senorita
19.04.2024 19:30
Siriýanyň Damask şäherinde ýerleşýän Bawabet Dimaşk restorany dünýäniň iň uly naharhanasy hökmünde 2008-nji ýylda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun aldy. Bu äpet restoran ilkinji gezek 2002-nji ýylda halka hyzmat edip başlady. Restoranda 54 müň inedördül metr naharhana, 2500 inedördül metr aşhana bar we bir wagtyň özünde 6014 adama hyzmat etmäge mümkinçilik döredilen.


Restoranda şarlawuklar, suw çüwdürimleri we Siriýanyň arheologik tapyndylaryndan bölekler ýerleşdirilen. Şaker Al Sammanyň eýeçiligindäki hususy restoranda 1800 adam zähmet çekýär.
28
105
senorita
12.04.2024 14:10

Tãsin desga


Haçan-da bir wagt bir binanyň tersine duran wagtyny görüpmidiňiz? Amerikanyň dürli ýerlerinde ýerleşýän «Wonderworks» muzeýleri myhmanlaryň ylmy esasly sergilerini açmagyna garaşýar. «Wonderworks» muzeýi bilim we güýmenjäni interaktiw sergiler bilen utgaşdyryp, çagalaryň we ulularyň wagtlaryny gyzykly geçirmäge mümkinçilik döredýär.



Orlandoda ýerleşýän «Wonderworks» desgasy 1998-nji ýylda myhmanlar üçin açylandyr. Ilkinji ýyllarynda dynç alyş seýilgähi bolup hyzmat eden bu ýer indi muzeýe öwrüldi. Güýmenje hyzmatlary bilen tapawutlanýan «Wonderworks» ylma degişli sergileri hem geçirýär. Muzeýde çagalar üçin multfilmler we çeper eserler hem bar.

48
695
senorita
11.04.2024 19:45
Ýagyş ýagýan wagtyň zemin üstüne,
Ýeriň ýüzün tämizleýäň çaňlardan.
Diňe zemini däl, meniň göwnümem,
Ýuw sen ýagyş, arassala gamlardan.

Ezilýärkäm nur astynda süllümbaý,
Ýüregimem şol nuruňdan ýuwsana.
Arassalap gursakdaky çaňlary,
Ýagyş meniň gursagyma ýagsana.

Ýagyş meniň gursagyma ýagsana,
Ondaky tupanyň diňeri ýaly.
Hemişe zemin deý, dertli ýüregmiň,
Bir pursat dynç alyp, dymary ýaly.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
27
46
senorita
11.04.2024 00:25
Şu gũnden başlap, durmu­şyňyzyň her gũnũni, hep­desini we aýyny õñũnden meýilleşdirip başlañ. Ýan­depderçe ýa­-da bir kagyz alyñda, indiki ýigri­mi dõrt sagadyñ dowamyn­da ãhli zerur amal etmeli işleriñiziñ sanawyny dũzũñ. Kellãñize tãze taglymlar geldigi, olary õñki sanawy­ñyzyñ yzyna tirkãñ.

* Braýan Treýsi
24
60
senorita
10.04.2024 18:29

Antiki döwürde hem adamlar sport bilen meşgullanypdyrlar. Platon döwletde ýaşlaryň taýýarlanylmagynda, döwlet adamy edilip ýetişmeginde sporta uly üns bermelidigini belläp geçipdir. B.e.öň 5000-nji ýyllarda “sumerler” tarapynda ilkinji sport bilen meşgullanmak işi ýola goýlupdyr.


Sport bilen meşgullanmak hem bedeni, hem-de aklyňy durlamaga, sazlamaga ýardam edýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanmak saglyk ýagdaýyňyzyň gowulanmagyna, kesellemek howpunyň azalmagyna getirer. Günüň dowamynda azyndan 30 minut sport bilen meşgullanmak ýürek-damar keselleriniň 60% öňüni alýandygyny alymlar belläp geçdiler.


Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe dilinde ulanylýan “Sport” sözi latynlaryň “di sport” sözünden gelip çykypdyr. Has takygy “Dis Portare” sözüniň gysgaldylmagy netijesinde biziň ulanýan “sport” sözümize öwrülendir. Dis Portare sözüniň manysy bolsa işden uzaklaşmak, dynç almak maksatly öwrenilen endik diýen manyny berýär. Boş wagtlaryňda dynç almak maksady bilen oýnalýan oýuna, öwrenen endigimize sport diýip bileris.


Sport bu belli bir şertlerde, düzgünlerde dynç almak, güýç sarp etmek bilen bagly bedeniňi terbiýelemekdir. Sport halklaryň, döwletleriň arasynda dostlugy, bilelikde iş ýöretmegi hem ýola goýýar.

47
182
senorita
10.04.2024 08:21
Heýkeltaraş Jason deCaires Taylor birnäçe ýyl bäri döreden heýkellerini deňiz düýbüne ýerleşdirýär.


Şeýlelikde, Meksikanyň Karib deňziniň kenaryndaky Kankun şäheriniň töweregindäki deňiz düýbünde suwasty muzeýi döredildi we häzirki wagtda muzeýde 450-den gowrak heýkel ýerleşýär.


2010-njy ýylyň noýabr aýynda suwda 8 metr aşakda ýerleşdirilen «Sessiz ewolýusiýa» atly eser köplerde gyzyklanma döredýär.


Jemi agramy 200 tonna bolan heýkeller 420 inedördül metr meýdany tutýar. Çylşyrymly gurluşy bolan merjen gaýalary bolsa köp jandarlaryň ýaşamagy, iýmitlenmegi we gizlenmegi üçin amatly şertleri hödürleýär.


Dünýäniň iň uly suwasty muzeýi adyna eýe bolan Kankun iki galereýadan ybarat. 8 metr çuňlukda ýerleşýän ilkinji galereýa çümüjilere we ýüzüjilere niýetlenilip döredildi.


4 metr çuňlukda ýerleşýän ikinji galereýa bolsa myhmanlara ýörite gaýyklarda synlamak üçin döredildi.


Mundan başga-da, birnäçe suwasty muzeýleri üçin eserler döreden Taylor «Biziň neslimiz 20 ýyldan bäri tiz ösýän tehnologik, medeni we geografik üýtgeşmelere şaýatlyk edýär. Şol pursatlary hem şu eserler bilen görkezmek isledim» diýip belleýär.
31
108
senorita
08.04.2024 20:41
Dünýäniň iň uly kitaphanasy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Kongres kitaphanasy ABŞ-nyň Waşington şäherinde ýerleşýär. 1800-nji ýylyň 24-nji aprelinde ilkinji okyjylaryna gapysyny giňden açan bu kitaphananyň binagäri Tomas Jeffersondyr. 3 sany binadan ybarat bolan kitaphanada millionlarça kitap, film, wideo, ses ýazgylary, suratlar, gazetler, kartalar we golýazmalar bar.

1350 kilometr kitap tekjesi bolan kitaphanada 3000-den gowrak işgär zähmet çekýär. Kongres kitaphanasynda 470-e golaý dilde 33 milliondan gowrak kitap ýerleşdirilendir.
34
131
senorita
08.04.2024 14:32
Braziliýaly zoologlar ýabany tebigatda pişikleriň täze görnüşleriniň bardygyny ýüze çykardylar. Ylmy dilde «Leopardus tigrinus» diýlip atlandyrylýan, daşky görnüşi boýunça gaplaňa meňzeş bu pişiklere Braziliýanyň tokaýlyklarynda, And daglarynda, Merkezi Afrikada duşmak mümkin. Daşky görnüşiniň owadanlygy bilen alymlaryň ünsüni özüne çeken bu pişikleriň agramy bary-ýogy 1,5 kilograma (käbirleri 3 kilograma çenli) barabardyr. Olaryň bedeniniň ululygy 35 — 60 santimetr töweregidir. Bu pişikler guşlar, ýumurtgalar we maýdajyk süýdemdirijiler bilen iýmitlenýärler.
24
54
senorita
07.04.2024 16:09
🔸 Detektiw — başdan geçirmeler we agtaryp-tapyş mazmunly eserler.

🔸 Triller — garaşylmadyk wakalardan doly, alada ýa-da gorky duýgusyny dõredýãn eserler.

🔸 Fentezi — hyýaly-fantastiki eserleriñ bir görnüşi bolup, munda mifologiki, rowaýaty we erteki kysmy janly-jandarlar ýazyjylar tarapyndan tãzeçe işlenip, beýan edilýãr.

🔸 Memuar — şaýat bolnan ýatlama ýazgylar.

🔸 Horror — gorkunç, elhenç wakalary teswirleýãn eserler.

🔸 Mistika — ynsan bilen gaýyp ãlemiñ arasyndaky syrly baglanyşygy we gatnaşygy baradaky eserler.
23
159
senorita
30.03.2024 20:50
Neden insan insanı sığlaştırır? Neden hayallerine hayal katmaz da kesik atar?

Sanırım onların hayal edip yapamadığı şeyleri yaparız, yaşamadığı şeyleri yaşarız ve uçamadıkları gökyüzüne uçarız da özgür oluruz diye korkuyorlar. Belki de yalnız kalmamızdan korkuyorlardır. Çünkü bir insan ne zaman yalnız kalır da düşünmeye başlarsa, yaşam dediğimiz şeyin tam olarak keyfine varmaya başlar. Ve bence ancak yalnız kalmaya cüret edip düşünmeyi seçen insan, gerçek bir insan olmayı hak ediyor...
24
21