serdarowna
21.04.2024 00:32
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler🍂
Günler ömrüñ eleginde elener🥀
Yza dönmek islär däli göwünler🏃
Geçen gün şäher däl, gaýdyp gelere💔...
22
136
serdarowna
20.04.2024 07:01
Salam hemmä, öwrenmelä girmedigime(has dogrusy girip bilmedigime) 4 aý boldy, ýöne indi men hem bärde🙃. Bu paýlaşan suratlarymam arada paradan gelýärkäm ýagyş ýagyp(guýup durdy😅) durka, (hemme studentler gyssanyp obşaga girdi, men myžžyk bolupdym şu wagtam grip azajyk😕) düşüren suratlarymdan. Maña ýaraýar sizem halarsyñyz diýip umyt edýän☺️😇🥰
22
117
serdarowna
13.12.2023 20:24
Ene dilim, bu gün owazyň çirkin,
Senden üstün gelýär kinosy türküň,

Beýnim " Mizemedik nesilsiň" diýýär,
Inim "Neneň?" diýmän, "Nasilsin?" diýýär.

Arada çykyşda ýaş alymsumak,
Kä sözleri bilen doldurdy damak:

"Düşündirjek" size diýmäň deregne,
"Açıklaýyn" diýen bolýar ol "terne".

Türkmençedir öýdýäs türküň kelamyn,
"Salamyň" deregne diýýäs "selamyn".

Atlar aslymyzdan terkleşip barýar,
Gynanýan, olaram türkleşip barýar.

Kemelipdir " Döwran, Döndi, Kemine"
Köpelipdir "Elif, Emir, Emine...".

Arada ýygnakda bir "ýer ýuwudan"
Diýýär: "Türküň dili juda owadan".

Bulaň bary biziň günämiz elbet,
Dilimizden ýasap bilemzok şerbet.

Kaýsy ilde joşsa döredijilik,
Dilinde kän bolar, bal, nabat, ýilik.

Haýsy dile köpräk ysnyşsa beýni,
Şol dile döreýär isleg we söýgi.

Dili bilen kalba güýç, ynam berýän,
Ne kino döretdik, ne-de bir serial.

Gaýtalap, "Meleguş", "Şükürbagşyny",
"Kasettalar" boldy, syçanlaň hini.

Elbetde, "Dil - baýlyk" diýipdir peder.
Ony beýniň bilen öwrenmek ýeter.

Kalbyňa sygdyryp, uýup durk bilen,
Gerek däl türkmeniň ata ýurdunda
Bäsleşip ýaşamak, rusdur türk bilen.

Haýyşym, goraly ene dilimiz,
Işleýärkä beýni bilen elimiz.

Goraly döredip süýji sungaty,
Goý, artsyn ýürekleň ruhy nygmaty,

Döredeli kino, serial, şygyr,
Ony gadym diliň labzyna ýugur.

Türküň dili türkde, rusuňky rusda,
Ýaşasyn her bir dil mynasyp ýurtda.

Ýalbarýan gaýtalap öwranma - öwran.
Ene dilim sürsün bu ilde döwran.

Awtory: Kerim Hally

Bellik: Arada öwrenmelä täze gelen agzamyzyň biri türkçe ýazýardy diňe, "ýazma" diýsem:"ýazjak men türkçäni gowy görýän" diýdi.
Ilki bilen şoňa, soňra-da şonuň ýalylar üçin goýdum.
36
214
serdarowna
11.12.2023 12:28
Bagt diýilýän zadyň barlygy,❤
Owal-ahyrda çyn bolsa,👍
Bilgin, bagtyň daş ýardygy👊
Bu dünýäde ejeň bolsa.👩‍👦

Oglan çagyň bir deň-duşuň,🚴‍♂️
Oýunjagyn güjeňlese,😏
"Mende ýok"diýip, çytma gaşyň,😔
Alyp berer, ejeň bolsa.👩‍👦

Toýuňda-da, ýasyňda-da,🤵👰
Janköýerleriň jem bolsa, 💃
Şolaryň arasynda-da☝️
Nähili bagt, ejeň bolsa.👩‍👦

Aladalar hemmä ýeter,☝️
Sähel ýüzüňde çaň bolsa,🙁
Öz-özi süpürler gider,🙂
Ýanyna bar, ejeň bolsa.👩‍👧

Birden çaý içip otyrkaň,🍵
Käsäňde boýçy çommalsa,☕
Başgalara garaşma kän,☝️
Gapyňdadyr, ejeň bolsa.🏠

Diliňdekä şükür-tobaň,🤲
Işiň ilerläp oň bolsa,👍
Razydyr senden käbäň,👏
Barlap göräý, ejeň bolsa.❤👩‍👧❤
28
33
serdarowna
10.12.2023 09:39
Söýgüdir, dostlarym, durmuşyň täji,❤
Tapyşmak süýjüdir, aýralyk ajy,💔
Ajysyz süýji ýok, tikensiz gül ýok,🥀
Gül yşkynda saýramadyk bilbil ýok.💐
Gyş aňzagyn görmän, ýazyň hözirin🌬🌈
Aýtsynlar, barmy göreniň birin,🤷‍♀️
Kim tapypdyr zähmet çekmän rahaty,👩‍🏫
Bu gadymdan gelýän durmuş adaty.⏳
Şerapsyz pyýala söýgüsiz ýürek,💙
Bahar gülşenine nurly Gün gerek.🌞

Aman Kekilow
26
69
serdarowna
08.12.2023 23:01
Kalp deniz dil kıyıdır, denizde be varsa, kıyıya o vurur.

Kimi sabrından susar, kimi saygısından, kimi de sevgisinden.

Gönül almayı bilmeyene ömür emanet edilmez.

Mevlana
23
34
serdarowna
06.12.2023 03:52
Rostowa-da geldim. Indi okuwa başlamaly. Täze durmuş: kursdaşlar, okuw, iş... . Nesip bolsa ýene 5 ýyldan elime diplom alyp ejemiň gujagyna bararyn.😊
37
119
serdarowna
30.11.2023 06:39

Ýewropa bileleşiginiň ýurtlarynda müňlerçe tonna kofe we kakao ýok edilmegi mümkin diýip, "Habar 24" ýazýar.


Gürrüň tropiki tokaýlaryň bikanun çapylýan ýerlerinde öndürilen önümleri gadagan edýän kanun barada barýar. ÝB şeýle usul bilen howanyň üýtgemegine garşy göreşýär. Bileleşigiň ambarlarynda häzir 200 müň tonna kofe we 150 müň tonna kakao-kösük bar. Bu halkara çig mal biržasynyň hasabaty. Indi Ýewropa zolagynyň kompaniýalary öz harytlarynyň ekologik kadalary bozmaýandygyny subut etmeli bolar.


Dünýäde kakaonyň 70%-e golaýy Kotd'lwuarda we Ganada öndürilýär. Ol ýerlerde bolsa, tokaýlaryň çapylmagy we çaga zähmeti giňden ýaýrandyr. Kofäni iri öndürijiler Braziliýa, Wýetnam we Kolumbiýadyr.

18
62
serdarowna
29.11.2023 20:35
Iki ýaşly amerikaly gyzjagaz Isla Mankabb (Kentukki ştaty) Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol uly ýaşly jemgyýetiň ösen akyl derejeli iň ýaş agzasy diýlip yglan edildi diýip, "MIR 24" habar berýär.

Islanyň kakasynyň gürrüň bermegine görä, ol ýedi aýlykka agzalan zatlaryň kitaplaryny görkezmegi başarypdyr. 18 aýlykka elipbiýi öwrenipdir, 2 ýaşynda okap başlapdyr. Ol ähli sanlary we reňkleriň köpüsini tanaýar.

Häzir Isla üç ýaşynda, ol çagalar bagyna gatnaýar. Ol matematikany, surat çekmegi we okamagy halaýar. Ene-atasy onuň üçin özbaşdak okuw maksatnamasynyň düzülmegini we mekdebe ýedi ýaşdan ir kabul edilmegini isleýärler.
36
83
serdarowna
29.11.2023 06:36
Men ölmekden gorkýan,
Ýaşasym gelýär.
Synlap bu älemiň ýagşy, ýamanyn.
Ýetip bilenlermi ýetime paýlap,
Ýetip bilmedigme dolup damagym.

Men ýagty jahandan gitmekden gorkýan,
Jogapsyz galdyryp ene azabyn,
Entek musulmanlyk parzymam üzmän,
Sesine oýanýan, her gün Azanyň.

Goý, bolsun ýalançy,
Ýaşasym gelýär.
Aldanasym gelýär onuň päkligne.
Agram berip ýörkäm mele topragna,
Ynanman Watana karzym ýokdugna.

Parzym, karzym, belki bahanamdyr meň,
Men ölmekden gorkýan (isle gülsünler),
Ýöne şeýleräjik ýaşasym gelýär,
Ýürek duransoňam dürtüp görsünler,
Soň-soňlaram şübhelenip ýörsünler.

Awtory: Kerim Hallyýew
27
43