serdarowna
24.06.2023 19:30
Hiç haçan ynanmaň türkmen gyzlarna
Söýýän diýen çagyň söýemok diýse
Damarda çogýarka namys uýady
Bir urnuşda söýýän diýermi eýse

Ynanmak zerur däl türkmen gelnine
Diýse ärim öýüň sütün diregi
Aslynda maşgalaň ýükün deň çekip
Goldaýandyr türkmen birek biregi

Ynanaýmaň men dok diýip çagasyn
Naharlaýan bolsa türkmen kempiri
Olar açlykda-da perzendin doýrup
Şolaryň gözünden iýýändir nany

Agtyklaryn ýygnap türkmen kempiri
Ýylgyryp gadymdan gürrüň açanda
Ynanmaň ol ýalan ýylgyryşlara
Görkezmezler gözden düwme gaçanda

Çünki mertlik synmaz dişi synsa-da
Ýyllar dyrmasada mähirli ýüzün
Şeýle gudrata-da aýyp ýapylsa
Ynanmaň!
Diňlemäň olaryň sözün!

Kerim Hallyýew
19
46
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.