senorita
10.04.2024 08:21
Heýkeltaraş Jason deCaires Taylor birnäçe ýyl bäri döreden heýkellerini deňiz düýbüne ýerleşdirýär.


Şeýlelikde, Meksikanyň Karib deňziniň kenaryndaky Kankun şäheriniň töweregindäki deňiz düýbünde suwasty muzeýi döredildi we häzirki wagtda muzeýde 450-den gowrak heýkel ýerleşýär.


2010-njy ýylyň noýabr aýynda suwda 8 metr aşakda ýerleşdirilen «Sessiz ewolýusiýa» atly eser köplerde gyzyklanma döredýär.


Jemi agramy 200 tonna bolan heýkeller 420 inedördül metr meýdany tutýar. Çylşyrymly gurluşy bolan merjen gaýalary bolsa köp jandarlaryň ýaşamagy, iýmitlenmegi we gizlenmegi üçin amatly şertleri hödürleýär.


Dünýäniň iň uly suwasty muzeýi adyna eýe bolan Kankun iki galereýadan ybarat. 8 metr çuňlukda ýerleşýän ilkinji galereýa çümüjilere we ýüzüjilere niýetlenilip döredildi.


4 metr çuňlukda ýerleşýän ikinji galereýa bolsa myhmanlara ýörite gaýyklarda synlamak üçin döredildi.


Mundan başga-da, birnäçe suwasty muzeýleri üçin eserler döreden Taylor «Biziň neslimiz 20 ýyldan bäri tiz ösýän tehnologik, medeni we geografik üýtgeşmelere şaýatlyk edýär. Şol pursatlary hem şu eserler bilen görkezmek isledim» diýip belleýär.
31
108
ayymsha
10 Aprel 2024
@senorita, 😄
senorita
10 Aprel 2024
@ayymsha, meñzemãnem duranok 😁
ayymsha
10 Aprel 2024
@senorita, postuň iň soňundaky suraty görüp uly gyzym aýdýa ortaky gyzyma "Gel, Arzuw gör ejem zomba meňzeş zat görýä diýdi" 😄 menem bar suraty görkezdim zombi däl diýip
senorita
10 Aprel 2024
@ideallider, hawa )
ideallider
10 Aprel 2024
Hem tebigata peýdaly hem sungat🙂👍
senorita
10 Aprel 2024
@orhideya_, Nesip bolsa ☺️ Sizede minnetdar ýaltanman okanyñyz ũçin🌷
orhideya_
10 Aprel 2024
@senorita, ýörite taýynlap bize ýetirýäniň üçinem minnetdar🌹...Arzuwlaryňa ýetip öz düşüren suratlaryňam biz bilen paýlaşarsyň belki😁
senorita
10 Aprel 2024
@orhideya_, Arzuw edýãn şeýle tãsinlikleri, ajaýyplyklary gõrmegi. Şonuñ ũçin elime telefon dũşse tãsin ýerleriñ gõzleginde :)
orhideya_
10 Aprel 2024
@senorita, syýahat etmäge höwes döredýän postlary paýlaşýaň😊
senorita
10 Aprel 2024
@orhideya_, hawa gaty ajaýyp )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.