmam, şol köneje ketegim
Müň bir aladadan gum bolan kelläm
Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin
Kakabaş günleri küýsän ýüregim
Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.
Öňümdäki mele-myssyk nany al
Deregine ýylçyr gara daşy ber
Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn
Ýöne diňe şol on seki ýaşymy ber