senorita
22.03.2024 22:26
„ Güzel sakla kitapları... Kıymeti bilinmeyen insan nasil üzülürse kitaplar da kıymeti bilinmediğinde, okunmadığinda öyle üzülürler.”
29
218
senorita
22.03.2024 18:49

Hemmämize mälim bolşy ýaly dünýäde ýüzlerçe milletler, halklar ýaşaýar. Olaryň onlarçasy ýitip ýok bolup giden milletler bolup hatda taryh sapaklarynda hem okadylmaýar. Iň gadymy millet bolsa Aleutlar hasaplanýar. Olaryň döränine eýýäm 9000 ýyl bolup häzirki wagtda Aleut adalarynda ýaşamaklaryny dowam edýärler.

52
301
senorita
20.03.2024 15:37
Beýik Britaniýanyň Hantingdon şäherinde ýaşaýan 14 ýaşly pişik Bellaiz Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi. Onuň gulaklaryňy lerzana getirýän myrlamasy häzirki wagtda ýaşaýan pişikleriň arasynda iň güýçli ses hökmünde bellige alyndy.

Onuň myrryldysynyň güýçlüligi — 54,59 desibel. Pişigiň nobatdaky rekordy goýmagy üçin häzirki ýaşaýan pişikleriň ozalky iň ýokary görkeziji bolan 50 desibelden geçmegi ýeterlik boldy. Muňa garamazdan, taryhda iň güýçli sesli pişigiň 67,8 desibel ölçegdäki sesi bilen 2015-nji ýylda Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren Merlindigini bellemek gerek.

«Bella bütin günüň dowamynda myrlaýar. Eger golaýyňda nahar bolsa ýa-da sypalasaň ol myrlamagyny dowam etdirýär» — diýip, pişigiň eýesi gürrüň berýär. Ol öý haýwanynyň sesiniň telewizoryň sesini hem basýandygyny belleýär.
30
94
senorita
19.03.2024 23:04

Bazen canimizi sikan şu hayata da kizamiyorum. Onu da anlamak lazim bir yerde. Milyarlarca insanin hepsini her an nasil mutlu edebilsin ki? Herkesin yanina istediği kişiyi nasil yazsin ki? Hadi yazdi diyelim, onu hep ayni yerde nasil tutabilsin?



28
109
senorita
19.03.2024 14:02
ABŞ-nyň jemagat kitaphanalarynyň birinde täsin tutum badalga aldy, ol «Mart myrlamasy» diýlip atlandyrylýar.

Massaçusets ştatyndaky Wusteriň kitaphanasynda badalga alan tutumyň maksady okamaga alan kitaplaryny wagtynda getirip bilmedik okyjylary çekmekdir. Martda alan kitabyny ýa ýitiren, ýa-da haraplan islendik okyjy kitaphana gelip, pişigiň şekilini görkezse ýeterlik. Munuň üçin onuň «günäsini» bagyşlaýarlar.

Şunda pişikleriň islendik şekili – fotosuraty ýa-da elde çekilen suraty hem bolýar. Kitaphana eýýäm sosial ulgamdaky sahypasynda pişikleriň okyjylar tarapyndan getiren şekillerini ýerleşdirip başlady.

Kitaphana diňe munuň bilen çäklenenok, bu ýerde okyjylaryň stresini peseltmek üçin pişikler bilen duşuşyklar hem guralýar.
25
89
senorita
18.03.2024 23:15
Hayatta bazi anlar vardir ki ne olmak istediğiniz yerde duruyorsunuzdur ne de gitmek istediğiniz yere doğru bir adim bile atacak haliniz vardir.
29
41
senorita
18.03.2024 15:47

🔸 Fransiýa dünýäde iň köp syýahatçy kabul edýän ýurtlaryň hatarynda 2023-nji ýylda 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Ýagny Fransiýa bir ýylyň dowamynda 89,4 mln syýahatçyny kabul etdi.


🔸 Tebigy baýlyklarynyň gory boýunça iň baý ülke bu Russiýa Federasiýasydyr, degişlilikde ABŞ we Saud Arabystan hem tebigy baýlyklara baý ülke hasaplanýar.


🔸 Dünýäde ýaşaýan milletleri ýa-da halklary owadanlyk boýunça deňeşdirenimizde ilkinji orunda hindiler durýar diýsek ýalňyşmarys. Hindiler dünýäde iň owadan halk diýlip hasaba alnandyr.


🔸 Dünýäniň iň owadan ýurtlarynyň onlugynda bolsa Italiýa, Fransiýa, Şwesariýa, Russiýa Federasiýasy, Täze Zelandiýa ýurtlary öňdäki orunlary eýeleýär.


🔸 Dünýä kartasynda ýitip ýok bolup giden döwletler bolsa Bitarap Morenset, Salo respublikasy, Ýugaslawiýa, Seýlon we beýleki ýurtlardyr.


🔸 Tebigy betbagtçylyklaryň az bolýan iň howpsuz ýurdy diýlip Islandiýa we täze Zelandiýa hasaba alnandyr.


🔸 Eýeleýän territoriýasy boýunça dünýäde ilkinji orunda Russiýa Federasiýasy durýar.

42
226
senorita
17.03.2024 23:14
Bir sũredir hep gitmek fikri var kafamda. Õyle alip başini kaybolmak degil, yakalanmak, bulunmak, kavuşmak hevesiyle gitmek... Bũyũmek, õğrenmek, anlamak için gitmek... Dõnmeyi dũşũnmeden ama dõnebilme ihtimalinin huzuruna da tutunarak gitmek...
27
40
senorita
17.03.2024 19:53
Bu soraga «kim» däl-de «näme?» diýip düzediş berjegiňiz seýrek däldir. «Boing» sözüniň aňladýan manysy biziň durmuşymyzda uçaryň görnüşi hökmünde girdi. Sebäbi laçyn nyşanly türkmen uçarlarynyň hem köpüsi ýokary amatlylykly 757, 737, 717 kysymly «Boing»-lerdir.

«Boing» amerikan uçar konserniniň ady bolup, şol konserniň öndüren uçarlary hem «Boing» diýip atlandyrylýar. Ýöne, bu sözüň adam ady bilen baglydygyny ýadymyzdan çykarmaly däldiris.

Eýsem, Boing kim?
Wilýam Boing (William Boeing (1881-1956)) amerikan awiakonstruktory we senagatçysydyr. Ol 1903-nji ýylda Ýel uniwersitetini tamamlaýar. 1916-njy ýylda özüniň ilkinji uçaryny ýasaýar hem-de «Pacific Aero Products» atly uçar şereketini esaslandyrýar. Birnäçe aý geçeninden soň şereketiň ady «Boeing Airplane Co» diýip üýtgedilýär. 1927-nji ýyla çenli Boingiň şereketi, esasan, harby uçarlary, şeýlede ýük daşaýan uçarlary ýasamaga ýöriteleşýär. 1934-nji ýylda Boing şereketiniň özüne degişli bölegini satýar hem-de çapylýan atlary köpeltmek bilen meşgullanýar. Boingiň uçara bolan söýgüsi, gyzyklanmasy ýok bolup gitmeýär, ikinji jahan urşy döwründe ol özüniň öňki uçar kärhanasynyň maslahatçysy bolýar. Bu kärhana «Boing-707» ýolagçy uçaryny döretmek baradaky taslamanyň üstünde işläp başlaýar.

Täze uçar 1954-nji ýylda doly taýýar bolýar. U.Boing öz kärhanasynda ýasalan ilkinji ýolagçy uçarynyň asmana galşyny görmäge ýetişýär. Häzir «Boing» uçarlarynyň dürli kysymlary öndürilýär. Olaryň birnäçesi dünýä rekordyny goýýar. Meselem, 1989-njy ýylda ulanyşa berlen «Boing-747» uçary dünýäde iň köp ýolagçy ýerleşýän uçar diýlip yglan edildi. Bu uçaryň ganatlarynyň gerimi 64,9 metre, uçuş uzaklygy 13340 kilometr aralyga deňdir. Oňa 566 ýolagçy ýerleşýär.
28
107
senorita
17.03.2024 16:22
Bu surat 1972-nji ýylda Demirgazyk Irlandiýada dũşũrildi.

Gyz iñlis goşunyna garşy sõweşde ýaralanan sõýgũlisiniñ ýaragy bilen duşmana tarap hereket edýãr.
Eline ýarag alan gyz helãk bolýança, ýaralanan sõýgũlisini sõweş meýdanyndan çykarýançalar penalap durýar.
Iñlis goşunynyñ serkerdesi õzleriniñ aýal maşgala bilen sõweşendiklerini bilip, õz esgerlerine onuñ jesedine degmezligi buýrupdyr. Irlandlara ony jaýlamaga rugsat beripdir.

Iñlis serkerdesi şeýle diýipdir:
« Biz aslynda, biz barada umuman pikir etmeýãn şa aýalyny goraýarys. Bu gyz bolsa, õzũniñ sõýgũlisini we ýerini gorady»

Bu suraty Demirgazyk Irlandiýada «Zenanlar gũni» ũçin saýlap alypdyrlar we şu sõzler ýazylypdyr:
«Durmuşyñyzy gũýçli zenan bilen başlamakdan gorkmañ. Wagty gelse, ol siziñ ýeke-tãk goşunyñyz bolup biler»
45
167